Külbikejik

Ertekiden inen ýaly lybasym,
Gözleñ ataş,duýgularym lerzana.
Köwşüm däl,kalbymy gaçyryp ýere,
Eñip barýan nirelerdir bir ýana.

Gorkup,gaçypdyryn bagtly bolmakdan,
Parhy nä,ýollarym tekizmi,gumak.
...Emaý bilen kalbym galdyrsyñ ýerden,
Birgeñsi gürsüldär,salarsyñ gulak.

Adyñy pyşyrdar ritmi,urgusy,
Dartgynlydyr aşa, duýgudan tümmek.
Seriñde oýadar bilmek hyjuwyn
"Kimiñkidir maña aşyk bu ýürek?"

Onsoñ sen - görmegeý şazadam meniñ
Çar tarapa çapar ýollarsyñ derhal:
"Bu kalbyñ eýesin tapyñ tizden tiz!
Ýer ýarylyp giren däldir-ä,herhal."

Ah, şazada!
Akýürekli şazada!
Göwnüñ allanmaga meýilli deýin.
Gorkýan,onça gözelleriñ içinden
Adyñ bilen ýaşap ýören ýüregiñ
Neneñsi tanarsyñ meniñkidigin?!

Mahym Nurgeldiýewa.

10.06.2022 ý.
14 лайков 391 просмотров
23комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
Автор 11 июн 2022, 11:31
Salam,dostlar,joralar!
Düýnjük "tamdyrdan çykan" bu goşgumy gyzgyny bilen saýta goýýan.Şonuñ üçinem kem-käs ýerlerini tankytlap bereweriñ! Gowşak görseñizem çekinmän aýdyñ.Soñ gazete hödürlänimde işläp hödürlär ýaly.
Tuman
11 июн 2022, 11:39
Hödürläwer gazýede
Tuman
11 июн 2022, 11:39
Şul at bn öňem goşgyň bar dwlmidi
Mümkin
Автор 11 июн 2022, 11:41
Hemedany,
?
Pytdyjak
11 июн 2022, 11:42
Tuwelem, gaty gowy. Hodurle gazete. Haysyna hodurlaninem we cykanson haysy sanynda bardygynam aytgyn
Mümkin
Автор 11 июн 2022, 11:47
Tuman,
Ýok öñ beýle atly goşgum.
Hemedany,
"Ýarañ" barlygyna gynandym :(
#B.S
11 июн 2022, 11:57
Menä kemçilik göremok. Çaltjak we rahat okadym. Gowy gošgy. Brawo! Haýsy gazetde çykýa onnoň?
Margarita
11 июн 2022, 12:03
Gowja ýazylypdyr. Arkaýyn ber gazýede. Dowamly bolsun. ?
Massimus
11 июн 2022, 12:50
Mümkin,
Goşgy gowy, çeper ýazylan, yzygiderli, düşnükli okalýar. Galamyňyz mundanam ýiti bolsun diýsem "bu goşgy gowy çykmanmyka?" diýmäň, kämilligiň aňry çägi ýoklugy üçin Size iň gowy zatlary arzuw edýärin...
Soho
11 июн 2022, 12:59
siz asyl Mahym:my? blilemokdym, tuweleme, ellerine saglyk
Ötegçi
11 июн 2022, 14:21
Ohhooo brawo!!! brawo Köwşüm däl,kalbymy gaçyryp ýere iñ şowly çykany şu goşgyñ bolsa gerek!

Ah, şazada!
Akýürekli şazada!
Göwnüñ allanmaga meýilli deýin.
Gorkýan,onça gözelleriñ içinden
Adyñ bilen ýaşap ýören ýüregiñ
Neneñsi tanarsyñ meniñkidigin?!

Türkmen külbikejigi göz öñme gelip gitdi. Gaty gowy! bahaber şazadany görsem men aýdaryn arkaýyn bol, şol ýürek Mahym gyzyñ ýüregi dp;))) öwezine şazenany bolañda, gowja aýlykly işe alsañ bolar ;))
Ötegçi
11 июн 2022, 14:22
Şazada bir ýerlerde bardyr dp umyt edýän
Ötegçi
11 июн 2022, 14:28
Arada Mukamy diñledim. Tanyş äheñ diýsem, kaka hakdaky goşgusyndan tanadym. Ondan ozalraklar G. Begenjowa da okady radioda oz goşgularyny senem okasana @Mümkin?!.. özlerinden diñlemek has gyzykly ýazarlañ
Ayjahan
11 июн 2022, 14:49
@Mümkin sen ýazdyňmy? Goşgyň dowamly bolsun çykaryber arkaýyn gazete haladym))
Mümkin
Автор 11 июн 2022, 15:06
Ötegçi,
Sag bol,öwgüli sözleriñe.
Dogrumy aýtsam,şu radio söhbetdeşligine gatnaşmak üçin näme etmelidiginem bilemok,gyzyklanybam göremok.AySa,
Howwa,men ýazdym.
Khanture,
"Biznes reklama" gazetine hödürlemekçi.Men gazet alamok.Ýöne tanyş-bilişden çap edilenini eşitsem aýdaýaryn.Öñki goşgularym "Nesil"gazetinde yzygider çykýar.
Öwreniji
11 июн 2022, 15:59
Mümkin
Ötegçi,
Sag bol,öwgüli sözleriñe.
Dogrumy aýtsam,şu radio söhbetdeşligine gatnaşmak üçin näme etmelidiginem bilemok,gyzyklanybam göremok.AySa,
Howwa,men ýazdym.
Khanture,
"Biznes reklama" gazetine hödürlemekçi.Men gazet alamok.Ýöne tanyş-bilişden çap edilenini eşitsem aýdaýaryn.Öñki goşgularym "Nesil"gazetinde yzygider çykýar.

Goşgyň gowy, dowamly bolsun, goşgy adamyň içki dünýäsini açýar diýýä, nesip bolsa senem şol arzuwňa ýetersiň, soň goşgy ýazmak haýallap başlar
Aksary
11 июн 2022, 19:18
Illeñ çagasy bela ýaly )
Harmony
11 июн 2022, 21:11
Täzeräk bir multfilm bar. Prins Zoluşkany, Garpamygy (Belosnežka), Atowgözeli (Spýaşaýa krasawisa) kidaýt edýämi... garaz prinsyň proklýatiýesi bar: öz hakyky söýgüsini tapyp bilenok, sebäp ähli gyzlar muny görende huşyndan gidip söýýä.
Şol multfilm ýadyma düşdi soňky setirlerinde. Eýdýä-beýdýä, azaşman, bulaşdyrman tapýa şola "gerekli ýüregi" :)
Priýatnyja goşgy.
Hiayress
11 июн 2022, 21:17
Granger,
"Atowgözeli (Spýaşaýa krasawisa)"

hihi hihi hihi (Hezil edip güldümaý)
S❤
11 июн 2022, 21:25
Gosgy oran gowy tuweleme. Sonky setirleri tasirli yazylypdyr
Siz ozuniz saz bn okap su gosguny sayta goyayynda
Harmony
11 июн 2022, 21:32
Hiayress
Granger,
"Atowgözeli (Spýaşaýa krasawisa)"

hihi hihi hihi (Hezil edip güldümaý)

:))
Durmush
11 июн 2022, 21:54
Mahyyym
Sen nä Mahymmy
Gumly gelin
12 июн 2022, 00:34
Myhym gowja goşgy bolupdyr.Höwri köp bolsun!