-
Tanyşlyk, dostlaşyk soýgi, goşgy, goşgylar, eserler, kitaplar, hekaýalar, ertekiler, klipler, aýdymlar, ýyldyzlar, soygi goshgy, programmalar, türk kino, vpn, turkmen vpn, ishleyan vpn, mugt vpn kod, gruppalar, turkmen kinolar, turkmen kitap, pdf kitap, t">
ÝALŇYŞLARYM DÜZEDER
ÝALŇYŞLARYM DÜZEDER
Kä ýüregim ýanar yşkda ot bolup,
Käte göwnüm ýalan söýüp, hez eder.
Şonda, meni halas etjek zat bolup,
Ýalňyşlarmy ýalňyşlarym düzeder.
Ýazgydymda ýeňillikler bolsada,
Kä kynlyklar göterimni ýüz eder.
Ýeke başa müň bir derdi salsada,
Ýalňyşlarmy ýalňyşlarym düzeder.
Içki dünýäm kä gül açar, bag bolup,
Käte aladalam baryn düz eder.
Şonda arka kakyp, arkadag bolup,
Ýalňyşlarmy ýalňyşlarym düzeder.
Uly ýalňyşlykdan çyksak başalyp,
Şeýle ýalňyşlyklar bizi biz eder.
Ýalňyşlykdan ders almagy başaryp,
Bilsek bizi ýalňyşlarmyz düzeder.
2020
Şatlyk ESENOW
Комментариев нет