Ilkinji posa
Gözellikmi,
Hezillikmi,
Edeplik?
Azapmydyr,
Güzapmydyr,
Gödeklik?!
Parhy ýok, alyndy
Ilkinji posa.
Parhy ýok, berildi
Ilkinji posa.
Beýle zat görmedik
Gözel ýaňaklar,
Beýle ot görmedik
Ozal ýaňaklar
Gyzardy,
Bozardy,
Ýandy lowurdap,
Bar eken,
Bor eken
Beýle-de bir zat!
On esse,
Kän esse
Tizlendi ýürek,
Gabaklaň astynda
Gizlendi garak.
... Şol wagtdan,
Şol bagtdan,
Şol ähtden bärik,
Söýginiň şeýle bir
Ulusy bilen
Hemem şol posanyň
Ýylysy bilen,
Urup dur ýürek,
Urup dur ýürek.
Agamyrat Soltanow.
Hezillikmi,
Edeplik?
Azapmydyr,
Güzapmydyr,
Gödeklik?!
Parhy ýok, alyndy
Ilkinji posa.
Parhy ýok, berildi
Ilkinji posa.
Beýle zat görmedik
Gözel ýaňaklar,
Beýle ot görmedik
Ozal ýaňaklar
Gyzardy,
Bozardy,
Ýandy lowurdap,
Bar eken,
Bor eken
Beýle-de bir zat!
On esse,
Kän esse
Tizlendi ýürek,
Gabaklaň astynda
Gizlendi garak.
... Şol wagtdan,
Şol bagtdan,
Şol ähtden bärik,
Söýginiň şeýle bir
Ulusy bilen
Hemem şol posanyň
Ýylysy bilen,
Urup dur ýürek,
Urup dur ýürek.
Agamyrat Soltanow.
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.