Oguznama
BISMILLÄHIRRAHMANYRRAHYM
Türkmen halkynyň taryhçylary şeýle rowaýat edýärler. Nuh alaýhyssalam ýer şaryny perzentlerine paýlady. Gündogary, Türkmenistany we ol sebitleri uly ogly Ýafese berdi. Türkmenler Ýafese Uljaý han lakamyny berip, ol çarwaçylyk bilen meşgullanýardy. Onuň ýaýlag we gyşlagy Türkmenistan ýerlerinde ýerleşýärdi. Ýaýlagy Ynanç şähe-
riniň towereginde ýerleşýän Ärdag we Kerdag sebitlerindedi. Gyşlagy bolsa, Bursuk hem-de Garagurum ady bilen meşhur bolan Garagum sebitlerindedi. Bu iki ýerde Talas we Gärry (Kary) Saýram atly iki şäher bardy. Garry
Saýramyň kyrk dört derwezesi bolup, ol örän uly şäherdi. Häzir musulman türkiler ol ýerlerde ýaşaýarlar. Kusçy welaýatyna ýakyndyr. Uljaý han şol ýerde bolýardy. Onuň Düýp Beýgi (Ýawgu)1 atly bir ogly boldy. «Düýp» manysy
«Tagt we mertebe» diýmekdir. «Beýgi bolsa, «Döwlet ýolbaşçysy» diýmekdir. Ol örän atly patyşady. Onuň Gara han, Or han, Kör han, Ler han atly dört sany tanymal ogly bardy. Gara han atasynyň ýerine tagta çykyp, hökümdarlyk owsaryny eline aldy. Allatagalanyň permany
bilen ondan bagtyýarlyk we patyşalyk nyşanly bir ogul dünýä indi. Ol üç gije-gündizläp, enesiniň süýdüni emmedi. Enesi bu ahwalatdan gaýgy-gama batyp oturardy. Ol bir gije düýş gördi Düýşünde ogly oňa:
— Eger maňa öz süýdüňi emdirmegi isleýän bolsaň, onda ýeke-täk we taýsyz Hudaýa iman getirip, Taňrynyň şerigatyny kabul etgin - diýdi.
Ol üç gije-gündiz şu görnüşde düýş gördi. Soňra ärinden ýaşyryn, Allatagala iman getirdi. Elini asmana göterip, «Ylah-a! Men biçäräniň süýdüni bu ogul üçin şirin et!» diýip, doga etdi. Şondan soň ogly onuň süýdüni emmäge başlady. Bir ýyldan soň atasy ony görüp, owadanlygyna we jemalyna haýran bolup:
— Hergiz biziň kowum we urugymyzda munuň ýaly päkize we hupsurat ogul dogulmandy — diýdi. Ol çaga bir ýyldan soň, Isa kimin dil çykaryp, gürläp — Maňa Oguz Türkmen diýip at goýuň. Men mydama köşkde bolaryn - diýdi. Ony şol sebäpli Oguz Türkmen atlandyrdylar.
Oguz çagalyk zamanyndan kämillik ýaşyna ýetdi. Ol hemişe şükür we doga edip, Allatagalany ýat ederdi. Hemişe-de Hudaýyň keremi oňa inerdi. Edeplilikde, hünärde ok atmakda, at çapmakda, salyhatlylykda we medeniýetde dile düşüp, halk arasynda adygypdy. Atasy öz inisi Kör hanyň gyzyny oňa adaglap, öýe getirdi. Oguz ol gyzy hudaýparazlyga çagyrdy. Gyz onuň sözüni inkär etdi. Şonuň üçin ol onuň bilen söhbet tutman, oňa golaýlaşmazlygy ygtyýar etdi. Atasy ony görüp, beýleki bir inisi Ler hanyň gyzyny alyp berdi. Oguz ondan hem ol talab isledi. Ol hem inkär etdi. Oguz oňa hem üns bermedi
Atasy ýene ol haly görüp, kiçi gardaşy Or hanyň gyzyn
oňa alyp berdi. Oguz ondan hem musulman bolmagy
haýyş etdi. Gyz diýdi:
— Men saňa degişlidirin. Sen her ýola barsaň ardyňdan baryp, seniň emriňe boýun we tabyn bolar men. Oguz onuň bilen söhbet tutup, oňa mähir-muhabbeti peýda boldy, özge gyzlar oňa görübilmezçilik we bahylçylyk
edýärler.
Bir gün Oguz awa gidende, Gara han uly toý edip gelinlerini çagyrdy. Gara han nahar başynda aýtdy:
— Bu iki uly gelin görk we jemalda kiçi gelinde
ýagşyrak görünýär. Ýa, Rep! Oguz ne sebäpden ony bulardan köpräk söýýärkä?
Ol iki hatyn pursat araýardylar. Wagty ganymat kine we duşmançylyk ýüzünden diýdiler:
— Oguz bizi Hudaýa ündäp, musulmançylyga uýdy. Biz kabul etmedik. Bizden ýüzüni sowdy. Onuň bilen musulman bolanlygy üçin, oňa mähir we muhabbet peýda boldy. Gara han ol gyzy çagyrdy. Ondan bu haly sorady
ol inkär etdi. Gara han gaharlanyp, derrew garyndaş we uruglaryny häzir edip, olara diýdi:
— Oglum Oguz çagalyk zamanynda örän ýagşydy we özüne çekijidi. Indi eşidişime görä, ol öz ynanjyndyndan dönüp, özge Hudaýy tapynypdyr. Bu iş binamys we aýpdyr. Biz çaganyň bize we biziň Taňrylarymyza äsgermezlik etmegine we kemsitmegine çydam edip bilmeris. Geňeş bilen Oguzyň kasdyna çykdylar. Oguza
dertdeş we mährem bolan kiçi hatyny bu geňeşden häzir bolup, goňşularyndan bir hatyny Oguzyň gaşyna iberip
ony bu ýagdaýdan habarly etdi. Oguz ony eşidip, taýýar boldy.
Dogrusyny Allatagala bilýändir.
OGUZYŇ ATASY, AGALARY WE URUGLARY BILEN
SÖWEŞIP, ÜSTÜN ÇYKMAGY
Oguz awdan gaýdyp, öýüniň ýakynyna ýetdi. Atasynyň, agalarynyň we uruglarynyň ýyglyp, urşa taýýar bolup durandyklaryny gördi. Ol hem özüniň nöker we taýplaryny ýygyp, olar bilen söweşdi. Atasy Gara han Kör han we Ler han bilen bilelikde söweşde wepat boldular. Oguz ýeňip we üstün çykyp, olaryň ýerini eýeledi. Ýurtda
bäş ýyllap öz uruglary bilen söweşip, ahyry barçalaryny ýeňdi we tabyn etdi. Tä Garaguruma çenli ulus welaýatlary doly golastyna aldy. Galan uruglar ejiz we biçärelik ýüzünden oňa diýdiler:
— Biz barça seniň asyl we tohumyňdan bolarys. Biz
bir agajyň miwesi we bir köküň bölegidiris. Neçün bizi ýok etmekde tagalla baryny edýärsiň?!
Oguz diýdi:
— Eger siz Allatagala iman getirip, oňa ybadat etseňiz, men size aman berip, mekan tutmak üçin Türküstany size bereýin. Olar inkär etdiler. Oguz olary Garaguruma çenli kowdy. Olar ol ýere baryp, ol sähralarda ýaşap, ol ýerlerde
ýaýlag we gyşlag ýasadylar. Olar mydama derwüşlikden we binowalykdan gam-gussadadylar. Oguz olara «Muwdal at goýdy. Ýagny mydama gam-gussaly bolup, sada dil we biçäre bolup, it derisini geýgeý siz we mundan beýläk Türkmenistan welaýatyna girmegeý siz. Türkmenleriň garaýşy boýunça, gündogar tarapynda ýerleşen mogullar Or hanyň we Kör hanyň neslindendirler. Emma gelip çykyş ýagdaýlary hakykat ýüzünden mälim däldir. Oguz ýeňiş gazanandan soň, gaýdyp gelip, bir altyn öý dikip, onda tabynlaryna toý bermeklerini buýurdy. Oňa
medet we ýardam beren bir kowuma «Uýgur» at goýdy. Türkmen dili bilen Bize tabyn bolup, medet berdi diýmekdir. Olja alnan wagty oljalary ýüklemäge uiaglary bolman, araba ýasap, oljalaryny şoňa ýüklän bir kowuma
«KaňIy» (Kynykly) at goýdy. Ondan öň araba ýokdy. Talas we Saýramdan leşgerler ýyglyp, Oguzyň ýurduna gelip, köp adalatsyzlyklar edýärdiler. Oguz olaryň üstüne baryp, üstün çykyp, Talas we Saýramy şeýle-de Mawerennahr, Buhara we Köneürgenje çenli bar sebitleri tutup, öz golastyna girizdi. Jahany eýelemäge gitjek bolanda etraplarda we sebitlerde ýaşaýan öz urugiary bilen, özüniň öý-iline hüjüm etmezligi barada täzeden ähdi-peýman baglaşdy. Dogrusyny Allatagala bilýändir.
OGUZYŇ ÄLEM ETRAPLARYNA ILÇILER IBERIP JAHANY EÝELEMEK DAWASYNY ETMEGI
Oguz we uruglarynyň arasyndaky garşylyklar ylalaşyga we ýaraşyga öwrüldi. Onsoň Hindistana ilçiler iberip, ondan paç we mal isledi. Hindi ilaty we begzadalary kesgin, gödek jogaplar berdiler. Ilçiler gaýdyp gelip, Hindi
ilatynyň boýun towlaýandyklaryny Oguza beýan etdiler. Oguz hindileriň kasdyna atlanyp, ýola ugrady. Basyp alyş başlangyjyny gündogar tarapyndan başlap, Adudaş welaýatyna ýetdi. Niçe gün ol ýerde bolup, ondan Ykaryýa
bardy. Ol uly we berk galanyň we gämi ötüp bilmeýän bir derýanyft arasynda ýerleşýän bir dagdy. Oguz buýrugyna görä, sallary ýasap, onuň bilen derýadan ötdüler. Bu hile bilen Ykaryýany tutdular. Hindift gündogar tarapynda bir uly welaýat bardy. Patyşasyna Usyçy ogul Nugman han diýýärdiler. Ol Oguzyň ahwalyndan ägä bolup, oňa boýun
we tabyn boldy. Oguz onuft diýaryndan gaýdandan soňra, ol garşylyk görkezip, topalaň etdi. Oguz ony eşidip, gaýdyp gelip, ony tutdy we heläk etdi. Ondan ötdi. Haýsy welaýata ýetse, golastyna alyp, eýeläp geçýärdi. Bu hasap bilen tamam Çyn we Maçyn we Tengas diýaryny tutup,
basyp aldy. Ol ýerlerden köp mal we baýlyklar bilen öz welaýaty Türkmenistana dolanyp, Ärdag we Aladagda düşledi. Almalyk sebitinde Turkuýly dag we Boraganly dag atly iki sany başy belent dag bardy. «Boragan» we«Turkun»
bu daglarda bitýän iki sany otuft adydyr. Oguz ol ýere ýetip, ol ýerde on dört gün saklandy.
Ol sebitleriň patyşasy bolan YNAL HAN,Oguzyň
garşysyna leşger ýygyp geldi. Söweş edip, iki tarapdan köp kişi wepat boldy. Ähyry sekizinji gün gazaply söweş edip, Ynal hany tutup, öldürdi. Onuň hem mülküni eýeläp,
birnäçe wagt ol ýerde boldy. Soňra öz ýer-ýurduna dolandy. Atlary semränden soňra demirgazyk ýurtlary basyp almaga ýöriş etdiler. Ýolda emirler bilen geňeş edip, ilki Amyderýadan ötüp, soň barça welaýatlara ilçi ibermekligi, eger tabyn bolup, paç töleseler degmezligi, bolmasa-da söweş bilen basyp almaklygy karar etdiler. Ilki bilen Garjystan sebitine ilçi iberdi. Gur şasy ilçilere köp yzzat we hormat edip, tabynlyk kemerini biline baglady we Oguzyň hyzmatyna taýyn boldy. Ony görüp, tamam Gur we Garjystan welaýaty, Gazna, Zabul (häzirki Sistan) we Kabul etraplary il we tabyn bolup, paç bermekligi kabul etdiler. Ondan soň demirgazygy basyp almak üçin ýöriş etdiler. Ilki berk we beýik gala bolan Malugura ýetdiler. Onuň häkimine Pyraşyt (Kyraşyt) Ýagy diýýärdiler. Ol Oguz bilen söweş etdi. Oguz üstün çykyp, ol sebitleri eýeledi. Şol wagtda Oguz mähriban we rehimli bolany üçin uly we garry kişiler oňa «Oguz aga» diýýärdiler.
Ol Kerk we Başgyrt tarapyna sapar etmek kararyna geldi. Şonda müň öýli Oguzyň gaşynda jemlendiler. Olaryň arasynda garrylyk sebäpli, güýçden gaçan we urşa gidip bilmedik uly ýaşly garry kişiler hem bardy. Olar öz ahwallaryny Oguza beýan etdiler. Oguz diýdi:
— Barçaňyz munda, ýagny Almalyk sebitinde ýerleşen Akgaýada mesgen tutuň! Olaryň arasynda köpi gören, akylly we paýhasly bir garry kişi bardy. Onuň adyna Buýşy hoja Garasülük ogly diýýärdiler. Atasy ogluna diýdi:
— Siz bilmeýän ýoluňyza barýarsyňyz. Araňyzda bolsa, başyňyza bir müşgil iş düşende, ony çözüp biljek bir
dana garry kişi hem ýok. Meni öz ýanyňyzda saklaň. Bir gün derdiňize ýarar men.
Ogly diýdi:
— Eý, ata, Oguzyň aýdan sözüniň tersine niçik gideýin. Ahyry ony bir sandyga salyp, düýä ýükläp, özi bilen alyp gitdi. Kerk we Başgyrda ýetdiler. Olar bir zalym we mekir kowumdylar. Hergiz ulumsylyk we tekepbirlikden hiç bir patyşa baş egmeýärdiler. Patyşalarynyň ady Pyraşytdy. Ony tutdular. Kerk we Başgyrt il bolup,
paç tölemegi kabul etdiler. Ondan ötüp barýarkalar, bir sähra ýetdiler. Ol ýerde bir damja hem suw tapylmaýardy. Garasülük ol suwsuzlyk haly atasyna aýtdy. Buýşy hoja
diýdi:
— Birnäçe sygry biri-birine baglap, köp ýüwürdip, soňra ugruna goýberiň. Sygyrlar nirede durup, aýaklaryny ýere ursalar, şol ýeri gazyň. Ondan suw çykar. Garasülük şeýle edip, suw çykardy. Barça halaýyk şat boldular. Oguz ol işi görüp, oňa köp sowgatlar berip, ony il ýurtçysy etdi. Oguz «Biz jahany eýelemek üçin, älem etraplaryna barýarys. Ýer we ýurdumyz onda eýesiz galdy. Eger duşmantar gelip, öýlerimizi talasalar, gürrüňsiz, betnam we
betbagt bolarys. Nesýe umydynda nagty goldan bersek bolmaz» diýip oýlandy. Oguz ol sebäpden ýurduna dolandy we ol ýerde köp ymaratlar bina etdi. Wagtyny aýşy-eşret we näzi-nygmatlar bilen geçirýärdi.
Dogrusyny Allatagala bilýändir.
OGUZYŇ GYL BARAK KOWUMY BILEN URUŞ
ETMEGI
Gyl Barak garaňkylyk sebitinde ýerleşýän bir welaýatdy. Är kişileri garaýüzli we betgelşikdi. Hatynlary päkize we hupsuratdylar. Oguz olaryň ýakynyna ýetdi. Soňra «Köp ýurtlar we ýerler bize il we tabyn bolup, paç bermekligi kabul etdiler. Siz hem salgyt bermekligi kabul ediň. Bolmasa-da söweşe taýýar boluň!» diýip, dokuz kişini ilçilige iberdi. Olar ilçilere diýdiler:
— Eger siz dokuz kişi bolup, biziň iki kişimize garşy söweş edip bilseňiz, biz paç bermekligi kabul edip, size tabyn bolaly. Bolmasa öz ugruňyza gidiň. Ilçiler ol jedele ar edip we boýun towlap diýdiler:
— Biziň iki kişimiz siziň iki kişiňiz bilen söweş etsin. Olaryň adaty şeýledi. Iki howzy ak ýelim we gara ýelim suwy bilen doldurýardylar. Söweş wagtynda ilki ak ýelimli suwa girip-çykyp, guma agynap, soň gara ýelimli
suwa girip-çykyp, ýene guma agynaýardylar. Onsoň olara hiç ýarag zeper ýetirmezdi. Ahyry ol iki ilçi heläk bolup, ýedi kişi gaýdyp gelip, ýagdaýy Oguza beýan etdiler. Oguz derrew atlanyp, olaryň üstüne baryp, söweş etdi.
Duşmanlar üstün gelip, Oguz leşgerinden köp halaýygy öldürdiler. Galanlary bolsa pytradylar. Oguz söweş bilen olara bäs gelip bilmejekdigini gördi. Şol sebäpli yzyna gaýtdy. Bir derýa ýetdi. Ondan sal bilen ötöp, tamam gaçanlar ol ýerde jemlener ýaly, iki suw arasynda mekan
tutdy. Tötänden Oguzyň goşunyndan bir kişi baraklylaryň içine gaçyp, hatynlar arasynda gizlenipdi. Hatynlar ony görüp, jemalyna haýran bolup, geň galyp, ony It Baragyň hatynynyň gaşyna eltdiler. Hatyny onuň bilen jynsy gatnaşyk etmäge meýillendi. Şol sebäpden gaýybana Oguza aşyk bolup, ony ilçi edip, «Eger bu jemagata üstün çykmak hyýalyň bar bolsa, demirden tikenler ýasap, her kişi ýanlaryna bir owuç alsynlar. Uruş çagy olary ýere sepsinler. Öz atlarynyň aýaklaryna bolsa, demir tikenden zeper ýetmez ýaly, ýapyk nal ursunlar. Duşmanyňyzyň ýelim degmedik ýeri bolan ýüzüne, ok ýagdyryň! diýip, Oguza garşy ugratdy. Oguz bu haly eşidip, şady-horram boldy. Oguz on ýedi ýyllap ol ýerde bolup, hupsurat kişilerini olaryň hatynlarynyň ýanyna iberdi. Olar hatynlar bilen aýşy-eşret edişip, mätäçliklerini diläp alyp, leşger taýýarlygyny edýärdiler. Ol müddetde çagalar kämillik hetdine ýetip, Oguzyň ol ýerde dört ogly doguldy. Oguz leşgerinde bir hatyn göwrelidi. Äri uruşda wepat bolupdy. Dogurjak wagty gelip ýetdi. Ol töwerekde bir köwek agaç bardy. Hatyn ol agajyft arasyna baryp, dogurdy.Ogluny Oguzyň alnyna getirdiler. Oguz ýagdaýlary bilip, oňa «Gypjak» at goýdy. Ol at gybukdan gelip
çykandyr. Türkmen dili bilen ortasy çüýrän agaja «gybuk» /gabyk/ diýýärler. Barça gypjak kowumlary onuň neslindendirler. Oguz ol çäre bilen Gyl Baragy tutup, iki ýyl ol welaýatda mekan tutdy. Barça halaýygy öz golastyna girizip, olara engamlar etdi. Ol welaýatyň aladalaryndan dynyp, ol sebitiň golaýynda bolan zulmat welaýatyna ýöriş etdi.
Dogrusyny Allatagala bilýändir.
OGUZYŇ ZULMATA BARANYNYŇ WE OL ÝERIŇ ÝAGDAÝLARYNYŇ BEÝANY
Oguz garaňkylyga, ýagny zulmata ýetdi. Garaňkylyk sebäbinden oňa girmek örän kyndy. Geňeşdarlary we akyldarlary hernäçe geňeş etseler-de, peýda bermeýärdi. Garasülük atasynyň gaşyna baryp, ol müşgil işi oňa arz etdi. Atasy Buýşy hoja diýdi:
— Kürrelerini we taýçanaklaryny ýagtylykda baglap, dört sany taýçanakly gysraga we dokuz sany kürreli eşege münüp, zulmata girsinler. Maksadyňyz we matlabyňyz hasyl bolandan soň, yza dolanan wagtyňyzda ol gysraklar
we eşekler öz kürreleri üçin ýoluny ýalňyşman çykarlar.
Garasülük bu ýagdaýy Oguza beýan etdi. Bu pikir oňa makul görnüp, onuň tälimi bilen zulmata girdi. Üç gün ýol ýöredi. Birden sag tarapyndan Her kim bu zulmatdan bir zat alsalaram puşman ederler, almasalaram
puşman ederler diýen sesi eşitdiler. Käbir kişiler hiç zat almadylar. Käbirleri bolsa azrak zat aldylar. Ol zulmatdan çykdylar. Görseler alan zatlary tamam gymmat bahaly göwherler eken. Ol eden işlerinden zat alanlar we almadyklar tamam puşman etdiler. Buýşy hoja öz ogly Garasülüge diýdi:
— Leşgerimiz bu ýerden yza gaýtjak bolup durlar. Bu habar il we ýaga ýetendir. Maslahat şudur. Bu ýerden ýüz kişini salamatlyk we ýeňiş habarymyzy öý-ilimize eltmek üçin ibereliň. Goý, il we uruglarymyzyň barçasy şady-horram bolup, duşmanlarymyz gam-gussa batsynlar. Bu habarymyz has-da berk bolar ýaly elimize düşen barça hazynalary ol ýere ibereli.
Garasülük bu sözi Oguza aýtdy. Bu oňa makul görnüp, Garasülüge köp sowgatlar edip öz hususy haladyny hem oňa berdi. Ýüz arabaly kişini bu işe belläp, barça genji-hazynalary olar bilen iberdi.
Ol döwürde ýarlyg we nyşan ýerine ok-ýaý bilen altyn peýkam ulanylýardy. Oguz iki altyn oky öz ýaýy bilen ýarlyg nyşanasy üçin olara berdi. Ýolda, nirä ýetseler, olara azyk we bede berip, mynasyp hyzmatlar we hormatlar edýärdiler. Oguz olary iberenden soň ol ýerde
ýedi günläp mekan tutdy. Soňra göç edip, Derbendi Şudut tarapa rowana boldy. Ol Derbendiň ilaty we ýaşaýjylary garakçydylar. Olar leşgerleriň atlaryny tamam ogürladylar.
Oguz Garasülügi ýanyna çagyryp diýdi:
— Biziň bü düşen ýerimiz örän (iar we erbet ýer
eken. Bu ýeriň ogrusy hem köp eken. Buiaryň çäresini neneňsi tapaiys? Garasülük ol işiň alajyiiý atasyndan sorady. Ol diýdi:
— Abadan bolan Derbendiň dört ýanyndan çozup, talap, haraplyk etmek gerek.
Garasülük bu sözi Öguza diýdi. Oguz onuň diýen işini berjaý edip, welaýatlary dört ýanyndan haraplap, gyrgynçylyga we talaňçylyga başlady. Ýazdan tomusa çenli onda mekan tutup, ol işi ýerine ýetirýärdiler. Derbenit halaýygy ol haly görüp, ejiz we perişan bolup, biri-biri bilen jemlenşip, maslahat etdiler. Dokuz at peşgeş bilen Oguzyň hyzmatyna gelip, boýun we tabyn boldular. Oguz olary görüp, diýdi:
— Neçün biziň bu ýere gelenimiz bäri niçe wagtlap bize tabyn bolman, boýun towladyňyz? Olar jogap berdiler:
— Aramyzda köp diwana we akyl kişiler bardyr. Bu wagta çenlr diwanalaryň sözüni amal edipdik. Erbet iş edendigimizi bildik. Indi akylly kişiler bize nesihat berenlerinden soň, tabynlyk we bendelik kemerini biiimize baglap, hyzmatyňyza geldik.
Oguz diýdi:
— Siz öz günäleriňizi bildiňiz. Men hem siziň gunäleriňizi ötüp, barçaňyzy bagyşladym. Emma iki sany at ogurlap äkitdiňiz. Ol ata meniň meýlim köpdi. Eger ol atlary tapyp getirmeseňiz, biriňizi hem diri goýmaz men.
Olar äkiden atlaryny tamam getirdiler. Emma aralarynda ol iki at ýokdy. Oguzyň meýli ol iki atdady. Ýene olara köp syýasatlar etdi. Olar bir aý möhlet diläp, welaýatlara kişiler iberdiler. Ol atlary tapyp, Oguzyň hyzmatyna getirdiler. 01 hoşal bolup, olara köp enaýat we mähri-
banlyklar etdi. Raýaty goramak we hasyl toplamak üçin emeldarlar belläp, olara hoş sözler we göwünlikler berdi.
Dogrusyny Allatagala bilýändir.
XVI asyr türkmen alymy
Salar Baba Gulaly ogly Salar Harydary

6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.