"Baharda doglan güýzüň şahyry..."
Senenama Ezizowy baharda dogulandygyny görkezýär, ýöne ol aňzakly gyşyň öňsyrasynda dogulypdy. Sebäbi şondan soňky ýyl adamzat taryhynyň iň aýylganç ýyllary başlapdy: Ikinji jahan urşy. Açlygyň ähli ojaga giren, ölüm-ýitimiň adaty halata öwrülen wagtlary. Ynsanlaryň ruhy taýdan sussypeslige gark bolmagynyň öňüni almak mümkin däldi. Ynha uruş gutardy, indi özümize geleli, durkumyzy düzeldeli diýleninde 9.8 ballyk ýer titreme sarsdy Aşgabady. Ana şol ýyllara gabat geldi şahyryň çagalygy. "Kynçylyk ýok ejizlik bar dünýäde."
Durmuş Gurbannazary ençeme apatlaryň içinde ulaltsa-da, bu apatlar onuň adamlara şadyýanlygyň, umydyň, ýagtylygyň buşlukçysy bolmagyna böwet bolup bilmedi. Şol şertlerde ulalyp beýle eserler döretmek ýiti zehiniň, güýçli talandyň görkezjisidigi hiç hili subut islemeýär.
"Biz herimiz— özümizin zergärmiz,
Mydam özümizi ýonup ýörmeli."
Üstünlikli tamamlanan okuw we ýokary okuwdan soň, ynha Ezizowa ukybyny görkezmäne mümkinçilik döräpdi. Türkmen edebiýat gämisiniň bir ýelkeni indi oňa amanat edilipdi. Indi ol "Edebiýat we sungat" gazetiniň poeziýa bölüminiň müdüri. Bu wezipä laýykdygyny ol mundan öňki wezipesi bolan "Çagalar edebiýatynyň" birleşen redaksiýasynda subut edipdi.
"Gahar nire, gaharjanlyk nirede!
Ýüregi ýukadyr köpi görenlen."
Edebiýat edebiýatdyr weli, ýokary adamkärçilik häsiýete eýe bolmak hem her ynsana başardyberenok. Gaty gowy dost, syrdaş, işdeşdigini onuň bilen tirkeşenler, ony tanaýanlar bilýändir. Ony ýakyndan däl-de diňe eserlerinden tanaýanlar, Ezizow wepat bolansoň ol hakda ýazylan şygyrlardan onuň abraýyna laýyk adamdygyny göz ýetirdiler. Ezizow diňe bir edebi döredijilikde däl, durmuşda-da başarnyklydy.
Taryhyň şaýat bolan uly ýazyjydyr-şahyrlary özleriniň uly ses getiren eserlerini 40 ýaşanlaryndan soňra döretdiler. Ýöne Ezizow 35-inde ýogalypdy. Ýaşlygyna garamazdan edebiýat harmanyna getiren gallalarynyň ululygyny hemmämiz görýäris. 40-dagyn ýaşan bolanda gör neneň eserler dörederdi, Alla bilýär. Belki Çingiz Aýtmadow ýaly halkara medallara mynasyp görüljek eserler ýazardy...
Baharda doglan güýzüň şahyry...
Güýzde berdi janyny.
Ýaşasa-da gyş möwsümin dünýäniň,
Edebiýata bahar paslyn ýaşatdy.
(Awtory belli däl)

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.