Iç gepletme

Hawa. Men guraýyn. Seň göwnüň ýykylandan meň ömrüm kül bolsun! Men nirden bileýin seň iki setir goşga duýgulanjagyňy?! Ezizim, hany başyňy galdyr, beýtme, özüňi gynama! Söz. Söz berýän mundan beýläk seň göwnüňi ýykman! Hany biziň arzuwlarymyz?! Hany biziň wadalarymyz?! Hut hol-ara näme gepleşipdik? Her öňýeteniň aýdymyny diňläp duýgulanjak bolsaň, ol agyr duýgulanma ýüregiň çydam etmez! Hany seret meň gözlerime. Göreçlerimde näme görýäň? Aýt. Hawa, dogryňy aýt, göreçlerimde näme görýäň? Ýadyňa düşýärmi, seň gowy görýän aýdymlaryňy aýdyp bererdim. Senem, sessiz üns bilen diňlärdiň. Isleseň häzirem aýdaýyn?! Okap otyrkaň ýylgyrarsyň ýaly...

Seni söýýänimi gygyraýyn tutuş halka,
Gulagyňa dakaýyn gulak halka.
Rugsat ber oturdaýyn seni tagta —
Eliňi ber, alyp gideýin bagta...

Meniň keýpsiz wagtym, seniň ýok wagtyň.
Sen hemme zadym, sen bagtym.
Senden bolsa-da ogul-gyzym, agtygym —
Men seň kemiň, sen meň artygym.

Seň gözelligiň gözel ähli gözellikden,
Owadan eliň dolduraýyn bilezikden.
Seň näziň näzik iň näzikden —
Näziňi çekjek ýöne gowusy näz etme!

Haçan öýdäkileri ugradaýyn öýňüze?!...
Haçan dostlarymy çagyraýyn toýmuza?!
Ir görseň häzir aýtma, goý gizle! —
Biz bilekäk her gün toý bize...

— ýadyňa düşdümi şujagaz? Gülüşerdik, degişerdik, sagatlap telefonda gürleşerdik. Balama sen! Seň ýylgyryşlaryňy görmek nähili ajaýyp! Şeýdip ýylgyra! Hany aýt, men seň nämäň? Janaaa, söýýänä seni! Şeýdip ýylgyr! Ýylgyryp dur. Menem söýýän seni! Indi beýdip ýüregimi agyrtma! Söz ber! Gujaklaşmalar, bagyşlamalar we soňy.
2 лайков 130 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.