********
Hünärli adamlarda öz nebisleri üçin käbir ýalňyşlyklary göýberýärler. Birnäçe ýyl mundan öň etrabyň çäginde ýerleşýän diş lukmanynyň ýanyna bardym. Ol meniň dişimi bejermelimi ýada düýbinden sogurmalydygyny anyklamazdan, meniň nirde, näme hünär we nähili wezipe bilen işleýändigimi sorady. (mümkin meni wezipeli adam gören bolmagyda mümkin ýa intilligent biri) Ýagny, menden nähili girdeji aljagy barada pikirlenen bolmaly. Onuň esasy maksady meniň dişim däldi, jübisine geljek pul möçberi gyzyklandyrýardy. Dogry, men azar çekýänim hakykat, ýöne netijede ol menden hiç zat alyp bilmedi, menem gaharyma çykyp başga bir diş lukmanyna ýüz tutdym. Ol lukman elbetde güler ýüzli garşy aldy we ähli hyzmatlaryny bitirdi. Mylaýym gürleşdi, dişiň nähili ýagdaýda ejir çekýänligini we nädip gorap saklamalydygy barada maslahat berdi, Hem-de gerekli däri-dermanlaryňda bahasyny goşup, dişimi sogurup belli töleg bahasynyda alyp galdy. Asyl görüp otursam, ilki ýüz tutan lukmanym öz işine ussat bolsada, adamyň wezipesine baha berýän ekeni, beýleki bolsa ol diýen işine ökdelik bolmasada, ýüz tutup gelen müşderini kanagatlandyrmany başarýan eken. Elbetde "ýagşy söz ýylany hininden çykarar" diýleni adama özüňçe baha bermän, adamyň islegine görä özüňe çekmeklik gerek. Bu ýeke mende däl ähli kişide bolup geçýär. Şeýle ýagdaýlarda belki, birinji lukmana ýüz tutanyňda öwgisini ýetirip soň, arzyňy aýtsaň, onda wezipe we nirde işleýändigim geregem bolup durmazdy we dişimi sogurman bejeribem göýbererdi, Ýogsada diş otuz iki sany ýenede ýolumyz düşmegi mümkin, şonuň üçin ýüz tutmaklyk hiç bir kişä nesip etmesin. Özüňizi goraň ildeşler!
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.