Akyl,Söýgi,Gaýgy, Bagt
Akyl, Söýgi ,Gaýgy ýenede Bagt,
Bir ada:da ýaşapdyrlar bir wagt.
Derýanyň içinde joşanda suwlar,
Puç boldy edilen ajap arzuwlar.
Ählijesi şolbat kän oýa batyp,
Gark bolmajak bolup şaýyny tutup.
Akyl,Gaýgy,Bagt jemlenip birden,
Hereketin eden üçsi üç ýerden.
Söýgi darykmandyr kän garaşypdyr.
Umyt bile birdem ol göreşipdir.
Ahyr gark bolmakdan edip ätiýaç,
Halas bolmak üçin gözläpdir alaç.
Adany suw alyp başlapdyr birden,
Baýlyk gelenmişin şol wagt bir ýerden.
Äpet gämiň içi hakyt mermerden,
Doldurypdyr ony kümüşden zerden..
Söýgi zaryn bakyp sorapdyr kömek,
Baýlyk nije wagt bolduk duz emek.
Görýäňä ýer ýogam bu ýerde saňa!
Senden altyn kümüş zerurrak maňa!
Görünýä men menlik gämili ýelken,
Dostjan öz ýanyňa alarsyň belkem!
Ýüzlenipdir Söýgi dostuna bakyp,
Ýalbarypdyr ahy nalalar çekip.
Seni halas edip bilerdim ýöne,
Üstüňem öl myjjyk özüň görýäňä.
Meňem gämim suwa gark bolar onsoň,
Halas edip bilmen men seni bilseň.
Bir ýandan görünýär gämili Gynanç,
Söýgüde durmuşa galmandyr ynanç.
Ondanam özüne bir kömek sorap,
Alyp gidäý meni barsaňda niräk!
Alyp gitmen diýip çykypdyr seda,
Men öz ýekeligmi söýýärin juda.
Olaň hiç birinden kömek bolmandyr,
Hiç haýsysy gämisine almandyr.
Şol wagt ses gelip birden gaýypdan,
Ýer bereýin diýýär saňa gaýykdan!
Söýgi begenjinden ýitirip ugryn,
Kimlignem görmändir şol halasgäriň.
Halas edip ony, däli diwana,
Soňra öz ýoluna bolýar rowana.
Söýgüde az salymdan özüne gelip,
Dostuna sagbolsun aýtmakçy bolup.
Akyldan soraýa halasgärim kim?
Şol bolmanda menem bolmazdym belkem.
Men saňa sözlesem sözleriň rastyn,
Seni halas eden Wagtdy dostum.
Bar ekeni onda rehimli ýürek,
Meni halas etmek Wagta nä gerek!
Akyl jogap berdi syn salyp Söýgä,
Wagt düşünýändir iň beýik duýga.
Çyn söýgi wagt bilen ölçäp bilinýär,
Söýgi wagtyň eleginde elenýär.
Gadyr gymmatyňy saklaýanam Wagt,
Söýgüň bar ýerinde gujak açýar Bagt.
Süleýman Tekäýew
Bir ada:da ýaşapdyrlar bir wagt.
Derýanyň içinde joşanda suwlar,
Puç boldy edilen ajap arzuwlar.
Ählijesi şolbat kän oýa batyp,
Gark bolmajak bolup şaýyny tutup.
Akyl,Gaýgy,Bagt jemlenip birden,
Hereketin eden üçsi üç ýerden.
Söýgi darykmandyr kän garaşypdyr.
Umyt bile birdem ol göreşipdir.
Ahyr gark bolmakdan edip ätiýaç,
Halas bolmak üçin gözläpdir alaç.
Adany suw alyp başlapdyr birden,
Baýlyk gelenmişin şol wagt bir ýerden.
Äpet gämiň içi hakyt mermerden,
Doldurypdyr ony kümüşden zerden..
Söýgi zaryn bakyp sorapdyr kömek,
Baýlyk nije wagt bolduk duz emek.
Görýäňä ýer ýogam bu ýerde saňa!
Senden altyn kümüş zerurrak maňa!
Görünýä men menlik gämili ýelken,
Dostjan öz ýanyňa alarsyň belkem!
Ýüzlenipdir Söýgi dostuna bakyp,
Ýalbarypdyr ahy nalalar çekip.
Seni halas edip bilerdim ýöne,
Üstüňem öl myjjyk özüň görýäňä.
Meňem gämim suwa gark bolar onsoň,
Halas edip bilmen men seni bilseň.
Bir ýandan görünýär gämili Gynanç,
Söýgüde durmuşa galmandyr ynanç.
Ondanam özüne bir kömek sorap,
Alyp gidäý meni barsaňda niräk!
Alyp gitmen diýip çykypdyr seda,
Men öz ýekeligmi söýýärin juda.
Olaň hiç birinden kömek bolmandyr,
Hiç haýsysy gämisine almandyr.
Şol wagt ses gelip birden gaýypdan,
Ýer bereýin diýýär saňa gaýykdan!
Söýgi begenjinden ýitirip ugryn,
Kimlignem görmändir şol halasgäriň.
Halas edip ony, däli diwana,
Soňra öz ýoluna bolýar rowana.
Söýgüde az salymdan özüne gelip,
Dostuna sagbolsun aýtmakçy bolup.
Akyldan soraýa halasgärim kim?
Şol bolmanda menem bolmazdym belkem.
Men saňa sözlesem sözleriň rastyn,
Seni halas eden Wagtdy dostum.
Bar ekeni onda rehimli ýürek,
Meni halas etmek Wagta nä gerek!
Akyl jogap berdi syn salyp Söýgä,
Wagt düşünýändir iň beýik duýga.
Çyn söýgi wagt bilen ölçäp bilinýär,
Söýgi wagtyň eleginde elenýär.
Gadyr gymmatyňy saklaýanam Wagt,
Söýgüň bar ýerinde gujak açýar Bagt.
Süleýman Tekäýew
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.