OŇAT YNSAN ÜÇIN BIR ZATLAR ÝAZDYM...

Bir surat bar gözlerimiň öňünde:
Baýdak ýaly pasyrdap dur bir gelin.
Men özümi seýrek duýdum arkaýyn,
Şolaň birem: şol geline syr berip,
Guýa zyňan ýaly boldum syrlarmy
(Şükür, hälem barlygyna şeýleleň!
Şuny bilýän: adam, hem-ä ynansa,
Hemem çyndan ynanylsa beýgeler!).

Lezzetini duýup bilýän gürrüňiň,
Hem bir süýji ýakym dolýar göwnüme.
Onsoň ap-arkaýyn içim dökýän-de,
Arasynda goýberäýýän öwnübem. :)

Kişiň ykbalyna parhly seretmek
bagty ýetdiribem duranok hemmä.
Şu bagtyň eýesi bolany üçin
Biz üýşüp guwanýas @Ladybug ýeňňä. ;)
15 лайков 987 просмотров
132комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
05 июн 2022, 18:23
Berekella!
Hiayress
05 июн 2022, 18:24
Gowy bolupdyr, gelnejänä begendirip bilipsiň. :)) (Kitapçydan habar ýokmy?!)
Pegas
Автор 05 июн 2022, 18:24
Hiayress
Gowy bolupdyr, gelnejänä begendirip bilipsiň. :)) (Kitapçydan habar ýokmy?!)

Eli öçük. Gijräk ýene bir aýlap görjek.
Suleyman
05 июн 2022, 18:25
Nähili ýakynlygyň bolaýanda-da beýdip goşgy goşaýmarsyňa biriniň gelnine
Pegas
Автор 05 июн 2022, 18:27
Dark_Wolf
Nähili ýakynlygyň bolaýanda-da beýdip goşgy goşaýmarsyňa biriniň gelnine

Edil şu goşgudaky ýaly edep saklanyp ýazylsa, meňem gelnime ýazybersinler goşgy.
Öwreniji
05 июн 2022, 18:31
Goşgy örän gowy bolupdyr, ýöne kimdir biri öz gelniňe şeýdip goşgy düzse, öňem oňuşman ýren bolsaňa onda aýrylyşybermeli.
Suleyman
05 июн 2022, 18:32
Sen gelniňde iliň syry näme işleýär. Beýdip "syr halta" bolup ýörmegiň özi edeplilik däl-ä.
Hiayress
05 июн 2022, 18:34
Şu gelneje dostlukdaky @suey agzara däldir?! ?
Öwreniji
05 июн 2022, 18:34
Goşgyny gaýtadan okadygymça okasym gelýä, beýle goşgy başgada şeýle gelinlere aýtsaň bolýa, ýerine düşüpdir
Pegas
Автор 05 июн 2022, 18:36
Adamlar, gaty görmäň gödegrägem bolsa welin, siziň bu akylyňyza eýgerjek biri bolsadym, owalyndan ýazmazdym bu goşgyny. Goşgyny siz öz gözüňizde çylşyrymlaşdyrýaňyz şu wagt. Sadaja niýet: gepim-sözüm alyşan adamymyň goşga goýýan sarpasyny göz öňünde tutup, biraz göwni galkynsyn diýip ýazdym muny.
Suleyman
05 июн 2022, 18:36
Lezzetini duýup bilýän gürrüňiň,
Hem bir süýji ýakym dolýar göwnüme.


- men esasam, şu ýerlerine urgy berdim. Haýsy gürrüňlerden lezzet duýulýanyny bilmeýän bolmagymam mümkin ýöne.
Suleyman
05 июн 2022, 18:40
Pegas,
Adamlar dogry düşündi druk. Goldaýan känä ine.
Pegas
Автор 05 июн 2022, 18:40
Dark_Wolf
Lezzetini duýup bilýän gürrüňiň,
Hem bir süýji ýakym dolýar göwnüme.


- men esasam, şu ýerlerine urgy berdim. Haýsy gürrüňlerden lezzet duýulýanyny bilmeýän bolmagymam mümkin ýöne.

Düşünilmek, diňlenilmek lezzeti.
Öwreniji
05 июн 2022, 18:41
Pegas
Adamlar, gaty görmäň gödegrägem bolsa welin, siziň bu akylyňyza eýgerjek biri bolsadym, owalyndan ýazmazdym bu goşgyny. Goşgyny siz öz gözüňizde çylşyrymlaşdyrýaňyz şu wagt. Sadaja niýet: gepim-sözüm alyşan adamymyň goşga goýýan sarpasyny göz öňünde tutup, biraz göwni galkynsyn diýip ýazdym muny.

Ah kakaýa ženşina, diýip bir aýdym bara şolam başga bir geline aýdypdyr , Seýdiniň owadan gelin goşgusy bar aý beýle goşgy haýsy şahyrda ýok, ýazybersene, esasy gowy çyksyn
Pegas
Автор 05 июн 2022, 18:41
Hiayress
Şu gelneje dostlukdaky @suey agzara däldir?! ?

Juk, ol däl.
Hiayress
05 июн 2022, 18:42
"Biz üýşüp guwanýas @Ladybug ýeňňä. ;)"

Ýöne şu ýerde üýşmeleňe girýänler kimkä?! Birhili ilki şahyryň bir adama bolan hormatyndan, buýsanjyndan söz açýarda, soňunda köpçülige ýazyp gidýär. ))
Pegas
Автор 05 июн 2022, 18:45
Hiayress
"Biz üýşüp guwanýas @Ladybug ýeňňä. ;)"

Ýöne şu ýerde üýşmeleňe girýänler kimkä?! Birhili ilki şahyryň bir adama bolan hormatyndan, buýsanjyndan söz açýarda, soňunda köpçülige ýazyp gidýär. ))

Şol gelnejäň öz krugy bar şu ýerde, şony göz öňünde tutdum)
Ýöne kemem bolmandyr şol, "ýeke özüm guwanýan" diýen bolsam, woobşe başga gürrüňler tapyljak eken))
Maksat
05 июн 2022, 18:47
Örän oňat.
Öwreniji
05 июн 2022, 18:52
Pegas
Hiayress
"Biz üýşüp guwanýas @Ladybug ýeňňä. ;)"

Ýöne şu ýerde üýşmeleňe girýänler kimkä?! Birhili ilki şahyryň bir adama bolan hormatyndan, buýsanjyndan söz açýarda, soňunda köpçülige ýazyp gidýär. ))

Şol gelnejäň öz krugy bar şu ýerde, şony göz öňünde tutdum)
Ýöne kemem bolmandyr şol, "ýeke özüm guwanýan" diýen bolsam, woobşe başga gürrüňler tapyljak eken))

Hakyky
Ladybug
05 июн 2022, 19:23
Gosgy gaty gowy bolupdyr,Pegas kop minnetdar. Yokarky teswir yazan agzalara umumylykda berjek jogabym: men yas boyunca awtordan has kici,men agam yaly adam ol. 2nji bir gosgy ucin yykyljak masgalam yok hudaya sukur,binyady berk,soygiden,sylagdan gurlan. 3njiden men sahsym hakda gurlemage sizin hakynyz yok,4njiden bu ceper doredijilik,sahyryn oz ceperlesdirmesi esasynda yazylan zat... Yene aydara zat kan,yone goyayyn inni
Bahara
05 июн 2022, 19:40
Ladybug,
Uns berme doganjygym olara. Esasy zat ozunizi biliñ
Lillipop
Lillipop
05 июн 2022, 19:44
Men teswirimi kim nm un pozdy
Pegas
Автор 05 июн 2022, 19:47
Lillipop
Men teswirimi kim nm un pozdy

Men pozdum. Zenan üçin gödek sözleriň bolanlygy üçin.
Lillipop
Lillipop
05 июн 2022, 19:48
Pegas,
Zenan un godek dal ol teswir. Turkmenin aýtgysyny yazdym, hemem sende gunan yoklugyny.
Pegas
Автор 05 июн 2022, 19:49
Lillipop
Pegas,
Zenan un godek dal ol teswir. Turkmenin aýtgysyny yazdym, hemem sende gunan yoklugyny.

Beýle aýtgy bu mowzukda ýerliksiz.
Lillipop
Lillipop
05 июн 2022, 19:51
Pegas,
Borda, yerine dusen teswirdi ozi.
Lillipop
Lillipop
05 июн 2022, 19:52
Pegas,
Sendede Kerim Hallyň hasiyetleri bar eken.
Pegas
Автор 05 июн 2022, 19:55
Lillipop
Pegas,
Sendede Kerim Hallyň hasiyetleri bar eken.

Kerim Hallyny bilemok, ýöne bir adamyň göwnüni götermek üçin ýazylan zada şeýle gödek zatlary ýazmak, ahlaksyzlygy ýöňkemek näderejede dogry siziňçe???
"Bir göwni ýykmak Käbäni ýykan ýalydyr" diýmeýärlermi?! Näme üçin hoş söz diýip bolýan wagty göwnedegiji sözleri saýlaýanyňyza düşünemok.
Ladybug
05 июн 2022, 19:56
Lillipop,
Turkmenin o aytgylaryny ozunizde,akyldan doly kellanizde saklawerin. Ak zada nace gara diysenem ol barybir aklygyna galar.
Pegas
Автор 05 июн 2022, 19:58
Iň gaharymy getirýän zadam - şu goşgyň bagyşlanan agzasy @Ladybug'a has belet agzalar bar, şolaryň seslerini çykarman oturşy.
Bor-laý, niýetiňiz ýoldaşyňyz bolsun! Ýöne, biliň, goşguda hiç hili ýaman niýet, kesä çekerlik sözler ýok. Buz üstünde tozan aramak bolýar munyňyz, akylly-başly agzalar!