"Hamala çagalyk geçmejek ýaly..."
Hamala çagalyk geçmejek ýaly,
Çagalygyň kenarynda kän durdum.
Bu dünýä durşuna sowaldy maňa,
Şo sowallaň jagabyna näm berdim.
Ol şeýle kenardy, --
Beýik kenardy,
Alkymynda sorag adasy bardy.
Aňyrsynda bolsa, başga bir beýik,
Başga bir giň kenar uzap gidýärdi.
Ol şeýle bir uzak, şeýle çuň eken,
Ol şeýle bir beýik, şeýle giň eken,
Çeker şatlygyny diňe göteren,
Gaýgysynam diňe göteren çeker.
Şo kenara gelip oý edip ýörün,
Ýygnap ýeňil, agyr soraglaň baryn--
...Ne bir o kenarda jogap tapdym men,
Ne bir bu kenarda jogap tapýaryn.
Gurbannazar Ezizow.
Çagalygyň kenarynda kän durdum.
Bu dünýä durşuna sowaldy maňa,
Şo sowallaň jagabyna näm berdim.
Ol şeýle kenardy, --
Beýik kenardy,
Alkymynda sorag adasy bardy.
Aňyrsynda bolsa, başga bir beýik,
Başga bir giň kenar uzap gidýärdi.
Ol şeýle bir uzak, şeýle çuň eken,
Ol şeýle bir beýik, şeýle giň eken,
Çeker şatlygyny diňe göteren,
Gaýgysynam diňe göteren çeker.
Şo kenara gelip oý edip ýörün,
Ýygnap ýeňil, agyr soraglaň baryn--
...Ne bir o kenarda jogap tapdym men,
Ne bir bu kenarda jogap tapýaryn.
Gurbannazar Ezizow.
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.