Obam

Saña gelsem çaga ýaly bolýaryn,
Gül keshbiñe teshne ýüregim, obam.
Sende çagalygym ýada salýaryn,
Ykbal tugum, baky geregim, obam.

Ejem, kakam, sende guran ojagna,
Gör, niçe yhlasyn siñdirendirler.
Çagakam dashyña büdüräp, sojamda,
Aglasam, gör, näçe diñdirendirler.

Düzleriñde läle kakan günlerim,
Hakydama keshde bolup ornandyr.
Gujagyñda arzuwlarym shineläp,
Gül goýnuña wysal bolup ýaýrandyr.

Seleñ sähralañda çagalygym bar,
Mylaýym ene deý juda eziz sen.
Huzuryña seždä barýan, küýseýän,
Sensiz mährem mekan, mydam ejiz men.


Awtor Dursun Tekäýewa
16 лайков 120 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Begmyrat
17 авг 2021, 23:34
Oba nireden ? Mahrim