"Sen biçak görmegeý!"diýesim geldi..."

"Sen biçak görmegeý!" diýesim geldi.
Göýä özüñ muny bilmeýän ýaly.
Del keşbiñi esli aýnada synlap,
Ýylgyryp-ýylgyryp, gülmeýän ýaly.

Söýmeklik barada öwremok pikir,
Inçe duýgum onça ýüzleý däl munda.
Hemem ynandyrdym göwnümi kemsiz
Ýollaryña garaýanyñ barlygna.

Ýüregim sarsylmaz dursañ-da näçe,
Müñ bir okdan zyýat nazaryñ gezäp.
Özgäñ durmuşyny bezäp ýörenler
Meniñ hyýalymy bilmezler bezäp.

Goý,eliñden geldigiçe bagtly bol,
(Maña senden ýüzüm sowmak şeýle kyn!)
Emelsizligime ýetirmän dilim
Ykbalymdan nalap gezjek meýletin.

Barybir,pikriñi zelel däl aýtmak,
Badym saklap biler haýsy mejburlyk?!
"Sen biçak görmegeý!" diýesim geldi,
Şu goşguny ýazmak bilen meşguldym.

Mahym Nurgeldiýewa

13.04.2022ý.
4 лайков 171 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
Автор 13 апр 2022, 18:49
Adyna näme goýjagymy bilmedim.Bu hakda edebiýatsöýerler maslahat berse,oña ýetesi zat ýok.
Pegas
13 апр 2022, 19:26
At goýupsyň-a, ana.
Mümkin
Автор 13 апр 2022, 20:48
Pegas,
Aý,ol at boldugy däl-ä.Başky setiri.
Margarita
13 апр 2022, 23:20
"Esere hemişe okyjyny özüne çekip biläýjek sözbaş goýuň" dp, bir şahyr aýdypdy. Bu goşgam edil şoň ýaly "Geliň meni okaň" dp, duran ýaly. Üns berip okadym.

Özgäñ durmuşyny bezäp ýörenler
Meniñ hyýalymy bilmezler bezäp.

Has jaýdar aýdylan setirler şu ýerleri.
Ylhamyňa bereket. ?
My life
13 апр 2022, 23:36
Goshgy gowy bolupdyr. Umumy bentlerini toplap layyk gelyan at tapmaly, meniñâ pikirim yok?
Scorpion
14 апр 2022, 02:52
Mümkin,
Öňki Nirvana agzamy siz?
Mümkin
Автор 14 апр 2022, 05:24
Scorpion,
Ýok,men @Belki.