Ýaşlygyň ýüki

ÝAŞLYGYŇ ÝÜKI

Gyşda gar ýapynyp, ýazyna gülläp,
Agyr zähmet bilen dem alýar Lebap.
Uruş ody bolsa ýanýardy lowlap,
Ýarym ýalaňaçdym, ýarym açdym men.
Oňa derek, ah, nähili ýaşdym men.

Gelmese-de topuň, tüpeňiň sesi,
Çaňap durdy Amyderýaň depesi.
Kä surnugyp, käte dürsäp nepesi,
Paý-pyýada menzillerden aşdym men,
Oňa derek, gör, nähili ýaşdym men.

Dyz eperdim selpäp ýadalanynda,
Giň çölüň adamsyz adalarynda.
Ömrümiň hatarly ýodalarynda
Hut ajalyň özüne-de duşdum men,
Emma ýan bermedim, sebäp ýaşdym men.

...Egninde ýönekeý alaça köýnek,
Özi-de durşuna görk bilen görmek.
Başlandy şol gyzyň yşkynda köýmek.
Gündizi, gijesi bir bihuşdum men,
Sermestdim men, tarhandym men, ýaşdym men.

Aýlar, günler aýak çekmän ýöräp dur.
Ýatlanymda şindem süňňüm eräp dur,
Indi o gyz o dünýäden garap dur,
Ykbalyň oýnuna bialaçdym men,
Çydapdyryn, şükür, herne ýaşdym men.

Ýaşlyk — ýarym asyr yzymda galdy,
Armanym — şol söýen gyzymda galdy.
Diňe akyl-huşum özümde galdy,
Baş çykaryp bilmän halys çaşdym men:
Goja boldum...
A nähili ýaşdym men.

Berdinazar HUDAÝNAZAROW
3 лайков 796 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
10 июн 2022, 17:31
Sagbol. Ynha şu ýañky diyyanim. Gaty gowy görýan???
Ötegçi
10 июн 2022, 17:33
Gojalypdyrys,
Ah, nähili ýaşdym men.-men şeýlerak dp bilýadim.
Öwreniji
10 июн 2022, 21:55
Gowy görýän şahyrlarymdan