SESLER

Goşgy setirlerinde sesleriň neneňsi ähmiýete eýedigi barada pikir edip gördüňizmi? Üns berseňiz, akgynlylygy we owazy esasan sesleriň hasyl edýändigine göz ýetirersiňiz. Üns bermeseňiz, diliňi peltekledýän, büdredýän, tagaşyksyz setirlere duşaňyzda “Be-e, hemme zady ýerbe-ýerem ýaly welin, bir säwlig-ä bar” diýip böwrüňizi diňleýänsiňiz. Ana, şol säwligiň aňyrsynda ýerini tapmadyk sesler ýatandyr. Ýogsa, içki säginmelerem kada gabat gelip durandyr, bogun ölçegleri-de dogry saklanýandyr. Göräýmäge, ähmiýet bereniňe degmeýän, ýönekeý, ownuk zat ýaly. Hakykatdan-da ýönekeý zat, ownuk kemi ýok. Emma ähmiýeti pes däl.
Haýsy şahyryňkydygyny anyk aýdyp biljek däl, öz-ä başlangyç awtorlaryň biri bolmaly, “Şular sazsyz syrdaş, şonsuz bassaşlyk” diýen ýalyrak setiri okanym ýadymda. Bu ýerde aşa köp ulanylan “s” we “ş” sesleriniň akgynlylyga we owaza uly zeper ýetirýändigi, netijede bary-ýogy on bir bogundan ybarat bäş sany sözüň ýaňyltmaç ýaly okamasy agyr setiri emele getirendigi göze dürtülip dur.
Setir içinde diňe bir “ň” sesiniň çendenaşa köp gaýtalanmagy-da ýokarky mysaldaky ýaly tagaşyksyzlyga sebäp bolup biler. Çöňňe, iňňän, geň-taň, çuňňur, düňle, köňül, möňňür, tüňçe ýaly sözleriň dört-bäş sanysy bir setirde gelse, başga dert gerek däl, o setiriň ýaňyltmaçdan tapawudy bolmaz.
Goşguda “r” sesi bilen başlanýan sözler ulanylanda onuň setirdäki içki säginmäni bozmak ukybynyň bardygyny hem unutmaly däl. Çünki “r” sesi bilen başlanýan sözler biziň dilimize, umuman türki dillere häsiýetli däl. Şonuň üçin şeýle sözleriň öňünden gowşak hem gysga aýdylýan çekimlileriň eşidilmegi tebigy ýagdaý. “Şat et ruhuny, razy bolsun” diýen setiri mysal alyp göreliň. Bu ýerde içki säginme 6+5 görnüşinde, 11 bogun ölçeginde okalýar. Aslynda welin setirde 9 bogun bar. Şular ýaly ýagdaýlarda ruhuny we razy diýen sözleriň öňünden artdyrylýan ysgynsyz çekimlileriň hasabyna 9 bogunly setiri 11 bogun edip berjek bolmaklyk hiç bir kada gabat gelenok. Ony “Şat eýle ruhuny, goý, razy bolsun” diýip alsaň, dogry bolar.
Eger rifma hökmünde ulanylmaýan bolsa, “gaýtam”, “ýogsam”, “welin”, “eýsem” diýen sözleriň soňundaky çekimsiz harpy düşürip, goşgyny artykmaç seslerden halas etmeli. Şeýdilse, birinjiden-ä, goşguda sözleriň “gaýta”, “ýogsa”, “weli”, eýse” ýaly görnüşde ýazylmagy kadadan çykmak däl. Ikinjidenem, setiriň akgynlylygy güýçlendirip biler. Barlap göräýiň! “Ýogsam, oňa goldaw beren” – “Ýogsa, oňa goldaw beren”! Parhyny duýduňyzmy?
Bir setiriň içinde birnäçe çekimli sesiň uzyn, galanlarynyň bolsa gysga aýdylmagy, inçe we ýogyn, dar we giň çekimli bogunlaryň, dodaklanýan we dodaklanmaýan sözleriň yzygider ýanaşyk gelmegi goşguda sazlaşygyň peselip, owazyň kemelmegine ilkinji sebäpdir.
Umuman, sesler poeziýanyň gözelliginiň gönezligi diýse bolar. Tehniki talaplara girýän-de bolsa, seslere soňky derejeli zat hökmünde garalmagy şygryň görküne bähbit getirmez, diňe zeper ýetirer.
Elbetde, şahyr goşgyny teoriýa esasynda däl-de, ýüregi bilen duýup ýazýar. Bolmalysam şeýle. Eýse, teoriýa esasynda döredilen edebiýat adama haçan lezzet beripdir? Aslynda edebiýat ilki döräp, teoriýa soň çykan zat. Meniň ýokarda sananlarym bolsa, häki bir ýatlatmak ýa ýaňzytmak. Gözellige şikes ýetmese ýagşy!


Kakamyrat ATAÝEW
6 лайков 129 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
12 июн 2022, 10:12
Gowy we ýerlikli maslahat