Düşnüksiz ahwal...

Düşnüksiz​ ahwal...

Ilkinji perzende,
Ilkinji söýgüň,
Enelige bolan,
Ilkinji duýgyň,
Bolup inenimde,
Mähriban Ejem!
Alyp meni elňe,
Söýgülän çagyň,
Seniň päkligiňde,
Mährem söýgüňden,
Ganyp gezmelikäm,
Çagalyk çagym,
Gözýaşlarym bilen,
Ýüzüm ýuwamda,
Duýmanmydyň​ meniň,
Takdyrym​ hakda?!...

Eger bagtly bolmak,
Ýazylan bolsa,
Gidermidi meniň,
Ol ekiz taýym?!..
Agyp duran çarkandakly bu dünýäň,
Aýlanyp-dolanyp, meniň ykbalda,
Ýaşyrjagny, aýdyň dolan bu​ Aýym,
Aňmanmydyň maňlaýda,
Ýazylan hatda?!...

Duýansyň, elbetde,
Bilýärin, Käbäm!
"Ykbalyň oýny..." diýp,
ilki ejizläp,
Ýagyş deý, damjalan düwmeleň sylyp,
Soň aýaga galyp,
mertlige salyp,
Aňýaryn men...
Ýüregňe dag eýlänsiň...
Gussa, hasratlara döz gelip, şunça,
Dost-duşmanlaryňa,
syr beren dälsiň?!

Gijeki ýitiren,
ukularyňdan,
Bimazalyk tapan ünjüleriňi,
Saklajak bolup,
bu ýürek syryňy,
Aýtmajak bolup, ilki,
Gizlänsiň belki ?!
Duýulmaz ýaly,
Ýürek ahwaly,
Öz ýanyňdan,
hyýalyňda,
Dagdyr, daşlara,
Gürrüň berensiň?!...

Mertleriň merdany, mähriban, Käbäm !
Ýüregiňde saklap, bulaň baryny,
Gizlediňmi menden ýürek zaryňy?
- Ýok-la!- diýýäňmi?!
Onda näme üçin, ruhdan düşýäň-de,
Sen meni hemişe edip alada,
Birden, geçenleri saldyň-da ýada,
Ýan berdiň bada ?
Düşnüksiz boldy maňa,
Boldummy sada?,
Meniň dünýä inip,
Şu mahala çen,
Meň getirjek bagtym,
Şatlyk boldumy?!
Ýa, seniň hasratdan doly dünýäňde,
Heserlerden ýaňa,
Dörän dertleriň,
Boldummy saňa?!
Aýtsana maňa!...
Eý, mährem, Ene!
Gel, derdinişeli,
edil​ şu mahal,
Bir ömür armanda bolmazym​ ýaly,
Bolup galmasyn bu
Düşnüksiz ahwal!...

Şeýle bolan bolsam alaçsyzlykdan,
Göreniň üçin hupbatly güni,
Müň mertebe tagzym saňa, Mähriban!
Bagyşla meni!

MILANA
4 лайков 126 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bentner
10 апр 2022, 20:33
Like+
Mydam bergidar biz olaryň öňlerinde.