Takwa ogry we bagban hakynda hekaýat

TAKWA OGRY HEM BAGBAN HAKYNDA
HEKAÝAT

Entäp ýören ogry girip bir baga,
Başlan wagty miwelerden ýolmaga.

Bagban ony görüp, gelenmiş ylgap,
Hem haýbat atypdyr, taýagyn salgap.

Gygyrypdyr ogra gataldyp sesin:
«Bagda ne görüň bar? Aşak düş basym!»

«Men – Taňry bendesi» – diýipdir ogry,
– Taňrynyň saçagna geldim men dogry.

Taňryň naz-nygmaty bu zatlaň bary,
Maňa nähak ýere berýäň azary».

Ol ogra mazaly syn edip bagban,
Aýdypdyr: «Men seniň kimdigňi aňýan.

Öňem az görmedim sen tetellini,
Edil häzir ederin men belliňi.

Meň wagtym ýok ýaňkalaşyp durmaga»,
Diýip ony başlanmyşyn urmaga.

Nadaralyk edip, gygyrýar ogry:
«Seň edýäniň näme, şeýtanyň kowmy?

Taňry bendesine berýärsiň azap,
Beýle gabahatlyk nirde görlen zat?»

«Çaky ýagşy takwasyran bolmaňam,
Ikimizem – urulýanam, urýanam.

Gitjek ýerimiz ýok – Taňry bendesi,
Baglanşykly bu zatlaryň hemmesi.

Eýsem, seniň bu ýalaňaç kebzäňi,
Saýgylaýan – Taňryň taýagy dälmi?»

Jelaleddin RUMY
5 лайков 91 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
15 июн 2022, 19:05
Ogrulyk eden uyalmaz ustune gelen uyalar etjek bolupdyr öydyän