Aladaly ýaryma hat (Özüm bn bagly däl ýöne, ylhamyň beren pikiri)
Nämüçin gamlanýaň?!
Aýdaýda ýarym!
Entek hemme zatlar bolup baranok.
Biz bolaly söýgümize wepaly,
Bilseň çyn söýgi,
Pul, ýaşa,
Asla garanok.
Diýýäň: "Ejem meni, garyba bermez!"
Hamala baýlykda çyn bagt bar ýaly.
Nähili kynçylyk geçse-de başdan,
Hiç wagt söýgi ýolda taşlama ýary.
Baýlyk berer iki günlük ýylgyryş,
Soňra galan ömre berer göz ýaşy.
Özüň azap edip, bişirip iýseň,
Mydam tagamly bor pukaraň aşy.
Gysga wagtda ýeten ähli zatlaryň,
Bilseň olaň bary mydam wagtlaýyn.
Garaz iki sözde aýdan zatlarmyň,
Manysyn alarsyň, yzyn aýtmaýyn.
Rahymberdi
Suhanow
Aýdaýda ýarym!
Entek hemme zatlar bolup baranok.
Biz bolaly söýgümize wepaly,
Bilseň çyn söýgi,
Pul, ýaşa,
Asla garanok.
Diýýäň: "Ejem meni, garyba bermez!"
Hamala baýlykda çyn bagt bar ýaly.
Nähili kynçylyk geçse-de başdan,
Hiç wagt söýgi ýolda taşlama ýary.
Baýlyk berer iki günlük ýylgyryş,
Soňra galan ömre berer göz ýaşy.
Özüň azap edip, bişirip iýseň,
Mydam tagamly bor pukaraň aşy.
Gysga wagtda ýeten ähli zatlaryň,
Bilseň olaň bary mydam wagtlaýyn.
Garaz iki sözde aýdan zatlarmyň,
Manysyn alarsyň, yzyn aýtmaýyn.
Rahymberdi
Suhanow
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.