Durmuş oýlanmasy

Durmuş oýlanmasy

Gün çykdy lowurdap misli çog ýaly,
Başlandy ýene-de bir ajaýyp gün,
Ajaýyp Säheri synlan mahalym,
Hem şatlanyp,hemde gamlanýar göwün

Sebäp ähli säherlerem edil şuñ ýaly,
Ajaýyp hem tämiz bolup baranok,
Köp säherler kalba şatlyk paýlasa,
Käbir säher ony edip bilenok

Olar paýlaýar gaýgy hasraty,
Käwagtlar bolsa getir ölümi,
Ölüm diýen zadyñ belli kanuny,
Soldyrýar ol bu durmyşyñ gülüni.

Ine çogly Gün bilen goşulyp,
Ýene geldi ajap, bir syrly säher,
Kimler biler bu säheriñ syryny,
Ajaýyp sähermi ýa tukat säher.

(C) Annadurdy (Arslan) Otuzow
1 лайков 116 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.