Ada
Bir wagtlar bagt, akyl, gaýgy, söýgi ýaly zatlaryň bary jem bolup bir adada ýaşaýar eken. Bir gün olara adanyň suwa gark boljakdygyny, habar beripdirler. Bu habary eşidensoňlar olaryň bary adadan çykmak üçin gaýyklaryny taýýarlapdyr. Diňe söýgi gyssanmandyr. Çünki ol iň soňkyja pursata deňiç adada galmak isläpdir. Adany suw doly gurşap alan mahaly, söýgi kömek sorap başlapdyr. Şol mahal baýlyk, äpet gämide söýgiň ýanyndan geçip barýar eken. Söýgi: - Eý, baýlyk, meni hem öz ýanyňa alsana?- diýip haýyş edipdir. Baýlyk: - Ýok, alyp bilmerin. Gämim altyndyr-kümüşden püre-pür, saňa ýer ýok- diýip jogap beripdir. Onsaň söýgi ýanyndan geçip barýan ýelkenli gämili men-menlikden kömek sorapdyr. - Eý, men-menlik, haýyş maňa kömek etsene! Men-menlik: - Söygi, men saňa kömek edip biljek däl. Sen eýýam öl myžžyk bolupsyň. Bu ýagdaýda meniň gämimi hem suwa gark edersiň.- diýip jogap beripdir. Şol mahal gynanjyň gaýygy golaýlanmyş. Söýgi oňa-da ýalbarypdyr. - Gynanç, meni hem yanyňa alaý-da! - Ufff! Men şu wagt şeýle bir tukat weli, häzir maňa şu ýalňyzlygym kem däl ýaly. Söýgi bir seretse gapdalyndan begenç geçip barýarmyş. Ol şeýle bir şadyýanmyş welin, hat-da Söýginiň sesini hem eşitmänmiş. Söýgi şeýdip serimsap bolup durka, beýleräkden bir ses eşidilipdir: - Gel, söýgi, men seni öz ýanyma alaýyn. Söýgi şeýle bir begenipdir, begenjine öz halasgäriniň kimdigini soramagy-da unudypdyr. Gaýyk kenara ýetipdir. Söýgini halas eden, ony kenara taşlap, öz ýoluna rowana bolupdyr. Söýgi özüniň halasgärine bergidardygyny ýatlap, akyldan sorapdyr: - Meni halas eden kimdi? Akyl: - Ol wagtdy- diýip jogap beripdir. - Wagt, näme üçin maňa kömek etdikä? - Sebäbi, diňe wagt, söýgiň nähili beýik zatdygyny bilýär.
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.