Keşbi gözlerimde galan ýar bagtlymyň, men bolsa entägem sensizlik bilen göreşip ýörün...

Arada işler bilen Daşoguz şäherine gidipdim. Bu gün bolsa ýene oba gaýtdym. Etrabymyzdan obamyza gaýdýan aftobusa mündim. Biziň obamyzyň aftobusyna münmedik adam, aftobusda nähili derejede dyklynç bolup bilýändigini göz öňüne hem getirip bilmez. Megerem "Dar aftobusda" diýen goşgynyň dünýä inmegine hem, awtoryň biziň obaň aftobusyna münenligi sebäp bolan bolsa gerek. Men özi şu ýaşyma ýetip, iki sany oturgyçda oturyp görmedim birä sud zalynda günäkärlenýäniň gara oturgyjy bolsa beýlekisi oba aftobusynyň daýzalaryň şahsy mülki bolan oturgyçlarynda. Aftobusa münsem öz durýanja ýerim bar ýagny gapyň agzy. Ol ýerde nämede bolsa hemişe söýenmäne zat tapylýar. Bu saparam şol edähedime görä gapyň agzynda durdym. Öňki orunlarda oturanlara bir hatar göz aýlan mahalym zenanlaryň arasynda, bir geline gözüm düşdi. Gözüm düşdem welin aýagymyň aşagy oýulyp geçmiş oýlanmalarnyň düýbine gaçan ýaly boldum. Içimde "Bu şolmy?" diýen sorag dynman gaýtanýardy. Aljyradym, endamym kä sowaýan kä-te gyzýan ýaly duýyldy. Ýalňyşmasam şol pursatda ýüregim urmany, öýkenim bolsa dem almany unudypdy. Kellämi başgaýana aýlap başga zatlara sereden boldum, emma ne gören zadymy ne-de eşden zadymy aňýardym. Özümi dürsejek boldum welin ýene aljyradym. Şol pursat ruhym ummanda gark bolup, ölüm bilen ýaşaýşyň arasynda göreşýän janserek adam ýaly elewräp nämederni bilmeýärdi. Men bolsa hiç bir hereketsiz doňup galypdym. Ahyryn aşaga oýulyp giden ruhym bedenime dolanyp geldi, ruhym we men ikimiz hem özümizi dürsedik. Ýürek urmasyny, öýken dem almasyny ýene dowam etdi. Görýän we eşidýän zatlarymy aňyp ugradym. Ýene şol bar hasratlarymyň sebäpkäri bolan, gyňaç astyndaky gözleri ýene görmek üçin başymy öňe aýladym. Ýene şol bir sorag dolanyp geldi, ýene içimdäki özüm bilen çekeleşip başladym, "Bu şolmy? Eger bu şol bolsa näme üçin ikilenip duryn? Ýok bu ol däl, ýogsam ony ikilenmän tanardym." Hakykatdanam bir geňsiräk ýagdaý boldy, men öňdäki orunlarda oturan gelini kimdir birine meňzedipdirin. Eýýäm beýle hadysa mende ikinji sapar bolup dur. Oňa meňzeden ynsanlarym çyndanam şoňa meňzeşmikä ýa meniň gözlerim käte oňa meňzeş ynsany göresi gelýärmikä. Oňa meňzäp biljek biriniň bolup bilmejegine gözüm ýetibem duran bolsa, nädip her öň ýeteni oňa meňzedip bilýärkäm. Gije aýyň asmanda saýlanyp durşy ýaly ol hem ynsanlaryň arasynda saýlanyp durýardy ahyryn. Ol ýaglygyny gyňaja, gyzlyk dünýäsini gelinlige, meniň duýgylarymy bolsa öýündäkilerniň saýlawyna çalyşan güninden bäri näçe wagt geçdi. Ondan aýrylanyma gynanyp ýörünem welin, şu günler ýaşap ýörenime aýralygymyz sebäpmikä diýýän. Ýogsam ol gözler meni bireýýäm heläklärdi. Onuň gözelliginiň garşysynda, ýalynyň garşysynda duran ýaly bireýýäm ýanyp kül bolardym. Ol lebleriň deminde nädip ýaşap bilerdim ahyryn, meniň ejiz ýüregim beýle gözellige çydam edip bilmän urmadan dänerdi. Onyň müşki anbar nepesini içime soraýsam, şol pursat öýkenim başka howadan ýüz öwürerdi. Saçlar barada näme diýeýin, nämä deňäýin ol çäksiz gözelligi. Şol saçlaryň tary ýüzümi sypaýsa birden, beýle bagta nädip çydardym, bagtdan ölünýän bolsa şol pursat ölmezligim mümkin däldi. Näzik ellerde zähmetden ýygralan barmaklar, şol gabaran gollar şa gyzlarynyň gollaryndan gözeldi, nepisdi, mähirlidi has. Şol gabaran ellerden tutyp, barmaklara ýüzük dakmak men garyba miýesser etdirmedi, ýogsam men betbagt bagtlylykdan ölerdim bireýýäm. Gül roý bedeniň hakda, ýazmakçy däl men, ýazmaga hakymam ýokdur. Sebäbi Amerikany açan Hristofer Kolumbam görmdik ýurtlary barada hiç ýerde dil ýarmandyr. Maňa arzuw bolan ol gözellik indi arman boldy, ýetilmedik menzilim, amala aşmadyk arzuwym, paşmadyk bagtym. Gaýtalanmajak bahar bolup gelipdiň ömrüme, gözeldiň, gözeldiň çensiz. Şu günlere çen ýaşap ýörmegime aýrylanymyz sebäp, ýogsam gözelligiň meni bireýýäm heläklärdi.
Meniň ýüregim ejiz eken,
seniň taýsyz gözelligiň bolsa,
rehimsiz nejis eken.

mrokas
13 лайков 343 просмотров
42комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
27 июн 2022, 21:14
Gowy görüp okadym.Galamyñ ýiti bolsun!
Bol,hiç kim görmäkä "aftobuslary" "awtobusa"öwrüp çyk! :))
Telwas
27 июн 2022, 21:22
Salam. Ahyry göwnümi ýykman paýlaşdyňyz. Garaşanyma degdi bu oýlanmaňyz.
Men ýazuw kadalary barada hiç zat diýjek däl.
Armanly, ahmyrly söýgüňize gynandym.
Öldürmeýän agyry ynsany hasam güýçlendirýär. Sizem indi ejizligiňizden saýlanan bolsaňyz gerek.
Oýlanmaňyzy tüýs ýürekden haladym. Elleriňize güller bitsin! Sadaja kalbyňyzdan çykan çuňňur manyly, hakyky başdan geçirmeleriňiziň setirlere geçen görnüşini ýene biziň bilen paýlaşmagyňyza garaşýaryn.
Soho
27 июн 2022, 21:32
mbah, bey diydin:ow senem :(
Ötegçi
27 июн 2022, 21:35
Menem gaty halap okaýan oýlanmalarñyzy! Galamyñyz ýörgür bolsun!
Öwreniji
27 июн 2022, 21:57
Gowy pikirlendirýär, berekella
senagul
27 июн 2022, 22:28
Gowy oylanma.
Meryem
27 июн 2022, 23:52
Bizlerem halady galamyň ujy yiti bolsyn
Massimus
28 июн 2022, 01:11
Duýgulandyryjy ýatlama
Meryem
28 июн 2022, 07:28
Ewet
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 14:16
Bäh ... cilimkesh
ajy
28 июн 2022, 14:19
tüweleme! şular duranja bir talant, agasy goşgyñ dälisi
Edebiýatçy hemmmäñiz :)
SaDMaN
28 июн 2022, 14:31
gardash senem dashoguzlymy? Yesli chyo menem sho towerekden)
Ra 4444
28 июн 2022, 14:32
"Ol ýaglygyny gyňaja, gyzlyk dünýäsini gelinlige, meniň duýgylarymy bolsa öýündäkilerniň saýlawyna çalyşan güninden bäri näçe wagt geçdi." shu yeri hasam gowy bolupdyr ?
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 14:34
menem daşoguzly:)
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 14:34
garaburc,
agasy kim?
wordless
28 июн 2022, 14:45
garaburc, aýdaýma)))
ajy
28 июн 2022, 14:51
wordless,
aytsam yuregini eline alar))
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 14:53
wordless,
aydagaň
wordless
28 июн 2022, 14:55
Nairobi, @respect
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 14:56
wordless,
Allajanlarym şoň jigisimi şu? Towo towo
ajy
28 июн 2022, 14:57
sen bazar güni Shamahyñ awtobusyna yada ak altynyñka bir münüp gòr dykylyşy gòrersiñ :))
ajy
28 июн 2022, 14:57
wordless,
maña aytma diyip ozuñ aytyañmy ?
wordless
28 июн 2022, 14:59
Nairobi, hawa. Näme beýle geň galdyň?)

garaburçjan, bagyşla dözmedim..
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 15:00
wordless,
garaşamokdym
wordless
28 июн 2022, 15:01
Nairobi, yyllyz öňdenem bilýädi
ajy
28 июн 2022, 15:03
wordless,
meni ýamanlama?
ýaman gördüm ?
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 15:03
wordless,
tuweleme siz saytda yatan turan hemme zatdan habarly sizden öň gelip men zatdan soňa galyan
wordless
28 июн 2022, 15:05
Nairobi, o:t ýaltjakda biz aynekli
wordless
28 июн 2022, 15:06
garaburc, beýtmedä :( hany yylgyrsuratcy
My life
28 июн 2022, 17:22
Gowy yazylypdyr. Dowam ediñ,tuweleme gaty gowy