ŞAHYR ÝÜREGI

Bir şahyry beýleki şahyrdan parhlandyrýan zat nämekä? Şahyr il içinde nädip tanymal bolýarka? Öz döwründe onlarça goşgular kitabyny çap etdiren şahyrlaryň bu gün meşhurlyga ýetmeg-ä beýlede dursun, galamdaşlaryndan tapawutlanman, unudylanlary bir ýa iki däl. Edebiýatyň taryhynda muňa näçe diýseň, mysal tapyp boljak. Diýmek, goşgynyň hili barada gürrüň edilende mukdar ölçegi islesek-islemesek, aradan aýrylýar. Öndürijilikli zähmet gymmatly döredijilik tejribesini berýänem bolsa, şahyr köp ýazyp kämillige ýetmeýär. Aýdyşlary ýaly, “Garga müň gagyldasa-da, bilbiliň bir owazyna degmez!”
Sahy Öwezow ady belli, tanymal şahyr däl. Goşgulary bilen gazet-žurnallarda ýygjam çykyş edibem ýörenok. Aslynda-ha ol az ýazýan şahyrlaryň hilinden. Ýöne bu ýagdaý onuň şahyr hökmünde göze ilmeýändigini-de aňladanok. Şahyry tanamak üçin, elbetde, onuň goşgularyny okap görmeli. Geplemeýän, dymma adamy tanap bolmaýşy ýaly, goşgularyny okamazdan, şahyryň kämillik derejesini kesgitlemek mümkin däl.
Men Sahy Öwezowyň şu kitapda ýerleşdirilen goşgularyny okap, bir ýagdaýa göz ýetirdim. Ol owadan sözler, ýylmanak setirler bilen okyjyny özüne imrindirmek pikirinden gaça durýar. Soňky döwürde biziň poeziýamyzda ýoň bolan abstraktizmden, duýgyny aşa howaýylaşdyrmak keselinden hem halas. Bu şahyryň goşgularynda sadalyk agdyklyk edýär, dili düşnükli. Şol bir wagtda bolsa, pikirleriň gysbylygy hem çuňlugy, köpmanylylygy hem özüne çekijiligi, gerek ýerinde pikiri gönümel däl-de, ýaňzydyp bermegi şahyryň utuşly tarapydyr. Köp mysaldan iki sanysyna ýüzleneliň:

Garrylygy höwes edýär hemme-de,
Ýöne garramagy islänok hiç kim.


Arzuwlarňy maksat edip göreşseň,
Niýetiňi seniň bilen adaglar.
Günler asyl açyş etmez, gör-de dur,
Öz syryny özi açýar adamlaň.


Sahy Öwezowyň goşgularynyň ýene bir häsiýetli tarapy, olarda irki baharyňky ýaly jana şypa beriji mylaýymlyk, dogumlylyk, kanagatlylyk göze dürtülip dur. Özi-de bu zatlar liriki gahrymanyň häsiýetlerinde has aýdyň ýüze çykýar. Onuň bir görseň, “Diýjegimi açyk aýdyp gideýin” diýip, bassyr-ýussursyz sözleýän batyrgaý, bir görseňem, “Özgäniň bagtyna kalbymy çoýman, Oňşaryn ýüregmiň ýarasy bilen” diýýän ykbalyna kaýyl, kanagatly, ýene bir görseňem “Ümsüm gijelere syryňy açyp, Dolan Aýa salam berseň, baş atsaň!” diýip, arzuw kölüni gulaçlaýan romantiki gahrymany bar.
Şahyryň söýgi temasyndan ýazan goşgulary gussaly eşidilýändigine garamazdan, pikirleri sagdyn, duýgulary ter. “Sen gideňsoň” atly iki bentlik goşgusyny okap göreliň!

Ýene duşduk, gürrüňleşip otyrdyk,
Derdi-hal soraşdyk, oňatlyk bary.
Sen şonda iç döküp agladyň uzak,
Gözüňden çykarjak bolýan deý ary.

Geçen günleň ýatlamalaň içinde,
Näçe mahal oturdyk biz aňmadym.
Aglanyňda “Goý aglama” diýsem-de,
Sen gideňsoň içim çekip agladym.


Ne artykmaç, ne-de kem zat bar. Hemmesi ýerbe-ýer. Gowuşmadyk wysal liriki gahrymanyň ykbala kaýyllygyny birgeňsi ýüze çykarýar.

Özgäniň bagtyna kalbymy çoýman,
Oňşaryn ýüregmiň ýarasy bilen.


Bir söz bilen aýdylanda, eliňizdäki kitaba girizilen goşgular Sahy Öwezowyň gursagyndaky gaý-tupanyň, başbermez hyýallaryň, arzuwçyllygyň, pespälligiň... hiç kimiňkä meňzemeýän, özboluşly beýany.
Ynha, siziň öňüňizde şahyr otyr! Ol gursagyny ýaryp, käte awunan, käte şatlanan, kä kemsidilip ýekirlen, kä nähak gama batyrylan, nijembir külpetlere döz gelen, täleýiň agyr urgularyna duçar bolan, durmuşyň ýowuz şatylaryny çeken, emma... emma hiç wagt ejizlemedik, hiç haçan ýan bermedik, hiç mahal urgusyny gowşatmadyk ýüregini çykarypdyr! Şahyryň ýüregi! Onuň owazyna diň salyp görüň!


Kakamyrat ATAÝEW

8-nji iýun, 2018-nji ýyl
7 лайков 206 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
11 июн 2022, 23:26
"Soňky döwürde biziň poeziýamyzda ýoň bolan abstraktizmden, duýgyny aşa howaýylaşdyrmak keselinden hem halas."

Şuny jaýdar belläpdir. Söze serenjam berip, hiç zada baglamsyz hyýaly duýguny aşa howaýylaşdyryp goşgy goşýanlar köpeldi. Näme diýjek bolýanlarynada känbir düşünip bolanok, sorasaň hem özleride düşünýändir öýdeňok. Diňe bu zatlary düşünip däl, duýup, ýaşap, düşünip bolar diýjek ýaly bolup hem görünýär.
Ötegçi
11 июн 2022, 23:27
Üýtgeşik şahyr... Iñ halan setirim:
Ýadapdyryn “Hüw-Hak” diýip ýörmekden,
Ynanýan ýok bu ýerlerde derwüşe.

Şahyr Myrada diyen goşgusy Gurbanowa ýazylanmyka?!.
Ötegçi
11 июн 2022, 23:28
2018daki zat eken. Kitabyna duşamok. Bar bolsa koprak goýaýyñ!
Pegas
Автор 11 июн 2022, 23:58
Ötegçi
Üýtgeşik şahyr... Iñ halan setirim:
Ýadapdyryn “Hüw-Hak” diýip ýörmekden,
Ynanýan ýok bu ýerlerde derwüşe.

Şahyr Myrada diyen goşgusy Gurbanowa ýazylanmyka?!.

Hawa, Myrat Gurbana.
Pegas
Автор 11 июн 2022, 23:59
Ötegçi
2018daki zat eken. Kitabyna duşamok. Bar bolsa koprak goýaýyñ!

Kitaby ýog-a. Özi käwagt ugradýar. Şolary goýýan.
Gumly gelin
12 июн 2022, 00:23
Sapa Kakamyrat agadan bu ýazgylary ýetireniñ üçin sag bol!
Sahy agañ dos-dogry pikirleri edil atylan ok ýalydyr.Ömri uzak,galamy ötgür bolsun!
Ötegçi
12 июн 2022, 05:35
Pegas,
Bir söz bilen aýdylanda, eliňizdäki kitaba girizilen goşgular şu ýere barmyka öýdupdirin....
Margarita
12 июн 2022, 06:11
Aglanyňda “Goý aglama” diýsem-de,
Sen gideňsoň içim çekip agladym..
Juda ýiti täsirli setirleri bar eken.

Bolanyna görä, S.Öwezowyň başgda birki sany goşgularyny dolulygyna ýetiren bolsalar has gowy boljak eken.
Öwreniji
12 июн 2022, 07:52
Gowy düzýän eken