Eziz obam Wekilgala!

EZIZ OBAM WEKILGALA OBASY

Töwerege bagtlylygy paýlaýar,
Eziz obam-Wekilgala obasy,
Munda her bir adam bagtly ýaşaýar,
Eziz obam-Wekilgala obasy.

Jüneýt hanyñ hökům süren mesgeni,
Mydam toý dabara,bolmaz pes güni,
Şatlyk bilen geçirýärler her güni,
Eziz obam-Wekilgala obasy.

Adamlary bardyr juda nurana,
Misli Oguz han dek paýhasly dana,
Ýigitler Görogly ýaly merdana,
Eziz obam-Wekilgala obasy.

Şatlyk bilen gülkä mydama baýdyr,
Ýigitler gerçekdir,gözeller Aýdyr,
Gözelligi Erem bagyna taýdyr,
Eziz obam-Wekilgala obasy.

Gözellerni wasp etse islendik şahyr,
Tarypy gutarmaz,bolmaz hiç ahyr,
Gözellermiz Zöhre,ýigitler Tahyr,
Eziz obam-Wekilgala obasy.

Köçeleri bardyr örän enaýy,
Beki Seýtek,Magtymguly Pyragy,
Jüneýt handan miras galan galaly,
Eziz obam-Wekilgala obasy.

Oguzhan hem Kümüşdepe köçesi,
Gündizden görklidir gözel gijesi,
Bagt ýolunda mydam çüwen bijesi,
Eziz obam-Wekilgala obasy.

Durdy Gylyç şahyr goşgular düzdi,
Beki Seýtek nagyşdan kitaplar ýazdy,
Ikisi hem Wekilgala daragty,
Eziz obam-Wekilgala obasy.

Şöhrata,bilime beslenen mekdep,e
Ak mekdebim 18-nji mekdep,
Köpläp ägirtlere berendir edep,
Eziz obam-Wekilgala obasy.

Ýatladyp durandyr ol Bedirkendi,
Gözeldir islendik künjegi-kendi,
Men Arslan hem Wekilgala perzendi,
Eziz obam-Wekilgala obasy.

Gündogarda Wahym,çölüm ilerde,
At-owazyñ mydam meşhur illerde,
Adyñ dessan bolup galar dillerde,
Eziz obam-Wekilgala obasy.

(C) Annadurdy (Arslan) Otuzow
2016
3 лайков 186 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Suleyman
17 авг 2022, 23:54
Şuny ýazan awtor Beki Seýtäkowy näderejede tanaýarka?
Diýjek bolýanym hem Jüneýit han, hem Beki aga bilen tanalýanyny begenip aýdyp geçipdir.
Juneýit hany diňe garalap ýazan Beki agaň özüdir. "Doganlar" romany okanlar, bilýändir
#B.S
Автор 17 авг 2022, 23:57
Dark_Wolf,
Habarym ýok...
Suleyman
18 авг 2022, 00:01
Khanture
Dark_Wolf,
Habarym ýok...

Wekilgala obasy, şol Beki agaň dogduk ýeri Tagta etrabynda ýerleşýärmi?
Suleyman
18 авг 2022, 00:03
Khanture
Dark_Wolf,
Habarym ýok...

Wekilgala obasy, şol Beki agaň dogduk ýeri Tagta etrabynda ýerleşýärmi?
Kerbaba
18 авг 2022, 00:34
Бизи окаданларында Беки Сейтаков, Дурды Гылыч,Аннагылыч Атаев дагыны Бедиркент обасында доглан дп айдыпдылар.
#B.S
Автор 18 авг 2022, 00:36
Dark_Wolf,
kwadrat kelle,
Howwa Bedirkent obasy kicelip galdy ol oba durli obalara bolundi. Beki aga wekilgaladan...
Hiayress
18 авг 2022, 08:58
Iş ýüzünden öwünip bilmeseňem, sözde bir öwün edipdir zaňňar.