"Tik-Tok"

Türkmeniň mukaddes saýýan namysyn,
0n epläp üstünden ädäýdiň "TIK-TOK".
Unutdyryp gerçek ýigitleň jynsyn,
Arly gyzlarmyzy nädäýdiň "TIK-TOK".

Süýji dilli gyzlaň agzynda "kalýan",
Ownan ýigitleriň üstünden gülýäň.
Bizi nädip beýle täsire salýaň,
Adamy sygyrdek idäýdiň "TIK-TOK".

A how sizde kaka, dogan bir barmy,
Ýa olaram "gyzym öldi" diý:p ýörmi?
Ýa gulagy kermi, gözleri körmi,
Şol soragdan halys ýadaýdym "TIK-TOK".

Dostyň oýnatgydyr, Şeýtandyr ýaryň,
Barha däliredip barýar humaryň,
Peýdaňam kän welin, goja ýer şaryň,
Paýhasly geljegin gädäýdiň "TIK-TOK".

Kerim HALLY
1 лайков 134 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
05 июн 2022, 22:19
Şu goşgyda gönüden göni, terbiýä çagyrýan şekilde köp, ene atalaram pazorlan ýaly göwnüme, a şeýle klibini göremde ýerne düşen ekeni diýipdim, okasaň bir hili gödeklik bar ýaly görýän