Gara atly / hekaýa

"Örän aýdyň hem çuň bir hakykat bar:
Diriler ölüpdir. Diriler ölýä.
Ýöne şol ölenler müň ýyllar ötüp,
Başga biri bolup inýär bu dünýä".

G.Ezizow


Çöl. Ýene-de şol nirädigi näbelli tarapa gaçyp barýaryn...Ýok... Näme üçin "gaçyp barýaryn"?! Kimden, näme üçin gaçyp barýaryn?! Ol zatlary seljermäge wagtam, mümkinçiligem ýok. Sebäbi men şu wagt düýşde. Hawa, hawa ýalňyş okamadyňyz: düýşde. Naýzadyr, gylyçly, eýerinden ýüzine bürgüdiň şekili ussatlarça çekilen galkan asylan şar gara atly daýaw adam yzyňa huşda wagtyň düşsede tisgindirmän durmasa gerek. Her nämede bolsa şular ýaly "geň" adam bilen huşda gabat gelseň gowy meniň pikirimçe. Adamçylyk, her näme bolsada gündiziň güni atly, ýaragly adamdan gaçyp ýöreniňi görseler kimdir biri kömek edermi nädermi?! Egerde kömek etmäge ýagdaýy bolsa?! "Ýagdaýy bolsa" diýenimi geň görmäň. Göz öňüne getirip görüň: köçäniň gyrasy bilen öz işiň ugrunda barýaň, edil öň ýanyňdaky çatrykdan kimdir birini gara ata atlanan eli naýzaly, bili gylyçly, atynyň eýerinden galkan asylan biri kowalap barýar... Göz öňüňize geldimi? Indi eliňizi ýüregiziň üstinde goýup aýdyň: Şol barýanlary saklap, "Duruň! Sen näme üçin gaçýaň?! Eý, atly sen näme üçin muny kowalaýaň?" diýip bilersiňizmi?! Aňsat däl gerek? Hawa, aňsat däl. Garaz, iň gowysy düýş bolsun, huş bolsun hiç kim beýdip kowalamasyn diýsene...

Ol atly öňlerem şeýdip kän kowalaýady. "Kowalaýady" diýäýýän. Mümkin ol kowalaýanam däldir-de öz ýoly bilen barýandyr. Men hiç zat ýok ýerden basga düşüp, ondan gaçyp ýören bolmaýyn birden?! Kim bilýär, ýokarda-da aýtdyma, ol zatlary seljerip durup bolanok. Menä durup: "A-how, sen meni näme üçin kowalap ýörsüň?" diýemok. Olam "Eý, Taňry bendesi saklan. Meniň saňa erbetligim ýok. Menden gaçan bolup ýörme! " diýenok.

Ynha ol ýenede aňyrky depäniň üstünde göründi. Aýak aldygyma ylgap, ondan gaçyp başladym. Çöldedigimizi aýdypdyma. Çägelikde ylgamaga däl, ýöremegiňem kyndygyny özüňizem bilýänsiňiz. Onda-da ylgap ýaňky gara atlydan gaçan bolýan. Sebäbi oň üstünde oturany at, "çölleriň gämisi" hasaplanýan düýe däl. Atlaryňam çägelikde düzlikdäki ýaly ýol geçip bilmejegini bilenim üçin ondan gaçyp gutuljagyma umyt baglap ylgap barýan. Hemem çöl aňňat-aňňat deplelerden doly. Belki bir depeden aşamsoň ol meni gözden ýitirer...
Ýok... Ol yzymdan galjak däl. Birdenem aýagym sazagyňmy, sözeniň kökine büdredi-de tüwdürilip gitdim. Gara atly hem yzymdan ýetdi. Edil gabadyma geldi-de atyny saklady. Aýagymy tutup ýatan ýerimden onuň naýzasyny sanjaryna ýa-da gylyjy bilen meni çaparyna garaşdym. Emma ol bu hereketletiň hiçisenem etmedi.
Kellämi galdyryp, ýüzine seretdim. Eý, Alla bu men ahyry! Çapylan sag gaşy bilen hyrsyz gözleri diýäýmeseň, atyň üstünde oturan men.
- Sen kim?-diýen soragyma:
- Men sen!-diýen jogaby aldym. Jogap elbetde meni haýran galdyrdy.
- Sen bolsa men- diýip ol sözüni dowam etdirdi. Dokuz asyrdan soň şeýle gorkak, namart, nalajedeýin dogular ýaly näme günäm bardy eý, Taňrym?!
- "Gorkak, namart" diýip, maňa aýdýaňmy? Men...men...
- Hawa saňa aýdýan. Sen gorkak, nalajedeýin däl bolsaň, näçe wagt bäri seni yzarlap ýörün, iň bolmanda bir gezejik näme üçin yzarlaýanymy soradyňmy? Soramadyň. Sebäbi atly-ýaragly adamyň öňünden çykmak üçin gaýrat gerek. Ol bolsa sende ýok.
Sen bolup dogulanymdan dowzaha düşsem gowy bolardy.
Şu sözleri aýtdyda ol özüniň elhenç nazary bilen maňa seretdi. Bu sözleriň, bu garaýşyň öňünde durmak maňa aňsat däldi. Onuň aýdýan sözleri dogrudy. Meniň ondan gaçyp ýörenim çyndy. Heý adamam bir öz-özünden gaçarmy?!
Eýesiniň gahary täsir eden ýaly at birden horguryp, ýer peşäp başlady. Atynyň uyanyny silkip goýberdi-de, ol maňa:
- Men seni ýok etjek. Belki indiki gezek gaýratlyrak bolup dogularyn-diýdi-de gylyjyny syrdy.
Meň gözüme soňky görünen zat, depämden inip gelýän gylyjyň güne ýalpyldaýan ýiti tygy boldy. Şol ýalpyldy hem gözümi gapdy...


Şirhan Allaberdiýew.
4 лайков 119 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
11 июн 2022, 22:51
Ýetirip dur!
S❤
12 июн 2022, 05:57
Oz doredijiliginizdenmi?
Eser gowy eken, gowy yazylypdyr. Yone biraz tasiri pesrak