Arym alan durmuş (hekaýa) #7
Hakykatdan hem haýady açan adamy görüp, başyma apy-tupan turdy.
(Aslynda obadan Begenjiň agasy gelmelidi. Ony öňem görmändim, toýdada-da görmedim.) "Şoldur" diýip, ýaşmagymy agzyma alanymam şoldy welin, haýady açan adamy görüp başyma apy tupan turdy. Dilim gurap, agzym kepedi. Işikde edil Begenje meňzeş oglan durdy. Begenjiň öýdeligini bilmesem Begenç öýderdim.
Edil şol wagtam gaýyn enem öýden çykyp, "Begenç jan, oglum! geldiňmi?" diýip, ony gujaklady. Öz ýanymdan: "O nähili?! Begenç öýdä" diýenimem şoldy welin, öýden Begenç çykyp kümä girip gitdi. Yzyndan ejesi "Daýanç oglum, ajygan bolsaň aşhana bar. Nahar bereýin" diýdi.
Menem doňňara daş ýaly bolup, bu ýagdaýa düşünmäne çalyşýardym. Özümi göni ýere berdim. Biri maňa ähli zady düşündirmese bolýan zatlara düşünmäne gurbatym çatjak däldi. Işikdäki oglan ýanyma gelenem şol, oňa üns berdim. Eliniň bir ýerinde haly bolmalydy. Gözüme şol hal düşdi. Ol meniň söýüp saýlan oglanym. Görüp:
-Begenç-diýip, ýüzüne gaharly hem öýkeli seretdim. Ýuwaşlyk bilenem- Nämeler bolýar?
+Läläm, meni bagyşla! Men beýle bolar öýtmedim. Meniň saňa bolan söýgüm çyndy. Ejem size gudaçylyga gidende, "Meniň üçin" diýipdi. Toýa bir aý galanda hem, maňa ähli zady aýtdylar. Meniň doganym lal, biz ekiz Läle! Ony öýerip bilmedik. Ejemem "Läläni Daýanja almasak, özümi kast ederin" diýdi. Hakykatdan hem kast etýärdi. Soňky demde ýetişdim. Bilýäň-ä sen meniň ejeme nähili baglydygymy.
Ýakasyna nädip ýapyşanymy bilmän galdym.
-Nämeee?! "Söýgüm çyndymy" diýdiň. Heý sizde söýmek agyrda dursun, özüňizden özgä zady söýmäge ýürek barmy?! Sen bir duranja namart, sözünde wadasynda hatda durmuşy üçin öz sözi ýöremeýän bihepbe. Senem maşgalaňam diňe özüni bilýän zannyýamanlar.
+Näme diýseňem, hakyn bar- diýip, elimi tutjak boldy. Elimi başga ýana serpip:
-Degme, degäýme utanyşsyz- diýip, ylgap, öz jaýyma girip gitdim.
Inniden soň durmuşym näme bolmalydy?! Oýlanybam jogabyn çözüp bilemak. Allanyp gelin edildim. Ýatsam, tursam kelläme beýle pikir bolanakdy. Aglamakdanam peýda ýok, diňe özüňi harlamak.
Ýagdaýy agyrrajyk bolsa-da derrew ejeme jaň etdim. Çagyrýar, çagyrýar... alanak. Öýe jaň etsemem şeýle, jogap berýän ýok. Edil şol wagtam gelinejem jaň etdi:
-Alo, gelneje tüýs wag...
-Alo, Läle! Kakaňy gyssagly hassahana ýerleşdirdik. Lukman "Ýagdaýy gaty agyr" diýýär. Ýetişdigiňden gel.
Bu habaram eştdip gözümden ot çykdy. Içimdäki harasat barha güýjeýärdi. Kakam göz öňüme geldi. Onuň köpden bäri saglyk ýagdaýy pesdi. Beýle bolsa-da bu habara garaşardan juda ir. Derrew hiç kime-de aýtman, Türkmenbaşa ugradym. Gelsem, kakamyň ýagdaýy juda agyr, öýdäkilerem öwerlikli däldi. Men derdimi aýtsam bular beter özlerini harlajakdy. "Ähli zat gowy" diýip, bildirtmemezlige çalyşdym.
Üç günden soň, gaýyn öýüm bir ýerlerden eştdipdirler. Gaýynym dagy gaýdypdyr. Olary görüp kakamyň ýagdaýyny görüp köşeşen ýaram täzeden duzlandy.
Hassahana gelip, öýdäkilerden hal ahwal soraşdylar. Baş saglygy diläp, meniň ýanyma gelip oturdylar. Gahardan gözlerim hanasyndan çykaýjak boldy. Birdenem ejeme gözüm düşdi. Ol zatdan habary bolmansoň, gözün alardyp seretýärdi. Ähli adamlaryň öňünde olaryň ýüzün alyp durmagam, gygyrmagam islemedim. Ýaşmagymam aýyrdym.
-Gyzym- diýip, Daýanjyň daýzasy gep goşdy. Sessizje inniki diýjek zatlaryny diňleýärdim. -Kakaňa-da "Baş saglygyn" dileýän. Sag aman araňyza sagat jany bilen barsyn.
Ýüzlerine gaharly seredip, pyşyrdap gürledim:
+Sizde muny dilemäne, ýürek bir barmy?
-Gyzym, senem bize düşün. Sen ýaly gyzy Daýanja alyp bermesek ol durmuşunda örän kösenjek.
+Menem şo-ol oturan aýalyň gyz-a. Menem biriniň çagasy
-Wah, bilý...
+Gaýrat ediň indem goh çykarmajak bolsaňyz, gidiň ýanymdan.
Sesin çykarman ýanymda oty:rdy.Gitjegem bolmady, ýene başga zadam.
-Görýäňmi, ählisi aladaly. Ählisi sag aman kakaň öýe sag gelenine garaşýar. Agaň yzynda "Däri-dermany" diýip, ylgaýar. Ejeň agtyklarym diýse-de, ýüregi gopgyndyr. Näçe ýyllyk bile ýaşan ýoldaşy. Ile dökmesede derdini, ýüzünden aňyp bolýar. Gelnejeňem diýseňem öýüň bütin ýüki şonuň üstünde. Gelen giden diýip, iş güýc diýip ýatuwam ýok. Sen inni şu aladalaryň ählisiniň üstüne nädip bulara dözüp aýdyp biljek. Sen öýe barman ýörseňem agyr soňy biliner.
Bu sözleri sessizje diňlemekden başga alaç ýokdy. Men ýene allaga salynýandygyma düşünýärdim. Şeýle bolsa-da hakykatdan hem, şol ýagdaýda hiç hili dert aýtmana ýagdaý ýokdy. Agam eştdäýse dagyny, goh turuzyp üstlerine giderdi. Bu artykmaçlyk, gohyň yzy näme barjagy belli däl.
Sesimi çykarman gaharly gözlerimi, gaýga süzdüm.
-Kakaň gowlansa gideýli, imisalalykda aýdarsyň. Kakaňam eştdip täzeden ýüreginden tutmasyn.
Bu zatlary nädip arkaýyn aýtýandyklaryna geň galýan. Günälerini bahalanap örtjek bolýarlar. Bir tarapdan boýun alsalar bir tarapdanam hiç kime bildirtmezlik üçin elinden gelenini etýärdi.
Mende-de hiç hili alaç ýok. Bu sözlere uýup, ýene şol tünege dolanmaly.
Gaýynym dagyny "Kakasy gowlanýança galsyn" diýip, menini goýup gitdiler.
Kakamam gün-günden ýagdaýy agyrlaşýardy. Lukman eýýäm bir hepde möhletini beripdi. Diýişi ýaly hem eziz kyblamy, jiger pendimi gara ýere duwladyk. Sylap gelen märeker bilen, ýedisini sowduk. Sowulandan soň hem märekeler gelip durdy. "Kyrkyna çenlä gidiber, täze gelin bolup bärde gezip ýörme. Il gün näme diýer. Çiledenem çykaňok" diýip, ejem gaýynlarym bilen menini şol zannyýamanlaryň öýüne ugratdy..
Dowamy bar

29комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.