Ýetimler öýünde
Oglanjyk oýnaýar gözleri ýaşly,
Ýanyndaky mährem çagalar bilen,
Hemme duýup bilmez bulaň hasratyn,
Muny diňe ýetim çagalar biler.
Biri hyýalynda öýüne gitse,
Biri düýşde ejesine garaşýar,
Birisi hat ýazyp baba Aýaza,
Kakasyny tapmak üçin göreşýär.
Päkize çagalyk, bigünä ýürek,
Olary ýatlasam ýaşarýar gözüm,
Olaryň köpüsi uly adam dek,
Görkezmek islänok gaýgyly ýüzün.
Olaryň her biri giden bir dünýä,
Dünýäni üýtgetjek zehindir bary,
Ýöne durmuş şeýle namart, rehimsiz,
Näzik dünýälerde ary bar ýaly.
Hany adalatyň, eý zalym dünýä,
Sende ýürek ýokmy, eý, hazanurmuş!?
Şu çagalaň derdin egsiltmek üçin,
Maňa şulaňky deý ýürek ber durmuş...
~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~
Nireden gelýärin, barýaryn nirä,
Haýsy ugur, meniň gitmeli ýolum?
Sagymda ýüzüme ýylgyrýan dostlam,
Nätanyş duşmandan doludyr solum.
Bu dünýäde kim men, kim bolup geldim,
Hany haýsy ýerde bolmaly ornum,
Lälik saklap, indem nirä getirdi,
Ýüzümiň üstünde bar diýmän burnum.
Eý ykbal, aýtsana, näme sebäpden,
Bu garyp dünýäme salypdyň talaň,
Howwa seň, şol öweý ogluň men, dünýä,
Gelin bolmasagam gädikden galan.
Mähir bilen diňläp ulalypdym men,
Uzak ýaýladaky enäň hüwdüsin,
Jandan geçip, duşmanlardan goradym,
Mukaddes topragmyň ýaraly göwsün.
Senden uzaklara ýollasa durmuş,
Dogduk depäm seni göresim gelýär,
Galan zatlaň bir çäresi tapylar,
Ölsem, seň goýnuňda uklasam bolýar?
~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~
Söýen ýigidi Watan goragynda ýaralanyp, soňky deminde ýatyrka oňa söýgülisiniň ýazan haty ...
Salam gahrymanym, salam merdemim!
Iki aý boldy, nämüçin hat ýazaňok?
Soňky günler düýşlerime köp girýäň,
Menden arkaýyn bol,
wadam bozamok...
Duşuşyga geýýän köýnegim aýap,
Sen gideniň bäri geýemok ony,
Saňa jemper, jorap ördüm,
ugratjak!
Endamyň duýmasyn, aýazdyr-doňy.
Sensiz geçen pursatlaryň zaryny,
Gözli şaýat, aýly gijeden sora,
Watany söýýäniň bilýärin, didäm!
Emma, bagtym üçin özüňem gora.
Nämüçin?
düýn gije gözleriň ýaşly,
Gamgyn halda girdiň ýene düýşüme,
"Menden razy bol, bagtly bol" diýdiň,
Razy bolman! pelegiň bu işine.
Sag gitdiňmi?! Amanam gel, söýenim,
Ykbalyma bagt bolup eçilen,
Saňa bir zat bolsa obam gynanar,
Bir gyz bolsa ömrün aglap geçirer...
Maksat ESENOW
Ýanyndaky mährem çagalar bilen,
Hemme duýup bilmez bulaň hasratyn,
Muny diňe ýetim çagalar biler.
Biri hyýalynda öýüne gitse,
Biri düýşde ejesine garaşýar,
Birisi hat ýazyp baba Aýaza,
Kakasyny tapmak üçin göreşýär.
Päkize çagalyk, bigünä ýürek,
Olary ýatlasam ýaşarýar gözüm,
Olaryň köpüsi uly adam dek,
Görkezmek islänok gaýgyly ýüzün.
Olaryň her biri giden bir dünýä,
Dünýäni üýtgetjek zehindir bary,
Ýöne durmuş şeýle namart, rehimsiz,
Näzik dünýälerde ary bar ýaly.
Hany adalatyň, eý zalym dünýä,
Sende ýürek ýokmy, eý, hazanurmuş!?
Şu çagalaň derdin egsiltmek üçin,
Maňa şulaňky deý ýürek ber durmuş...
~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~
Nireden gelýärin, barýaryn nirä,
Haýsy ugur, meniň gitmeli ýolum?
Sagymda ýüzüme ýylgyrýan dostlam,
Nätanyş duşmandan doludyr solum.
Bu dünýäde kim men, kim bolup geldim,
Hany haýsy ýerde bolmaly ornum,
Lälik saklap, indem nirä getirdi,
Ýüzümiň üstünde bar diýmän burnum.
Eý ykbal, aýtsana, näme sebäpden,
Bu garyp dünýäme salypdyň talaň,
Howwa seň, şol öweý ogluň men, dünýä,
Gelin bolmasagam gädikden galan.
Mähir bilen diňläp ulalypdym men,
Uzak ýaýladaky enäň hüwdüsin,
Jandan geçip, duşmanlardan goradym,
Mukaddes topragmyň ýaraly göwsün.
Senden uzaklara ýollasa durmuş,
Dogduk depäm seni göresim gelýär,
Galan zatlaň bir çäresi tapylar,
Ölsem, seň goýnuňda uklasam bolýar?
~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~ ~
Söýen ýigidi Watan goragynda ýaralanyp, soňky deminde ýatyrka oňa söýgülisiniň ýazan haty ...
Salam gahrymanym, salam merdemim!
Iki aý boldy, nämüçin hat ýazaňok?
Soňky günler düýşlerime köp girýäň,
Menden arkaýyn bol,
wadam bozamok...
Duşuşyga geýýän köýnegim aýap,
Sen gideniň bäri geýemok ony,
Saňa jemper, jorap ördüm,
ugratjak!
Endamyň duýmasyn, aýazdyr-doňy.
Sensiz geçen pursatlaryň zaryny,
Gözli şaýat, aýly gijeden sora,
Watany söýýäniň bilýärin, didäm!
Emma, bagtym üçin özüňem gora.
Nämüçin?
düýn gije gözleriň ýaşly,
Gamgyn halda girdiň ýene düýşüme,
"Menden razy bol, bagtly bol" diýdiň,
Razy bolman! pelegiň bu işine.
Sag gitdiňmi?! Amanam gel, söýenim,
Ykbalyma bagt bolup eçilen,
Saňa bir zat bolsa obam gynanar,
Bir gyz bolsa ömrün aglap geçirer...
Maksat ESENOW
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.