ÝAŞ ŞAHYRLARYŇ DÖREDIJILIGINDEN - 3
Geljegine umyt bildirilýän ýaş şahyrlaryň ýene biri ZÜBEÝDA GUMMAKOWA 2006-njy ýylyň 29-njy martynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Rowaçlyk geňeşliginde dünýä indi. Çagalygyndan edebiýata bolan söýgüsi ony goşgy düzmek sungatyna imrikdirýär. Häzirki wagtda etrabyň 4-nji orta mekdebinde okaýar. Halypa-şägirtlik döredijilik mekdebine işjeň gatnaşýar.
OBAM
Unutman ýol-ýodalaryň hiç haçan,
Meniň eziz obam, mähriban obam.
Enem deýin bize gujagyn açan,
Meniň eziz obam, mähriban obam.
Giň sähralaň gudratydyr ýaýlasy,
Guşlaryň goýnuňda ganat ýaýmasy.
Baglaryň bar juda salkyn saýasy,
Meniň eziz obam, mähriban obam.
Howaň aýdym bolup dolýar kalbyma,
Ene topragyňy basdym bagryma.
Şaýat bolduň bu şatlykly ömrüme,
Meniň eziz obam, mähriban obam.
Gaýgy-gussa ýuwaş-ýuwaş ýat bolar,
Arzuwlarmyz ganatlanar, at bolar,
Seň goýnuňa gelsem göwnüm şat bolar,
Meniň eziz obam, mähriban obam.
Aladaňdanlaryň süýt deýin tämiz,
Ösüp adam boldy ençe oglan-gyz,
Sen meň üçin juda mukaddes, eziz,
Meniň eziz obam, mähriban obam.
ÇAÝ BAŞYNDA
Söhbet etdik ikimiz
Çaý başynda bileje.
Köp zatlardan söz açyp,
Gürleýärsiň çalaja.
Gök çaýyň lezzetine
Gürrüň gidýär gyzykly.
Şol gürrüňleň dowamy
Uzak wagtlap gyzypdy.
Käseden çaý owurtlap,
Açýardyň kemput, süýji.
Gürrüň berýän wakalaň
Nabat, kemputdan süýji.
Nusgalyk, ýol-ýörelge,
Ene, mama taryhyň,
Arasynda ýetirýäň
Atam-enem tarypyn.
Süýji gürrüňler bilen
Gam-gussamy owratdym.
Diýdim menem: “Köp sag bol,
Eje, kän zat öwretdiň”
ÇAGALYK
Ykbal bize bagş etdi
Bu dünýäniň giňligin.
Ýollarda ýöräp barýan,
Käte duýýan kynlygyn.
Çagalyk geçip barýar,
Ulalmakam oýnaýyn.
Bu döwür bir düýş bolsa,
Hiç ondan oýanmaýyn.
Ýollaň kynyn duýanok
Dünýä düşünmez başym.
Oýnap ýadap gelemde
Taýýar meň iýjek aşym.
Şeýle ajap pursatlar
Deňimizden geçýär tiz.
Adam bolup ýetişdi
Düýnki çaga oglan-gyz.
Oýnardyk biz jem bolup,
Ellermizde oýnawaç.
Bile oýnan dostlarmyň
Ýollary bolsun rowaç.
Bu gün bolsa pikirlem
Öňküden has dagynyk.
Eýýäm bizden daş eken
Iň arzyly çagalyk.
KAKAM
Il turmaka ir gidýär,
Agşam dolanýar işden.
Her gün şeýle geçirýär,
Gorkman aýazly gyşdan.
Maňlaý derini döküp,
Işleýär ol köp esse.
Kynlyk gören gözlerde
Kä şatlyk bar, kä gussa.
Wagtyndan gijä galsa,
Oturýan ýola garap.
Görünýär ol uzakdan,
Gelýär howlukmaç ýöräp.
Çaý başynda degişsek,
Yylgyrýan dek emeli.
Ýylgyrşyň aňyrsynda
Gaýgy bara çemeli.
Pikir berip kän zada,
Saçy agaran kakam,
Agyr zähmeti bilen
Eli gabaran kakam.
Düşünýän kem-kem saňa,
Golaý gelýär gojalyk.
Kakam, saňa garaşly
Bu agzybir hojalyk.
KÄBÄME SOWGAT
Tebigatym owadan,
Atyp elwan kürtesin,
Tutuş güle büräpdir,
Gatnaw ýodaň ortasyn.
Şam-säher guşlar saýrap,
Bir ajaýyp saz geldi,
Dünýä müşk ysy ýaýrap,
Görüň, goşa ýaz geldi.
Al-asmandan göründi,
Uçup barýan batbörek,
Batbörek deý asmana,
Galdy bu gün şat ýürek.
Geliň, bu gün üýşürip,
Uýa, jigi, dogany,
Bägülli meýdanlardan
Desse çemen bogaly.
Şatlyk artyp ýüzlerde,
Gaýgy-gussa gyt bolsun.
Çemenden bogan gülüm
Käbäme sowgat bolsun.
KÖNE KÖÝNEKLI ÝATLAMA
Bagt ekeni ullakan
O günleri söýmegem,
Galypdyr meň egnimde
Öňki köne köýnegim.
Goý, bolsun köne köýnek,
Bolsak mydam bagtly.
Täze lybas, gamgyn ýüz —
Munuň özi bagtmy?
Ýaş göründi gözlerde,
Daşlaşypdyr pespällik.
Bu gün hasam daş eken,
Öňlerem-ä pes däldik.
Çylşyrymly bu durmuş,
Üýtgäpdir kadalary.
Gözlesem-de, tapmadym
Men öňki sadalary.
ŞAHYRYŇ ÝAŞY
— Şahyr ömri uzakmy?
— Olaryň ýaşy näçe?
Şunuň ýaly sowala,
Jogap gözledim käte.
Pikirlenip, oýlanyp,
Bir karara geldim men.
Olar nirde ýaşaýar? —
Hut şuny-da bildim men.
Şahyr asla ölmeýär,
Goşgulary diňlense,
Her sözde, her setirde,
Duýgulary jemlense.
OBAM
Unutman ýol-ýodalaryň hiç haçan,
Meniň eziz obam, mähriban obam.
Enem deýin bize gujagyn açan,
Meniň eziz obam, mähriban obam.
Giň sähralaň gudratydyr ýaýlasy,
Guşlaryň goýnuňda ganat ýaýmasy.
Baglaryň bar juda salkyn saýasy,
Meniň eziz obam, mähriban obam.
Howaň aýdym bolup dolýar kalbyma,
Ene topragyňy basdym bagryma.
Şaýat bolduň bu şatlykly ömrüme,
Meniň eziz obam, mähriban obam.
Gaýgy-gussa ýuwaş-ýuwaş ýat bolar,
Arzuwlarmyz ganatlanar, at bolar,
Seň goýnuňa gelsem göwnüm şat bolar,
Meniň eziz obam, mähriban obam.
Aladaňdanlaryň süýt deýin tämiz,
Ösüp adam boldy ençe oglan-gyz,
Sen meň üçin juda mukaddes, eziz,
Meniň eziz obam, mähriban obam.
ÇAÝ BAŞYNDA
Söhbet etdik ikimiz
Çaý başynda bileje.
Köp zatlardan söz açyp,
Gürleýärsiň çalaja.
Gök çaýyň lezzetine
Gürrüň gidýär gyzykly.
Şol gürrüňleň dowamy
Uzak wagtlap gyzypdy.
Käseden çaý owurtlap,
Açýardyň kemput, süýji.
Gürrüň berýän wakalaň
Nabat, kemputdan süýji.
Nusgalyk, ýol-ýörelge,
Ene, mama taryhyň,
Arasynda ýetirýäň
Atam-enem tarypyn.
Süýji gürrüňler bilen
Gam-gussamy owratdym.
Diýdim menem: “Köp sag bol,
Eje, kän zat öwretdiň”
ÇAGALYK
Ykbal bize bagş etdi
Bu dünýäniň giňligin.
Ýollarda ýöräp barýan,
Käte duýýan kynlygyn.
Çagalyk geçip barýar,
Ulalmakam oýnaýyn.
Bu döwür bir düýş bolsa,
Hiç ondan oýanmaýyn.
Ýollaň kynyn duýanok
Dünýä düşünmez başym.
Oýnap ýadap gelemde
Taýýar meň iýjek aşym.
Şeýle ajap pursatlar
Deňimizden geçýär tiz.
Adam bolup ýetişdi
Düýnki çaga oglan-gyz.
Oýnardyk biz jem bolup,
Ellermizde oýnawaç.
Bile oýnan dostlarmyň
Ýollary bolsun rowaç.
Bu gün bolsa pikirlem
Öňküden has dagynyk.
Eýýäm bizden daş eken
Iň arzyly çagalyk.
KAKAM
Il turmaka ir gidýär,
Agşam dolanýar işden.
Her gün şeýle geçirýär,
Gorkman aýazly gyşdan.
Maňlaý derini döküp,
Işleýär ol köp esse.
Kynlyk gören gözlerde
Kä şatlyk bar, kä gussa.
Wagtyndan gijä galsa,
Oturýan ýola garap.
Görünýär ol uzakdan,
Gelýär howlukmaç ýöräp.
Çaý başynda degişsek,
Yylgyrýan dek emeli.
Ýylgyrşyň aňyrsynda
Gaýgy bara çemeli.
Pikir berip kän zada,
Saçy agaran kakam,
Agyr zähmeti bilen
Eli gabaran kakam.
Düşünýän kem-kem saňa,
Golaý gelýär gojalyk.
Kakam, saňa garaşly
Bu agzybir hojalyk.
KÄBÄME SOWGAT
Tebigatym owadan,
Atyp elwan kürtesin,
Tutuş güle büräpdir,
Gatnaw ýodaň ortasyn.
Şam-säher guşlar saýrap,
Bir ajaýyp saz geldi,
Dünýä müşk ysy ýaýrap,
Görüň, goşa ýaz geldi.
Al-asmandan göründi,
Uçup barýan batbörek,
Batbörek deý asmana,
Galdy bu gün şat ýürek.
Geliň, bu gün üýşürip,
Uýa, jigi, dogany,
Bägülli meýdanlardan
Desse çemen bogaly.
Şatlyk artyp ýüzlerde,
Gaýgy-gussa gyt bolsun.
Çemenden bogan gülüm
Käbäme sowgat bolsun.
KÖNE KÖÝNEKLI ÝATLAMA
Bagt ekeni ullakan
O günleri söýmegem,
Galypdyr meň egnimde
Öňki köne köýnegim.
Goý, bolsun köne köýnek,
Bolsak mydam bagtly.
Täze lybas, gamgyn ýüz —
Munuň özi bagtmy?
Ýaş göründi gözlerde,
Daşlaşypdyr pespällik.
Bu gün hasam daş eken,
Öňlerem-ä pes däldik.
Çylşyrymly bu durmuş,
Üýtgäpdir kadalary.
Gözlesem-de, tapmadym
Men öňki sadalary.
ŞAHYRYŇ ÝAŞY
— Şahyr ömri uzakmy?
— Olaryň ýaşy näçe?
Şunuň ýaly sowala,
Jogap gözledim käte.
Pikirlenip, oýlanyp,
Bir karara geldim men.
Olar nirde ýaşaýar? —
Hut şuny-da bildim men.
Şahyr asla ölmeýär,
Goşgulary diňlense,
Her sözde, her setirde,
Duýgulary jemlense.
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.