Zehin, ukyp we zähmet zerur

ZEHIN, UKYP WE ZÄHMET ZERUR

Ýaşuly adamlarda köplenç şeýleräk bir häsiýet bolýar: olar ýaşlar bilen gürrüňdeş bolanlarynda, iňirdemäni gowy görýärler:
― Biz siziň ýalykak beýle däldik. Siziň käbiriňiz eýlenmedik palçyga, käbiriňiz ýüzüni ýokary tutýan gamyşa çalym edýärsiňiz. Dogrusyny aýtsam, sizden meniň göwnüm suw içenok. Aýyplaşmaň: gahryman siz däl, bizdiris...
Umuman, ýaşlar, ylaýta­da, şu wagtyň ýaşlary igenji onçakly halamaýarlar. Asyrlyk adatda, elbetde, uly güýç bar. Türkmen halkynda «Uly başlar, kiçi işlär», «Ululara aýtmak, kiçilere diňlemek kada» diýen ýaly nakyllar bar. Emma haýp ýeri, şol kada hemişe saklanyp duranok: berilýän maslahatlar käbir wagtda ýele sowrulýar. Dogrusyny aýtsam, keseden berlen maslahatlara ýaşlaryň birsyhly gulak asyp durmaklary, belki, gerek hem däldir. Şeýle bolanda, olara täzelik gazanmak aňsat düşmez: ony her kim öz aňy, öz ukyby bilen ýüze çykarmaly. Eýsem­de bolsa, ýaşulularyň maslahatyna gulak asmak ýaman däl. Sebäbi olar ýaşlara garanda, gary köpräk basandyrlar, dünýä­de iki, belki, üç esse köpräk ýaşandyrlar, durmuş tejribeleri ýaşlaryňka garanda has köpräkdir.
Meniň häzirki aýdýan hem aýtmakçy bolýan zatlaryma gulak asmak gerekmi­gerek dälmi, peýda etjekmi­ýokmy, dogrusyny aýtsam, men özüm hem oňly bilip duramok. Eýsem­de bolsa, häzirki edebiýatçy ýaşlara öz pikirimi mälim etmegi borjum diýip düşünýän.
Men gojalanym üçin däl­de (garrylygy entek boýun alamok), ýaşuly ýazyjy bolanym üçin, öňi bilen, başga bir zady ýatlatmak isleýän. Bizde häzir: «Ýaşlar çynlakaý meselelere baş uranoklarda, özleriniň gündelik durmuşlaryndaky ownujak zatlara pikir berýärler» diýen igenç bar. Şol igenç, şol hakykat, elbetde, dogry! Belki hem, meniň häzirki günde haýsy mowzugyň, haýsy meseläniň ähmiýetlidigi barada aýtmagym zerurdyr? Emma men ony aýdyp biljek däl. Sebäbi her bir mowzugyň, her bir meseläniň ähmiýetli bolmagy mümkin: ol şol meselä baş goşýan adamynyň şoňa ýapyşyşyna, ukybyna bagly. Başlangyç ýazyjy üçin iň ähmiýetli bolan zehinden başga näme zerur?
Elbetde, ilkibada powestden, romandan başlamagy men makul bilemok, hut ýüregiňizden tursun, bütin damarlaryňyzy yzarlap janyňyzdan syzyp çyksyn, öz aýtjak bolýan zadyňyzy aýdyp bilmeseňiz, dünýäde ýaşamak mümkin däl ýaly duýulsyn. Ukyp hem çeperçilik zerur.
Elbetde, zähmet çekmek zerur. Eliňe galam alyp, desse­desse kagyz garalamak bilen ýazyjy bolmak mümkin däl. Bizde şol hakykata entek oňly düşünmeýänler­de bar. Biziň başlangyç ýazyjylarymyzyň eserleriniň köpüsiniň gowşaklygy, käbiriniň bolsa gazet­žurnal sahypasyny nähak eýelemegi, elbetde, ýokuş bir hakykat!..
Sen eger ýazyjy bolmagy ýüregiňe düwen bolsaň, seniň üçin onuň nämä gereginiň bardygyny, edebiýat meýdanyna näme üçin baş urýanyňy, sen ondan näme isleýäniňi ― öňi bilen, mazalyja oýlan. Ilki bilen, başarjak işiňe, ondan soňra başarmak barada jan gaýgyrmajak işiňe ýüz ur. Şöhrat hiç wagtda zähmetsiz emele gelenok!
Bizde: «Aglamadyk oglana emme ýok» diýen nakyl bar. Bizde aglamaýan, hatda maslahat soramaýan «oglanlar» hem ýok däl: gazet­žurnalda birnäçe şygry, oçerki ýa­da hekaýasy çykanlardan käbiri özüni çynlakaý ýazyjy hasap edýär, kitapçasy çykaýsa, özüni «aňrybaş ussatdyryn» diýip, düşünýän hem bar. Ýazyjy bolmak şeýle adamlar üçin örän aňsat duýulýar!
Halkda: «Zähmet siňmedik aşyň tagamy ýok» diýen nakyl bar. Zähmet çekmeýän ýazyjynyň ady uzaga ýaýranok. Ýazyjynyň esasy zähmetiniň biri ― öwrenmek. «Sallançakdan tä gabra çenli öwren» diýen nakyl bar. Dogry, bütin ömrüne öwrenmek gerek. Ýöne welin, ýaşlykda baş çalasyn işleýär. Ýaşlykda örän hüşgärlik hem özüňden­özüň talap edijilik zerur. Şol sözleri şeýle diýmäge mejbur bolýar.
Ýaşkaň özüňe örän sahy, käte bolsa örän sähneleç bolýaň. Ol biziň hem başymyzdan geçipdi. Ýaşlar köplenç wagtda: «Aý, şu wagtdan özüňi derňäp, dert­azara galyp ýörmäň nämä geregi bar? Iň ýagşysy çalasynrak ýazaýyn, goý, ýaramazrak bolsun ― çap edilse bolýa­da. Meniň esasy ömrüm şindi öňde ahyry! Özümi düzetmäge, çynlakaý ýapyşmaga şindi wagt kän» diýip oýlanýar. Ömür ýodasyna gadam urup, has ilerräk ädimläp, akyl käsesi biraz gaýnap başlandan soň bolsa: «Häzirki ediljek işleri öňräk etsem bolmaýamy! Öňki eden işlerimi harsal etmän, olara örän janypkeş ýapyşsam bolmaýarmy?» diýip ökünýär. Emma suw seňrikden agandan soň, ökünç peýda berenok. Düýnki ýa öňňinki ýazanlaryň bu gün ölüp, hiç kime peýda bermän, ýogalyp gidenini ýadyňa salaňda, ýüregiň nähili awaýar! Geçen wagtyň gaýdyp gelmeýäni, düýnki ömrüň hazan uran gül ýaly bolup galýany hiç kime gizlin däl ahyry!
Ýaşlykdaky, başlangyç döwrüňdäki işleriňe aýratyn baha bermek, ony syntgydan geçirmek zerur!
Başlangyç ýazyjylarymyzyň köpüsi uniwersitetden, institutlardan edebiýat meýdanyna gelýär. Diýmeli, olar göni durmuşa aýak basan, rahatlanan, adatlanan adamlar. Biziň häzirki ýaşlary durguşan, salyhatly ýazyjylarymyzyň köpüsini bolsa gazet­žurnal emele getiripdi. Şonuň üçin hem olar özbaşdak iş alyp barmaga mejbur bolup (olar döwrüň başlangyç adamlary bolany üçin, häzirki ýaşlaryň golunda bolan göreldeden mahrumdy), özlerine özleri ýol açmak, ýalňyşlyklaryna gynanmak, üstünliklerine begenmek bilen durmuş tejribesini iş üstünde gazanypdylar. Şol wagtda deň­duşlarym, hatda ýaşlar hem görnetin bilime topuldylar, günsaýyn okadylar, öwrendiler, işlediler, bütin durmuşlary bilen özlerini işe, döredijilige tabşyrdylar. Şol wagtda her ugurda işgär ýetmezligi, barja işgärleriň­de biliminiň pesligi, tejribesizligi zerarly ― işiň kynlygy hiç kime gizlin däldi. Şol wagtyň başlangyç ýazyjylaryna öwrenere hiç kim, görelde alara hiç zat ýokdy. Men, elbetde, ýaşuly ýazyjylar bilen başlangyç ýazy­ jylary biri­birine garşy goýmak, ýaşlaryň açyljak bagtyny bökdemek islämok: ýaşlaryň ýagdaýlarynyň ýeňildigi, her bir weçden üpjünçiligi guwançly bir ýagdaý. Ýöne welin, durmuşa bolan nebsewürligi, adamlara bolan ünsi hiç wagtda goldan bermeli däldir.
Elbetde, biziň ýaşlygymyzda­da bir hili geňenaýylyk, gülkünçlik ýok däldi. Men Garaja Burunow bilen aramyzda bolan ýaryşy käte ýadyma salýaryn. Ikimiz bir jaýda ýaşap, «kim gowy ýazmaşak» diýen ýaly jedelleşip, goşgy ýazýardyk. Hatda «Gyzlar dünýäsi» bilen ýene bir eserim­de şol jedel esasynda döräpdi. Şol wagtda bizde edebiýata bolan höwes örän güýçlüdi. Men şol wagtda diňe özbekçe, azerbaýjança, tatarça edebiýatlary okaýardym, rusça bilmeýärdim. Günsaýyn dynuwsyz okuw, öwreniş netijesinde rusça­da düşündim. Adam ýüregini bire baglap, bütin durmuşy bilen topulanda, öz maksadyna hökman ýetýär. Şol wagta çenli biziň edebiýatymyzda şu günki manysy bilen garaňda, kyssa ýokdy. Gündizleriň ünsi, gijeleriň ukusyzlygy hem göreldelerden peýdalanyş netijesinde kyssa­da döredi. Şol döwürde biziň azdan­köpden ýalňyşymyz­da gyt däldi. Emma tankytçylar bizi mazaly «taýaklaýardylar», biz oňa dözýärdik. Netijede bolsa, şol tankytlar biziň döredijiligimize oňyn ýardam berdi.
Biz biri­birimiziň eserimizi käte biraz gabanjaňlyk, käte kem­käs men­menlik, emma köplenç wagtda söýgi bilen okap, ýoldaşymyzyň kemçiligine gynanyp, üstünligine guwanýardyk, netijede eseriň hiliniň ýokary bolmagyna aýratyn üns berýärdik.
Nurmyrat Saryhanow menden ýaşrakdy. Ilkibatlarda ol maňa eýerjeň hökmünde ýazýardy, meni özüne görä ökderäk hasap edip, hekaýany nähili ýazmak, keşbi, gylygy nähili döretmek barada dynuwsyz soraýardy. Ol özünden ökdeden görelde almaga namys etmeýärdi. Şol häsiýet onuň döredijiligine aýratyn kömek edýärdi. Kitap barada men birwagt kiçijik bir hekaýa ýazypdym. Emma soňra Saryhanowyň ýazan «Kitaby» meniňkä garaňda has güýçli bolup çykdy. Şol barada men öz ýeňlenimi keýpihon boýun alýaryn. Käşgä, şeýle «ýeňişler» has köpräk bolsady.
Gadyrly ýaşlar, siziň şeýle ýeňşiňize ýaşuly ýazyjylardan kim garşy bolar? Hiç kim! Edebiýat meýdanynda kim bir ädim öňe düşse, ähli hormat, bütin söýgi, öňi bilen, şoňa degişli!
Dogry, yza galanyňyzda biziň käbirimiziň azdan­köpden ynjamagymyz hem mümkin. Emma şeýle adam köp
däl. Siz başardygyňyzça bizi ýeňmäge çalşyň!
Ýazyjy öz döredijiligini peseltmezligi üçin ony birsyhly gowulandyrmagy zerur. Biziň ýaşlarymyzyň döredijiliginde çendan şonuň çepbesine bolýan wagty­da bolýar, birinji kitabyna garaňda, ikinjisi gowşak çykýar. Şol bolsa özüne­özi artyk baha bermegiň, nepis sungaty äsgermän, öz hünärini aýak astyna salmagynyň netijesi. Ýazyjy öz işine dynuwsyz üns berip, durdugyça gowy ýazmak barada oýlanmaly ahyry! Arman, döredijilikde bolan zerur kanunyň çendan unudylýan ýerleri­de bolýar!
Men, ylaýta­da, Kerim Gurbannepesowyň döredijiligine aýratyn baha berýärin. Ol goşgy düzmäge örän ussa, mazmuny-da gowy. Çeperçilikde Kerimden görelde alan ýaş edebiýat meýdanyna giň ädim ätse gerek. Kerimiň soňky poemasy «Taýmaz babanyň» nähili öwleni hiç kime gizlin däl. Çeperçiligi barada men hem şol öwgä goşulýaryn. Onuň şygry özünden özi akýar, okaňda göwnüň göterilýär, dili­de sada. Emma men şol öwginiň bir tarapyny makullamok. Çeper eseriň durky bilen mazmuny biri­birine kebşirlenen bolmaly. Kerimiň «Taýmaz babasynda» eseriň bütin durkuna mazmuny laýyk gelenok.
Döredijilik aýna ýaly tämiz bir zat. Onuň ýüzüni çaň basmazlygy üçin hemişe derňäp durmak zerur. Öz işiňe özüňi adatlandyrmak, öz gahrymanlaryň barada hemişe oýlanmak, eserdeňligiňi, görgürligiňi artdyrmak, köpräk okamak, öwrenmek ― döredijiligiň iň zerur şertlerinden biri.
Döreden eserlerimiň arasynda iň gowragy «Aýgytly ädim» bolsa gerek. Şol bolsa, doganlyk edebiýatlaryny, ylaýta­da, rus edebiýatyny köp okanymyň, öwrenenimiň netijesimikän öýdýän. Men M. Gorkiniň, L. Tolstoýyň, M. Şolohowyň eserlerini terjime etdim, olaryň keşplerini nähili berýändiklerine, kompozisiýany nähili düzýändiklerine aýratyn üns berdim. Şeýle çeper eserleriň üsti bilen edebiýat «uniwersitetini» geçdim. Men «Aýgytly ädimiň» terjimeçilerine, redaktorlaryna, tankytçylaryna halys ýürekden minnetdardyryn. Şolaryň görkezen belliklerine, maslahatlaryna görä, men öz romanymy birnäçe gezek işledim. Ýere nähili timar berseň, hasyly köp berşi ýaly, eseri näçe işleseň, şonça gowulanýar. Şonuň bilen bile «Aýgytly ädimdäki» wakalary öz bäş barmagym ýaly görýärdim, bilmeýänlerimi kemsiz öwrenipdim. Şu sözleri, elbetde, özümi görkezmek üçin aýtman, gazanan tejribämden, kemsiz bilýän zatlarymdan ýaşlara ýönekeý gürrüň berýärin. Okyjylaryň diňe şol tarapyny nazara aljaklaryna­da ynanýaryn.
Men 1930­njy ýylda Türkmenistana gelen rus ýazyjylary bilen birnäçe gün bile gezipdim (Dogrusy, şol ýazyjylar bilen duşuşanmyzda, heniz hem doganlarça gujaklaşýarys). Nikolaý Tihonowyň ýol bukjasyny kebzesine daňyp, syýahatçylarça hereket edeni, nätanyş durmuşa nebsewür höwes, hyrydar göz bilen garaýşy heniz hem meniň gözümiň öňünden gidenok. Leonid Leonowyň: «Ýazyjy bolmak isleseň, her gün ýazmak gerek, goý, az bolsun ― uz bolsun, emma her gün ýazmak zerur» diýeni meniň ýüregimde örän mäkäm ýerleşipdir. Şonuň özi ýönekeý maşkmy? Ýok. Ol zähmetden, medeniýete adatlanmakdan, öz döredijiligiňe halys ýürek bilen ýapyşmakdan ybarat. Seni ýaltalyk bassa, sen oňa boýun egme­de, dyrjaş, «ylham gelenokmy» ― iş üstünde basa otyr, oýlan. Iş wagtynda gerekmejek zatlaryň hemmesini başyňdan sow­da, pikiriňi durla, döret, ýönekeý däl­de, ýerlikli, gymmatbaha zat emele getir.
Ýaşlardan ýeňil girdejä kowalaşýanlar hem ýok däl. Käbir zatlary harsal ýazýanlary üçin, şu günki ýazanlary ertir ýogalyp gidýär. Şonuň ýaly gowşak eser bilen pul gazanyp bolsa­da, şöhrat gazanyp bolmajagyna birnäçeler düşünmeýär. Bizde «Çopana meýlis haram» diýen köne nakyl bar. Şol ýazyjy üçin hem şeýleräk bolmaly.
Men mundan bir ýyl gowrak ozal Andreý Upitiň 80 ýyllyk ýubileýine gatnaşdym. Onuň ertirden günortana çenli her gün işleýänini latyş ýazyjylary maňa höwesjeň gozgalaň bilen gürrüň berdiler. Şonuň üçin hem Upit ýatdan çykanok. Ol şöhrat eýesi!
Ýaş edebiýatçynyň durmuşynyň, gün tertibiniň aýgytly bolmagy örän ähmiýetli mesele. Meniň göwnüme bolmasa, ýazyjylarymyzyň ömür depgini, durmuşy, işi örän haýal hereket edýär. Bizde köplenç wagtda agraslyk, käte bolsa geleňsizlik, öz ömrüňe haýpyň gelmezlik duýulýar. Dostlar çagyranda hökman barylýar (barmak, elbetde, gerek), emma köpräk oturylýar, artygrak gürleşilýär. Ertir çöle çykasyň, birigün awa gidesiň gelýär, günleriň haý­howaýy geçýän çaglary­da az däl. Olaryň daşyndan dürli ýygnaklar­da ep­esli wagtyňy alýar. Şonluk bilen günler geçýär, ýüzlerçe, müňlerçe sagatlar ötýär. Şol sarp bolýan pursatlar sagatlaryň, günleriň geçýän çaglarynda duýulmasa­da, akylyňy bir az jemläp oýa çümeňde, kemsiz syzylýar. Meniň hem günlerimiň, altyn wagtymyň şonuň ýaly haý­howaýy sarp bolýan çaglary az däl. Ol örän haýp!
Geliň, biz şol wagty biderek geçirmezlige çalşalyň!
Meniň Nebitdagda (häzirki Balkanabat) ep­esli ýaşanym size mälimdir. Nebitçileriň nämesiniň meni haýran galdyranyny siz, belki, bilýän dälsiňiz? Men şol ýerde aýratyn üýtgeşik ýagdaýlar bilen tanyşdym: işçiniň, tehnigiň, inženeriň iş güni şol ýerde örän çylşyrymly, senagatda olaryň hemmesiniň işi biri­birine bagly. Eger şolardan biri öz işini wagtynda ýerine ýetirmese, meselem, energiýa tok bermese, zynjyry gyrlan tigir ýaly hemmesi birden duraýýar. Şol ýerde düzgün­tertip, durmuş ritmi örän anyk, örän çalasyn, örän haýbatly. Şonuň üçin hem şol ýerdäki adamlar-da işe, durmuşa, öz ýoldaşlaryna örän eserdeňlik duýgusy emele gelýär, umumy iş üçin olaryň her biri özüni jogapkär saýýar.
Biz ýazyjylar, ylaýta­da, ýaşlar şol düzgün­tertibi, şol duýgyny näme üçin özümizde özleşdirip bilemzok? Biziň hem birimiz agsasak, beýlekä asgynjak bolýas ahyry! «El­eli ýuwar, iki el birigip, ýüzi ýuwar» diýlişiž ýaly, biziň hem işimiz umumy bir iş ahyry! Geliň, biz durmuş depginine eýermegi, çalasyn, oňat hem köp işlemegi başarmagy, öz ýoldaşlarymyza mähriban duýgyny işçi dostlarymyzdan öwreneliň!
Men şu iňirdili hem kem­käs pytraňňy belliklerimi diňe bir maksat üçin, ýagny biziň çalşygymyz hem ynanjymyz bolan ýaşlaryň ýadyna salmak üçin beýan etdim. Sebäbi biziň baş goşýanymyz, ýazyjylyk işi ― örän ähmiýetli, örän ullakan iş! Edebiýata bütin ýüregiň bilen örän höwesjeň hem çynlakaý ýapyşmaly ― edebiýat şony talap edýän hem ündeýän ägirt bir mesele!
Biz ― ýazyjylar halk üçin halk barada ýazýarys. Halka hyzmat etmekden gaýry hormatly, jogapkärli iş ýok. Şol hyzmatyň özi ýönekeý bir söz bilen däl­de, doly ýürek bilen bolmaly. Şahyryň, ýazyjynyň, tankytçynyň ýüregi şoňa kemsiz joşmaly. Biziň hyzmat edýän işimiziň belentdigini hiç kimiň hiç bir minutda unutmazlygy, ýüreginiň her bir urumy şony syzmagy zerur. Halkyň elimize beren, bize ynanan ýaragy örän kesgir bolmalydyr.
Biz şol ýaragy hemişe tämiz saklap, mukaddes iş üçin dynuwsyz, ak ýürek bilen ulanalyň!

Berdi KERBABAÝEW
4 лайков 326 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
25 июн 2022, 15:22
???? mugallym
Maksat
25 июн 2022, 16:01
"Ýaşuly adamlarda köplenç şeýleräk bir häsiýet bolýar: olar ýaşlar bilen gürrüňdeş bolanlarynda, iňirdemäni gowy görýärler:
― Biz siziň ýalykak beýle däldik"

Çyn bilen bizar boldumow şu sözden.
Biohimik
25 июн 2022, 16:30
Keaip_begcon
"Ýaşuly adamlarda köplenç şeýleräk bir häsiýet bolýar: olar ýaşlar bilen gürrüňdeş bolanlarynda, iňirdemäni gowy görýärler:
― Biz siziň ýalykak beýle däldik"

Çyn bilen bizar boldumow şu sözden.

Yalnysh gorelde bolya kabiri ozune bolup yorishine seredyañ welin....... Borlay.... Yone aytyan zatlary men plandym plan edyadim diyip bize aldamany owredyaler gaytam.....
Soho
25 июн 2022, 16:30
"Gyzlar dunyasi" Berdinazar Hudaynazarowynkydyr oydyadim...
Öwreniji
25 июн 2022, 16:49
Keaip_begcon
"Ýaşuly adamlarda köplenç şeýleräk bir häsiýet bolýar: olar ýaşlar bilen gürrüňdeş bolanlarynda, iňirdemäni gowy görýärler:
― Biz siziň ýalykak beýle däldik"

Çyn bilen bizar boldumow şu sözden.

ahm ahm, häzir näçe ýaşyňda
Maksat
25 июн 2022, 16:53
Remezan,
Şu ýerde aýtmaryna agam şony.
Hiayress
Автор 25 июн 2022, 17:01
Keaip_begcon,
Näme üçin?! Diňe gyzlaryň ýaşy soralmaýar ahyryn. ))
Maksat
25 июн 2022, 17:06
Hiayress,
Käbir jahyllar ýaş bolsam çaga diýer, ulyrak bolsam garry diýer, oňuşaýalyla how. :)
Öwreniji
25 июн 2022, 20:10
Keaip_begcon,
Dogry diýýäň, men ýaşuly bolup, aýtjak bolýan seniň ýaşyňda men, kim ýaly aý supermen ýalydym.