GELMEDIM
“Men hiç wagt gidip bilmen,
Gitmek üçin gelmedim.”
G.Şagulyýewa
Aýdyň bagt bolarmy şundan zyýada:
Razy etseň Watanyň hem pederiň.
Soňra şygrym goýup kagyz, syýada,
Men mundan wagt deýin biwagt giderin.
Ýok, men muňa gitmek üçin gelmedim,
Geldim ojaklara ot bolmak üçin.
Geldim birmahallar dula taşlanan
Namut sallançaga bat bolmak üçin.
Diýjek sözlerini dilinden däl-de,
Gözünden dökene bolsam elýaglyk.
Şygrym kasamymdyr: sözümden dänmen,
Ajygana çörek bolsam el ýalak.
Ýaraly guşlaryň ganaty bolsam,
Päkize niýetleň ak aty bolsam,
Hak ýollan düýşleriň halaty bolsam,
Munda ýeke zady berk belledim,
Men bu dünýä gitmek üçin gelmedim.
Hatyja HAJYÝEWA
Gitmek üçin gelmedim.”
G.Şagulyýewa
Aýdyň bagt bolarmy şundan zyýada:
Razy etseň Watanyň hem pederiň.
Soňra şygrym goýup kagyz, syýada,
Men mundan wagt deýin biwagt giderin.
Ýok, men muňa gitmek üçin gelmedim,
Geldim ojaklara ot bolmak üçin.
Geldim birmahallar dula taşlanan
Namut sallançaga bat bolmak üçin.
Diýjek sözlerini dilinden däl-de,
Gözünden dökene bolsam elýaglyk.
Şygrym kasamymdyr: sözümden dänmen,
Ajygana çörek bolsam el ýalak.
Ýaraly guşlaryň ganaty bolsam,
Päkize niýetleň ak aty bolsam,
Hak ýollan düýşleriň halaty bolsam,
Munda ýeke zady berk belledim,
Men bu dünýä gitmek üçin gelmedim.
Hatyja HAJYÝEWA
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.