Keşbi gözlerimde galan ýar bagtlymyň, men bolsa entägem sensizlik bilen göreşip ýörün...

Arada işler bilen Daşoguz şäherine gidipdim. Bu gün bolsa ýene oba gaýtdym. Etrabymyzdan obamyza gaýdýan aftobusa mündim. Biziň obamyzyň aftobusyna münmedik adam, aftobusda nähili derejede dyklynç bolup bilýändigini göz öňüne hem getirip bilmez. Megerem "Dar aftobusda" diýen goşgynyň dünýä inmegine hem, awtoryň biziň obaň aftobusyna münenligi sebäp bolan bolsa gerek. Men özi şu ýaşyma ýetip, iki sany oturgyçda oturyp görmedim birä sud zalynda günäkärlenýäniň gara oturgyjy bolsa beýlekisi oba aftobusynyň daýzalaryň şahsy mülki bolan oturgyçlarynda. Aftobusa münsem öz durýanja ýerim bar ýagny gapyň agzy. Ol ýerde nämede bolsa hemişe söýenmäne zat tapylýar. Bu saparam şol edähedime görä gapyň agzynda durdym. Öňki orunlarda oturanlara bir hatar göz aýlan mahalym zenanlaryň arasynda, bir geline gözüm düşdi. Gözüm düşdem welin aýagymyň aşagy oýulyp geçmiş oýlanmalarnyň düýbine gaçan ýaly boldum. Içimde "Bu şolmy?" diýen sorag dynman gaýtanýardy. Aljyradym, endamym kä sowaýan kä-te gyzýan ýaly duýyldy. Ýalňyşmasam şol pursatda ýüregim urmany, öýkenim bolsa dem almany unudypdy. Kellämi başgaýana aýlap başga zatlara sereden boldum, emma ne gören zadymy ne-de eşden zadymy aňýardym. Özümi dürsejek boldum welin ýene aljyradym. Şol pursat ruhym ummanda gark bolup, ölüm bilen ýaşaýşyň arasynda göreşýän janserek adam ýaly elewräp nämederni bilmeýärdi. Men bolsa hiç bir hereketsiz doňup galypdym. Ahyryn aşaga oýulyp giden ruhym bedenime dolanyp geldi, ruhym we men ikimiz hem özümizi dürsedik. Ýürek urmasyny, öýken dem almasyny ýene dowam etdi. Görýän we eşidýän zatlarymy aňyp ugradym. Ýene şol bar hasratlarymyň sebäpkäri bolan, gyňaç astyndaky gözleri ýene görmek üçin başymy öňe aýladym. Ýene şol bir sorag dolanyp geldi, ýene içimdäki özüm bilen çekeleşip başladym, "Bu şolmy? Eger bu şol bolsa näme üçin ikilenip duryn? Ýok bu ol däl, ýogsam ony ikilenmän tanardym." Hakykatdanam bir geňsiräk ýagdaý boldy, men öňdäki orunlarda oturan gelini kimdir birine meňzedipdirin. Eýýäm beýle hadysa mende ikinji sapar bolup dur. Oňa meňzeden ynsanlarym çyndanam şoňa meňzeşmikä ýa meniň gözlerim käte oňa meňzeş ynsany göresi gelýärmikä. Oňa meňzäp biljek biriniň bolup bilmejegine gözüm ýetibem duran bolsa, nädip her öň ýeteni oňa meňzedip bilýärkäm. Gije aýyň asmanda saýlanyp durşy ýaly ol hem ynsanlaryň arasynda saýlanyp durýardy ahyryn. Ol ýaglygyny gyňaja, gyzlyk dünýäsini gelinlige, meniň duýgylarymy bolsa öýündäkilerniň saýlawyna çalyşan güninden bäri näçe wagt geçdi. Ondan aýrylanyma gynanyp ýörünem welin, şu günler ýaşap ýörenime aýralygymyz sebäpmikä diýýän. Ýogsam ol gözler meni bireýýäm heläklärdi. Onuň gözelliginiň garşysynda, ýalynyň garşysynda duran ýaly bireýýäm ýanyp kül bolardym. Ol lebleriň deminde nädip ýaşap bilerdim ahyryn, meniň ejiz ýüregim beýle gözellige çydam edip bilmän urmadan dänerdi. Onyň müşki anbar nepesini içime soraýsam, şol pursat öýkenim başka howadan ýüz öwürerdi. Saçlar barada näme diýeýin, nämä deňäýin ol çäksiz gözelligi. Şol saçlaryň tary ýüzümi sypaýsa birden, beýle bagta nädip çydardym, bagtdan ölünýän bolsa şol pursat ölmezligim mümkin däldi. Näzik ellerde zähmetden ýygralan barmaklar, şol gabaran gollar şa gyzlarynyň gollaryndan gözeldi, nepisdi, mähirlidi has. Şol gabaran ellerden tutyp, barmaklara ýüzük dakmak men garyba miýesser etdirmedi, ýogsam men betbagt bagtlylykdan ölerdim bireýýäm. Gül roý bedeniň hakda, ýazmakçy däl men, ýazmaga hakymam ýokdur. Sebäbi Amerikany açan Hristofer Kolumbam görmdik ýurtlary barada hiç ýerde dil ýarmandyr. Maňa arzuw bolan ol gözellik indi arman boldy, ýetilmedik menzilim, amala aşmadyk arzuwym, paşmadyk bagtym. Gaýtalanmajak bahar bolup gelipdiň ömrüme, gözeldiň, gözeldiň çensiz. Şu günlere çen ýaşap ýörmegime aýrylanymyz sebäp, ýogsam gözelligiň meni bireýýäm heläklärdi.
Meniň ýüregim ejiz eken,
seniň taýsyz gözelligiň bolsa,
rehimsiz nejis eken.

mrokas
13 лайков 343 просмотров
42комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
OrazMuhammet Aşyrow
Автор 28 июн 2022, 20:42
Nirvana,

Agramly teswir üçin minnetdar!
OrazMuhammet Aşyrow
Автор 28 июн 2022, 20:47
Okap teswir ýazanlara we ýazmadyklara minnetdarçylyk bildirýän, ähliňiziň janyňyz sag bolsun. Käbir kemçilikleri üçin, körzehin awtory bagyşlaň.
OrazMuhammet Aşyrow
Автор 28 июн 2022, 21:04
SaDMaN,

Howwa dost daşoguzdan bizem.
OrazMuhammet Aşyrow
Автор 28 июн 2022, 21:05
garaburc,

Bäh agamy nirden tanaýarsyňyz diýesim, geldi)))
Bentner
29 июн 2022, 00:58
Шахсына бир гоз айлайда хайыш барды
Senyorita.
07 сен 2023, 10:58
Gynançly başdangeçirmäňizi owadan beýan edipsiňiz! Juda haladym. Paýlaşanyňyza minnetdar. Üstünlik!
Senyorita.
07 сен 2023, 10:59
Gynançly başdangeçirmäňizi owadan beýan edipsiňiz! Juda haladym. Paýlaşanyňyza minnetdar. Üstünlik!
OrazMuhammet Aşyrow
Автор 07 сен 2023, 15:04
senyorita.,
Häzir özümem okap çykyp haladym ýazlyşyny emma ol başdan geçirmeler indi bireýýäm ýürekden göç edipdir.. Käbir duýgulary beýan etmek kyn eken.
Senyorita.
07 сен 2023, 22:24
Dogry :( Ýalňyşmasam, sizem bolup geçýän ýagdaýlary, duýgulary has içgin kabul edýänlerden ýaly-la!
OrazMuhammet Aşyrow
Автор 07 сен 2023, 23:44
senyorita.,
Hakyky hasrat başyňa gelse gark bolan adam ýaly diňe diňe çabalanmakdan başga edip bilýän zadyň bolmaýan eken. Öň men ýokarky oýlanmany ýazan wagtym entek gark bolman ekenimde, gark bolansyran ekenim...
Senyorita.
08 сен 2023, 08:08
Biz ulaldygymyzça durmuşyň gerdenimize ýükleýän ýükleri hem agyrlaşýar. Geljekde bize nämeleriň garaşýandygyndan habarsyz häzirki kyn ýagdaýymyz iň kynydyr diýip pikir edýäs... Synalýarys... Alla her bendesine göterip biljek ýüküni, çekip biljek derdini berýämiş.
Size arzuwym bagtly günleriňiz entek öňde bolsun!
OrazMuhammet Aşyrow
Автор 08 сен 2023, 15:11
senyorita.,
Bu barada siz örän mamla, sag boluň, hemmämize ene atamyzyň tamasyny ödemek nesip etdirsin.