Aýralyk

AÝRALYK
(babama bagyşlap)

Hemişe ynsanyñ ýaradylyşy,
Dogulýarlar,ösýär,ulalýar olar.
Ýazgydyna görä ýaşap durmuşda,
Soñ Allañ ýanyna dolanýar olar.

Siziñ ömrüñizem şeýle bolupdy,
Kyn günlerem,şat günlerem görüpdiñ,
Iki ogla hem-de alty gyzyña,
Ýüregiñden öçmez mähir beripdiñ.

Bu durmuşda zar etmäni hiç zada,
Ösdürsiñiz sekiz sany perzendi.
Siz perzentler üçin ajaýyp ata,
Perzentler siz üçin tyllady,zerdi.

Hallalalygy hemra edinipdiñiz,
Bolupdy elmydam ýüregiñiz ak,
Hemişe halallyk bilen ýüzleşip
Ýoldaşyñyz Hakdy,imanyñyz päk

Agzybir maşgala,wepaly ýoldaş,
Başdan geçirdiñiz süýji günleri,
Bu durmuş elmydam ýeñil bolmaýar,
Käwagtlar bolupdy agyr günleri.

Mydam bu maşgalañ başysy bolup,
Bezegidiñ bu garryja ak öýüñ,
Edil öten ýyly toýlapdyk bile,
Siziñ iñ mukaddes "akgoýun" toýuñ

Bu gün bolsa tutuş maşgala bolup,
Hem ýakynlar bilen tutýas agyr ýas,
Gaýgydan,hasratdan ezilýär ýürek,
Hem gözden dökülýär ençeme gözýaş.

Ýetmiş bir ýaş toýuñ toýlan günümiz,
Aýdypdyk şanyña gözel sözleri,
Geçirdiñiz başdan ýetmiş iki ýaz,
Tomusdyr ondan soñ tylla güýzleri.

Iki müñ on altynyñ dekabr aýy,
Siziñ ömrüñize böwet baglady,
Siziñ bu dünýäde ýokdugyñy bilip,
Tutuş Zemin,
Hat-da,
Asman aglady.

Ahy-perýat urdy deńiz-derýalar,
Çuññur gaýga batdy agyr daşlaram,
Ýas güni ejizläp ähli ýürekler,
Saýramady şol gün saýrak guşlaram

Iñ bir mukaddes gün Juma gününde,
Biziñ aramyzdan baky daşlaşdyñ,
Bu ýagty ýalançy,hem bizler bilen,
Ömürbaky,müdümilik hoşlaşdyñ.

Adyñyz hiç haçan düşmez dillerden,
Ýatlarys biz sizi,ýatlarys artyk,
Sizi ýatlar iki ogul,alty gyz
Hemem ýatlar sizi biz on bäş agtyk.

Geçirdiñiz gijeleri elmydam,
Ýekeje pursat hem gözlerñiz gyrpman,
Ynha indi ýatyrsyñyz irkilip,
Baky ukyñyzda,hiç hili sarsman.

Sizi soñky sapar görmeklik üçin,
Geldi dürli ýerden adam barysy,
Soñky ýoluñyza ugran mahalñyz,
Obany gaplady ynsan nalasy.

Beýik mesgen,keramatly toprakly,
Ysmamyt ata öz bagryna aldy,
Gudratly ärler-pirler ýerinde,
Siziñ adyñyz hem müdümi galdy.

Ýürekler gaýgydan pagyş-paradyr,
Geldi ençe adam "üçüñ"güni hem,
Siziñ hormatyñyz juda beýikdi,
Adamlar hormaty goýmadylar kem

Ondan soñ ýas tutdyk "ýediñ"güni hem,
Ýatladyk,agladyk gelmediñiz siz,
Señ geljek ýoluña gözlermiz dikip,
Garaşyp otyrys,seret,ine biz.

Ýediñ güni gitdik sizi görmäge,
Ýöne sen bizleri garşy almadyñ,
Diýmediñ öñkiñ dek süýji sözleri,
Ne-de öñkiñ ýaly süýji gülmediñ.

Bu agyr dünýäniñ,agyr ýüklerin,
Çeken beýik ynsan gürlemän ýatyr,
Misli günäkär dek saýyp özüni,
Sowuk,mele toprak saralyp ýatyr.

Ynha indi tutyp otyrys "kyrkyñy",
Ýat eýläp otyrys seniñ hatyrañ,
Sizdiñiz durmuşda iñ bir mert adam,
Güýji bardy sizde müñläp batyrlañ.

Şeýle güýje,şeýle söýgä daýanyp,
Ösdürdiñiz sekiz sany ýapragy,
Kyrk gün bäri dünýe bilen hoşlaşyp,
Gujaklap ýatyrsyñ gara topragy.

Gitseñizem bu panydan ebedi,
Adyñ ýaşar,öçmez dillerden asyl,
Ýatlar sizi her bir adam ogly hem,
Ýalarys,ýatlarys asyrma-asyr.

Jennet açsyn siziñ üçin gapysyn,
Sogap işleriñiz juda,juda kän,
Imanyñyz mydam ýanýoldaş bolsun,
Ýatan ýeriñ ýagty bolsun babamjan.

Geçdiñ bu bäş günlik ýalan dünýäden,
Sogaply,haýyrly işleri edip,
Ýazýar Arslanbu sadaja şygryny,
Eziz babamjanym sizi ýat edip

Hemişe ynsanyñ ýaradylyşy,
Dogulýarlar,ösýär,ulalýar olar.
Ýazgydyna görä ýaşap durmuşda,
Soñ Allañ ýanyna dolanýar olar.



(C) Annadurdy (Arslan) Otuzow
5 лайков 186 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Annadursun
18 авг 2022, 00:13
gosgyn kapyasy yok...
#B.S
Автор 18 авг 2022, 00:14
Prenses04,
Mojet ol ak goshgudyr :)
Annadursun
18 авг 2022, 00:17
Khanture,manysy gowy yone kapyasy yokda edebiyady gosgyn duzulis stilini bilemok welin okanda sozler biri biri bilen baglansanokda kapyasy yok azajyk ussunde islesen gul yaly bolarmyka diyyan oz pikrim sizi biljek dal
DonMaxx
18 авг 2022, 01:10
saz goysan bet halk aydym bolar
Ayjahan
18 авг 2022, 10:44
Maňa babamjany ýatlatdy... goşgy gowy ýazylypdyr...