PORTRET
Mekdepde hemme zat üýtgedi, ýöne şu komissiýa diýilýäniñ arak bilen börekden doýup gitmesi, direktora towuk ütdürmesi üýtgemedi. Ömür kartalary bilen başagaý bolup ýören jugrafiýa mollumy Almämmet aganam aljyradan şol komissiýa boldy. Nämemiş, jugrafiýa kabinetinde serdaryñ suraty ýokmuş. Ýogsa okuw ýylam soñlanyp barýady...
Komissiýa gelip gidenden soñ geçirilen maslahatda-da bar gürrüñ şol surat hakynda boldy. Ilki okuw bölüminiñ müdiri çykyp gürläp, “Prezident burçlarynyñ” döredilişindäki düýpli kemçilikler, kasam aýtdyrylyşykdaky sowuk-salalyklar, prezidente wepalylyk kasamynyñ çagalaryñ watançylyk terbiýesinde oýnaýan roly, mekdebiñ kem-käsini düzetmek, bejermek üçin okuwçylardan pul ýygnamagyñ barşy hakynda “möhüm pikirlerini” aýtdy. Geçen hepde telegörüşden gelip, kasam pursatyndan reportaž taýýarlamakçy bolanlarynda, mollumlaryñ gapysyny gulplap oturandygy, gapysy açyk galan bir mollumyñ bolsa, okuwçylaryña kasam aýtdyrdaý diýen haýyşa öp-gökden gelip: “Men onsoñ goñşularymyñ ýüzüne nädip seredeýin, ile nädip çykaýyn?” diýip ala-galmagal turzandygy, habarçy görgülilere dagam “Göteriliñ-aýt sizem, bar işiñiz gargyşly kasam bolsa” diýip gygyrandygy barada-da gürrüñ boldy. Hemişeler ýygnak bolanda şunuñ ýaly ilki aýdylan “möhüm pikirleri” ol hem beýlekiräk görnüşde gaýtalamak hem tassyklamak bilen iş tamam bolardy. Emma bu gezek beýle bolmady. Okuwçylardan mekdep binasy üçin pul ýygnamagyñ barha kyn düşýändigi, ene-atalarda halys pul ýokdugy, käbir çagalaryñ aýakgapsyz bolup, okuwa gatnap bilmeýänligi, käbirleriniñ açlykdan essi aýylyp, partadan ýykylýanlygy hakynda zeýrençlerem bolmady. Muña bir sebäbem “Gurbaga” lakamyny alan direktoryñ iş ahyryna çenli içere zat tapmanlygy, komissiýadan soñ jübüsiniñem, kabinetdäki demir sandygynyñam tañkyrap galanlygy boldy. Ol gaharyny birinden çykarjak bolup, edebiýat kabinetiniñ eýesini ýerinden turzup, tagtanyñ üstünden serdaryñ däl-de, Magtymgulynyñ suratyny asanlygy üçin igenip başlady. Derhal Magtymgulyny yza, serdary öñe, okuwçylyryñ ýazzy mañlaýyna geçirmegi talap etdi. Ozalam bir prokuroryñ ikilikçi ogluna gowy baha goý diýeni üçin direktor bilen dikleşip alan edebiýatçy özüni ýanalyp başlanan hasap etdi we birden gyzdy: “Syýasy kabinet däl ol, edebiýat kabineti, edebiýat kabinetinde tör Magtymgulyñky bolmaly” diýdi.
“Goşgy ýazýanyñ idilisi bolmaz, sag dälsiñ senem, ýogsa aýdylýan gepe düşünerdiñ” diýip, kommissiýa agzalaryny doýurmak üçin towuk baryny ütenine jany ýanyp duran direktoram gazaba mündi. Goşgy ýazýanyna buýsanyp ýören edebiýatça bu gürrüñ gaty ýokuş degen borly, ol edil oduñ üstüne ýag guýlan ýaly lowlap galaýdy: “Şuññaly gepi aýdybam oturmañ, barybir düşmen, “Gaýrat” medaly gerekgäl maña” diýip, ozal duýdurmanmydym eýsem? Onsoñam men para alamok, prokurorlyk işim çykmaz! Ýene bir ikilikçiden sud-prokuror ýasalsyn diýseñiz, özüñiz goýuberiñ bäşligi. Bir tamdyr çörek bilen seçekli gyñaja attestaty dörtlük-bäşlikden gözeýän mollum däl men. 8-nji martda okuwçylara pul ýygnadyp, ponbarht geýýänlere, gyzyl dakynýanlara diý o hili ýumşuñy!..”
Ol ikisini zordan, teý ahyr bolmansoñ, bärde otursa, gyzgynyna bar aýbymyzy açjak diýip, edebiýat mugallymyny öýüne ugradyp araladylar. Emma direktor munuñ bilenem köşeşmedi. Nirede bir pakyr, çaga basan jugrafiýa mugallymynyñ üstünden dökülip ugrady. “Kartalaññy ýok et-de, serdaryñ doglan, önüp-ösen, okan, işlän, saparda bolan ýerleriniñ kartasyny çekdir, tagtañ ýokarsyndanam ullakan portretini as! Portret üçin bir gün möhlet berýän, beýleki diýenlerimi etmek üçinem bir hepde ýeterlik, baryp göremde hemme zat ýerbe-er bolmasa gaty görme!” diýdi.
Ertesi Almämmet aga eli ullakan suratly klasma-klas aýlanyp, “Şuña bor ýaly çarçuwañyz ýokmy?” diýip sorap çykdy. Hany öñki bol okuw esbaplary? Her kim ýöne egnini gysaýýar. Garry mollum soñ özündäki kiçiräk çarçuwany eline alyp aýlandy. “Bolmasa şuña çalşaýyñ, maña berlen surat gaty ullakan, gaýrat ediñ! Gidip satyn alaýyn diýsem, iki aý bäri aýlygam berlenok” diýdi. Emma hiç kimde ullakan çarçuwa tapylmady.
Belki, bu waka şunlugyna galsa-da galardy. Direktoram indiki komissiýa gelýänçä klas otaglaryny barlap ýörmezdi. Birküç sany attestat satardy, beýleki ederdi, garaz, köşeşerdi. Ýöne bir ýeñles tapyldy-da, işden gaýdyp barýan garry mollumyñ yzyndan: “Nätdiñ, çarçuwa tapdyñmy?” diýip gygyraýdy. Garry mollum yzyna öwrüldi-de, lapykeçlik bilen, üýtgeşik zat aýdýandyryn öýtmän: “Suratdakyñ göwher ýüzükli elini görmeselerm bor diýip, bilden aşagyny kesip, operasiýa edäýdik biz-ä” diýdi. Üýşüp duran mollumlar muña ala-pakyrdy bolup gülüşdiler.
Bu gezek ýygnaga-geñeşe hem direktora zat goýmadylar. Iş jaýyndaky sandygynda arak saklaýanlygy, işde ýüz gram urýanlygy hem attestat, okamadyklara mekdebi gutaranlygy baradaky şahadatnamany satýanlygy, galyberse, mekdepde sagdyn syýasy-jemgyýetçilik atmosferasyny döredip bilmänligi barada habar düşeni üçin, bu ullakan aýyplamalaryñ hiç birini hiç kim bilen seljerişmezden, kollektiwe sala salmazdan, ilki direktoryñ özüni işden boşatdylar. Gaýdybam magaryf sistemasynyñ gyrasynda görünmesiz etdiler. O görgüli zordan bazardaky dükanlaryñ birine ýükçi bolup işe ýerleşdi. Bir “operasiýa” bilen bar zady bulaşdyran Almämmet aganam sylap goýmadylar. Ilki üç harply edara çagyryp, düşündiriş yzyna düşündiriş ýazdyrdylar. Soñam onuñ çagalara terbiýe bermäge ahlak hukugynyñ ýokdugyny özüne boýun aldyrdylar. Goşgy ýazýan edebiýatça bolsa, “Birden daşary ýurt radiosynda çykyş edip, gürrüñi ulaldaýmasyn” diýip, bir gezeklikçe diñe duýduryş berdiler. Ýöne onam Magtymgulyny yza, serdary öñe geçirmäge “razy etdiler”.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.