Arym alan durmuş (hekaýa) #5

+Läle- diýip, adymy tutmasyndan, birzadyň bolanlygyny aňdym.
-Dur, demiňe dürse. Näme boldy?
+Läläm, garaşylan günümiz geldi.
-Açyk aýtsana, näme boldy?
+Öýdäkilere aýtdym, ertirki dynç günde size barjaklar.
Dogurdanam, köpden bäri şu güne garaşypdyk. Gelnejemem öňden ähli zady bilensoň arkaýyn, ertir geljekdiklerini aýtdym. Olam "Gelibersinler! ejeňe-de, agaňa-da özüm aýdaryn" diýip, razylyk berdi. Habary göni telefonda garaşyp duran Begenje ýetirdim...
...Garaşylan gün geldi. Köplük bolup Begenjiň ejesi, daýzadyr, ýeňňeleri geldiler. Öýdäkilerem habarly bolansoňlar, sözlerin ýykyp durmadylar. Guda bolundy.
Toý aladasy başlady. Inni öňküsi ýaly, Begenç bilen habarlaşmana elimem ýetenakdy. Olam "Öýümiziň daşy içini abatlaýarys, elim ýetenak" diýip, kän bir jaň edip barmazdy. Toýa bäş gün galanda Begenç jaň etdi. Alyp:
-Alo- diýenimem şoldy welin,
+Bagyşla janym...
-Bagyşlamy?! Näme üçin, saglykmy?
+Mmmmm...- diýip, pikire batyp durdy.
-Gürlesene, näme boldy?
+Aý ýöne diýäýdim
-Ýöne ýere adam bagyşla diýenoga.
+Janym, geleňde gowy düşündireýin.
-Ýok, şuwagt düşündir. Näme üçin bagyşlamaly?.
Aňyrdan güpür-tapyrdylap, biri Begenji çagyrýardy. "Gyssagly gel bol" diýip, gününe goýmady. Begenjem:
+Bolýar, Läle soň gürleşip bilsem gürleşeris ýogsam toýda görüşeris-diýip, meniň hoşlaşmagyma-da garaşman öçürip göýberdi.
Men "Bagyşla" sözüne gorkyp başlasam-da, "Geleňde düşündirerin" diýmesi içimi rahatlatýardy.
Bäş günem toý aladalary bilen geçip gitdi. Uz lybasly keteni köýnegimi geýip, beýleki gyzlardan saýlanypdym. Käbämem alnymdan öpüp, patasyny beripdi. Märekedir-myhmanlar esasanam men gelinalyjynyñ gelerine garaşýan. "Gelinalyjy gelýär" diýip, jigim buşlanda, ýüregim agzymdan çykaýjak bolýar. Şatlykdanmy, gaýgydanmy?! hiç hili şol duýga düşünip bilmedim.
Gülzar ýanyma gelip, Begenjiň jaň edip durandygyny aýtdy. Özem bir gezek däl, ep-esli jaň edipdir. Hatda şol wagtam jaň edip dur. Bägül bu ýagdaýy oýna salyp, "Begençdir-dä, görüp otyrsaň bol basymrak mün maşyna, maşynyň içinde otyryp ýadadym" diýip jaň etýàndir, diýmesi birazyrak bolsa-da içimi ýeňletdi. Sebäbi şol wagta gaýgy hasratdan içim ot alyp barýardy. Begenjiň ýeňňelerine "Alyp gitmäň meni" diýip, möňňürip aglasym gelýärdi.
Kürtäni başyma atyp, gelinalyjy maşyna mündürdiler. Maşynda Begenç oturan eken. Ýöne näme üçindir maňa gep goşaýanak. Ýaňy zol-zol jaň etýän oglan, hiç zat bolmadyk ýaly bolup otyr. Gelinalyjy ugrap, öýümizden daşlaşdyk. Näçe uzak daşlaşdykça, şonça-da içim gysyp aglaýardym. Esasy içimi iýýän zadam, aglap oturmamy görse-de, Begenç koşeşdiriji söz aýdaýyn diýenokdy. Ondana geçipdiris, asyl-ha habaram atanokdy. Şol bolşy, hamala ýedi ýat biriniň ýanynda oturan ýaly.
Şol bolup gidişimeze-de, Balkanabada geldik. Köp jübütde bolşy ýaly surat üçinem, aýlanmak üçinem hiç ýere barmadyk. Gelinalyjy göni Begençleriň öýüne bardy. Bu ýagdaýa men sesim çykarmany gelşiksiz gördüm, sebäbi maşynyň öňünde adatdaky ýaly ýigit ýeňňe otyrdy.
Däp boýunça menini garşy aldylar. Soňam gijeki toýa taýynlyk görüp başladyk. Wagtam boldy, gijeki toýam başlady. Uly-kiçi märeke bary üýşüpdir. Begenjiň dostlaram arasynda gelip, bizi tansa goşýar. Tansda-da Begenç meniň ýanymda bolup, bile tans oýnamady. Hökman dostlarynyň toparyna girip, oýnaýardy. Bu ýagdaý diýseň meni kemsindirýärdi. Iň esasy erbet bolan ýerim hem, biz iller ýaly süýjülik tortyny kesmedik. Gülzar sebäbini ýigitýeňňesinde soranda hem, "Oglanyň özi gyza aýtmagy ýatdan çykarandyr" diýip, göýberipdir. Begenje özüm aýtsam hem, hiç hili menini diňlemedi.
Toýdan soňky "Guşak çözdürme" däp dessurynam şatlyk şowalaň bilen sowdyk. Menini Begenjiň jaýyna saldylar. Sabyrly bolup garaşyp otyrdym. Ne gelýän bar, ne gitýän. Sagat dört boldy. Hiç kimem gelenok. Bir gyrada kürtämiñ aşagynda ýatyp galdym.
Äpişgeden düşýän ýagtylyk bilen, säher gözümi açypdyryn. Begenjem gije hiç hili gelmändir. Bolýan zatlara bir tarapdan akyl ýetirmäne çalyşsam, birtarapdanam inniki boljak däp dessurlary alada etýärdim. Eger öýdäkiler Begenjiň gelmedigini bilmeýän bolsalar, ne gözel adym garalanjak. Gaýgy edip, gaýgy edip günortan boldy. Ne "Turdyňmy" diýip, soramana adam geldi ne-de salamlaşdyrmak üçin alyp gitmäne adam...

Dowamy bar

Awtory: Babaýewa Safiýa (Xyivenia)
12 лайков 639 просмотров
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
nurana syhyyewa
15 июн 2021, 17:59
Yzyny goyayda hayyst
aymyrat
15 июн 2021, 18:06
Gaty gyzykly dowamyny hazir goyay hayys
S❤
Автор 15 июн 2021, 18:08
Ýetişdigimden goýaryn hökman
Ogulşirin Bayramowa
15 июн 2021, 18:24
Agy goy yzyny basymrak
nurana syhyyewa
15 июн 2021, 18:40
Xyivenia_babayeva.,
sabyrsyzlyk bilen garasyan
Halima_Oraztaganova
15 июн 2021, 21:42
Garaşyass dovamy❤❤❤
Myrat
15 июн 2021, 23:55
[b]Xyivenia_babayeva.,
Dowamyny goyayynda hayys
S❤
Автор 16 июн 2021, 01:40
Bolyar. Yetişdigimden iň gysga wagtda.
Ärsarynyñ gyzy
16 июн 2021, 08:24
Gysga wagtda dowamyna garasyas!!!
Ärsarynyñ gyzy
16 июн 2021, 08:25
Tizrak!!!
Maksat
17 июн 2021, 18:27
@Zalymm ban
S❤
Автор 17 июн 2021, 18:59
Abaddon,

Hmm, bolyar
Talypcy_2021
18 июн 2021, 16:40
Xyivenia_babayeva.,
amyñy iýpsyn jelep boka gerekmejek
Talypcy_2021
18 июн 2021, 16:44
Abadok ejen sikeyn cuma ban ediwer bar guyjin ban edmane yetyada
Talypcy_2021
18 июн 2021, 16:52
Ärym alan diysen bolyara guskelle jelep birtopar musurlar

by Gray_wolf