Ogulsenem Taňňyýewa - Hommadyň Gyzy (hekaýa)

Hommadyň gyzy Bägül şeýle bir gyz bolup ýetişdi, ony görmäge göz gerekdi, synlamaga gaýrat. Ol Bägül diýseň bägüldi. Onuň gabadyndan gyza nazar salman geçýän ýokdy. «Perileriň görkem Hommadyň gyzy Bägüliňkiçe ýa bolandyr, ýa bolan däldir» diýşip, gyz babatda gürrüň çykan ýerde aýdýardylar.
Hommadyň gyzy Bägüliň görk-görmegine obanyň diňe bir ýaş ýigitleri maýyl däldiler. Oňa bakan gyzlar-da, aýallar-da, garry adamlarhem onuň hoş suratyny synlap ganmaýardylar. «Nähili görmegeý gyz» diýşip, ony görenler misli jadylanan ýaly, hiç bir söz-de diýip bilmän, ýöne gyza bakar durardylar. Ogullary ýetişenler Bägüli görenlerinde öz ogullaryna-da şeýle hoşsurat maşgalanyň gelin bolmagyny hudaýdan dilärdiler. Gyzlar oňa bakyp, öz görkleriniň Bägüliňkiçe ýoklugyna arman çekerdiler.
Ýigitleriň bary onuň ugrunda ser-sepildi. Misli obada başga gyz ýok ýaly, olar gijesi bilen Hommadyň gyzy Bägüle ýetmek arzuwyna çümüp çykardylar. Daň atýança, Bägül hakda pikir öwürýärdiler. Bütin gije düýşlerinde Bägüli görüp çykýardylar.
Öz gyzynyň ýetişdigisaýy görklenip, hemmäniözüne maýyl edip barýanyny Hommat-da duýýardy. Ol özüniň şeýle gyzynyň baryna begenip-begenip, ganat bekläýjek bolýardy. Gyzy hakda pikir öwrende, öňem belent başy ýene bir gez beýgelen dek bolýardy. Göwrümi giňäp, dünýeler oňa gyzykly görünýärdi.
Daýhan birleşiginiň hasapçysy bolansoň, uzadan ýerine eli ýetip duran Hommat gyzyny gurjak kimin bezeýärdi. Oňa täsinden täsin matalardan köýneklik alyp berýärdi. Owadan-owadan matalar öňem görmegeý gyzy has-da görklendirip, oňa aşyk bolanlary dagy dälilik hetdine ýetirýärdi. Onsoň hiç hili magazin, klubyň ugry bolmasa-da, ýigitler Bägüli iň bolman birje gezek görüp galmak üçin uzakly gün Hommatlaryň köçesinden ibirt-de-zibirt gatnaşar durardylar.
Görk-görmegi günsaýyn artyp, ýetişip barýan gyzyny ahyr bir gün birine berip goýbermeli boljakdygy hakdaky pikir heniz Hommadyň ýatsa-tursa oýuna-da gelenokdy. Ol özüni hamala ýetişdiren çagasyny başga birine berip goýbermek ýaly, durmuşyň kyn pursady öz başynda ýok ýaly duýýardy. Misli bu zatlar özüne degişli bolmajak ýalydy. Şonuň üçin ol goňşy-golamlaryň gyz çykaryp, perzent aýralygyna çydaman, aglaşyp-eňreşip ýörüşlerine-de biperwaý garar goýardy. Olaryň derdini duýmazdy...

DOWAMY BAR...
5 лайков 216 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
S❤
26 июн 2022, 00:13
Yaman bolup gutarya yza. Birhili boldum okamda
Apples
26 июн 2022, 00:13
Onem okapdym gowy eser,+++
Nazar
26 июн 2022, 00:26
Ehh bir gezek okapdym. Gynandym birhili