Men barybir bagyşladym

Awusyny duýdum senden,
Meni başga çalyşmagyň.
«Git» diýdi ýürek içimde,
Men barybir bagyşladym...

Suwumsyz adamlar bilen
Ynjytdy iş salyşmagyň.
«Goý» diýdi ýürek içimde,
Men barybir bagyşladym...

Meň söýgimden öňe geçdi,
Iki günlük tanyşlaryň.
Ýürek diýdi: «Öte geçdi» —
Men barybir bagyşladym...

Gözüme bakyp aldadyň,
Ynan, çynym, garaşmadym!
Ýürek diýdi: «El çek bahym»,
Men barybir bagyşladym...

«Söýemok» diýdiň ahyram,
Ýolun goýman ýaraşmagyň.
Ýürek diýdi: «Urgym durar»,
Wah, seni kim bagyşlasyn...

Mätgurban Mätgurbanow
5 лайков 196 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
11 июн 2022, 23:11
Ýürek diýdi: «El çek bahym»

Daşoguz şiwesinde-de "basym" diýen söz "bahym"-myka?
Oksimiron
Автор 11 июн 2022, 23:17
Pegas,
Edebileşdirilendir
Hiayress
11 июн 2022, 23:17
Pegas,
Basym, bahym, ikisem bir manyny aňladýan sinonim sözler dälmi nä?!
Pegas
11 июн 2022, 23:18
Oksimiron
Pegas,
Edebileşdirilendir

"basym" diýen edebi sözi "bahym" diýip ýazmak edebileşdirmekmi?
Pegas
11 июн 2022, 23:21
Hiayress
Pegas,
Basym, bahym, ikisem bir manyny aňladýan sinonim sözler dälmi nä?!

"bahym" diýen söz teke şiwesiniň Ahal gepleşigine degişli. Meni gyzyklandyran zat: şol söz Daşoguzda hem şeýle ulanylýarmydy?
Hiayress
11 июн 2022, 23:32
Pegas,
Geňem gördümlaý. :D