“MENEM ALDYM BIRINI...”

* * *

Menem aldym birini,
Sen çykdyň gitdiň özgä.
Ynanybam ýörmezdim
Ýogsa, ýazgyda, ýazga.

Bile ederdik seýran,
Şol baglar şindem barmy?
Şindem akdyr alkymyň,
Ýa indi zülpüň garmy?

Bizi nätdi goýaýdy
Ýyllar, ýyllar, ýyljyklar?
Men öýümi söýäýdim,
Ojak odum ýyljakdyr.

Guwanýan ogul-gyza,
Bary garagözelek.
Şu gün ýürek sen diýdi,
Boş göründi töwerek.

Garamy, ak ykbalym?
Ýagşy-ýaman hyýalym.
Men saňa goşgy ýazýan,
Çaý demleýär aýalym.

Ýürek özelenipler
Sorady öz hüýrüni.
Sen çykdyň gitdiň özgä,
Menem aldym birini.


SONET

Syrly ýylgyraňda syrylyp duman,
Seň nuruňdan göwnüm tümi ýagtyldy.
Ýüregimde şatlyk, kalbymda güman,
Salgymmy sen ýa dolanan bagtymmy?

Bagda bägül mymyk ýele baş atyp,
Biçäre bilbile ýaýkanda başyn,
Göwnüm kebelekleň yzyndan ýetip,
Soraýar perwana, dertdeş-syrdaşyn.

Ýaz gidipdi, ýetdik ýazyň yzyndan,
Sen menden, men bolsa senden bihabar.
Deňizde suw saplanar-da duzundan,
Bulut bolup galar, gül bolup ýagar.

Eger, gülüm, tapyşdyrsa aýralyk,
Gerekmikä gitmek bize aýrylyp?


Gurbanmuhammet AŞYROW
9 лайков 207 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
21 июн 2022, 23:38
Sagbol şahyr aga.
Massimus
21 июн 2022, 23:38
2-nji goşgy ??
Ötegçi
21 июн 2022, 23:41
Sagboluñ, natanyş awtorlary tanyşdyrýanñyza!
Pegas
Автор 21 июн 2022, 23:53
Ötegçi
Sagboluñ, natanyş awtorlary tanyşdyrýanñyza!

Gurban Aşyr aslynda irki möjek. Çary Ýegenmyrat dagyň (şol sanda meň kakamyňam) kursdaşy. Galamdaşlarynyň arasynda "klassik" lakamy bilen meşhur. :)
Soho
22 июн 2022, 00:04
bah, gowy yazyan eken:ay, berekella
Öwreniji
22 июн 2022, 09:12
Ady tanyş gazetde žurnalda goşgysy çykypdymy
Öwreniji
22 июн 2022, 09:13
gowy goşgular