Goşgy kim üçin ýazylýar?

Bu gürrüñimde öñe sürjek,delillendirjek ähli pikirlerim özüme degişlidir we pikir alyşma,çekeleşmä açykdyr.Şonuñ üçinem ýazan ähli sözlemlerimiñ öñünde "meniñ pikirimçe"diýen söz düzümi bar saýyp okamaly.
Ilki bilen mowzugyñ adyndaky sowala jogap bereýin.
Goşgy kim üçin ýazylýar?
Bu sowala üç sany alternatiw jogap berse bolar.

a)ýazaryñ özi üçin
b)galamdaşlary we intellektual okyjylar üçin
ç)halk köpçüligi üçin

Jogaplaryñ hersiniñ üstünde aýratynlykda durup geçmekçi.
1.Goşgunyñ iki sany täsiri bar bolup,olaryñ biri okaýana edýän täsiri,beýlekisi bolsa ýazýana edýän täsiridir.Azda-kände bir zatlar ýazan (siz ony islege görä "çyrşan we "samyrdan"diýibem alyp bilersiñiz) awtor hökmünde goşgunyñ döredijidäki položitel täsiriniñ bahasyzdygyny aýdyp bilerin.Nämedir bir zada begenip,iki bolup bilmedik,ýa gam-gussa kölüne batan,gaharlanyp gaşlaryñ çytylan,elgaraz,duýgy taýdan iñ ýokary derejä ýeten wagtyñ goşgy seniñ dadyña ýetişýär.Ýüregiñi ak kagyza egisesiñ,ýazasyñ gelýär.Ýazmalysyñ.Ýazarsyñam.Çünki bu islegiñ öñünde hiç zat böwet bolup bilmez.
Şu ýerde şeýle sorag ýüze çykýar.
Ýazmasyna ýazdym welin,muny köpçülige ýetirmelimi?
Häzirki döwürde ýazanyñy köpçülige ýetirmek üçin öñki ýaly gazete hödürläp,poeziýa bölümine redaktirledip redaktoryñ tassyklamagyna garaşyp oturmak gerek däl.Global torlaryñ üsti bilen eseriñi gyzgyny bilen köpçülige ýetirmek mümkin.Şeýle bolansoñ internet älemi manyly-manysyz,çuñ-ýöntem diýmän birgiden edebiýat eserlerinden doly.
Özüm-ä duýgularyñy egismek maksady bilen "özüm üçin ýazdym"diýlen goşguny paýlaşmazdan öñürti mazaly oýlanmagyñ tarapdary.Ilki bilenem goşguny haýsy duýgy joşgunynda ýazan bolsañ,şol joşgun gideninden soñ okyjynyñ gözi bilen okap görmeli.Eger çuñ duýgy (pikir),ritm,delje tapyndy ýok bolsa goşguny köpçülige hödürlemeli däl.Oñarsañ hiç kim bilen paýlaşman,şahsy arhiwiñde saklamaly.Özüñe erk edibilmän paýlaşaryn öýdüp gorkýan bolsañ derrew ýoguna ýanmaly.Sebäbi gowşak ýazylan goşgy awtoryñ okyjynyñ gözündäki edebi keşbine zeper ýetirer.
2.Galamdaşlar we intellektual okyjyny bilelikde almagymyñ sebäbi ikisi bir şahsda jemlenen bolup biler.Meniñ intellektual okyjy hasap edenlerimiñ ählisem öz galamdaşlarym.
Olaryñ göwnünden turaýmagam ýeñil iş däl.Çünki,olaryñ özi hem söz yşkynda awara bolup ýörenler.Üns bilen seretseñ,senem olaryñ nazarynda şeýlesiñ.Asyl-a häzirki döwürde okaýanlaryñ aglabasy ýazýanlar.
Intellektuallaryñam barsynyñ sowatlylyk derejesi deñ däl.Şeýle bolansoñ,ýazan goşguñda deñagramlylygy saklamak möhümdir.Okyjy hökmünde az intellektual topara degişlidigimi aýdyp bilerin.
Meselem:Orazmyrat Myradowyñ Möwlana bagyşlap ýazan goşgy setirinde
"Fihi ma Fihi-de" jemlenen bary" diýen setire düşünmedim.Bu goşga düşünerden sowatlylygym ejiz geldi.Çünki,Möwlananyñ şeýle atly eseriniñ barlygyny bilemokdym.Şunuñ ýaly mysallar,käbir şahyrlaryñ döredijiliginde kän ýüze çykýar.
Käbir şahyrlar we olaryñ töweregindäkiler bolsa,şeýle goşgulary özlerine delil tutunyp,ýönekeýje goşgularyna okyjy ýaramaz baha berse hem "Siz poeziýa düşüneñizok"diýip olaryñ özüni ýekirmek bilen bolýarlar.Olar näme üçindir özleriniñ goşgularyna düşünmek üçin hiç hili sowatlylygyñ derkar däldigine düşünmeýärler.
3.Halk üçin ýazmak.
Halkyñ nazarynda beýiklige ýeten şahyrlar kimlerdir?
Magtymguly,K.Gurbannepes,G.Ezizow...
Munda ep-esli ýazarlaryñ adyny agzasa bolar ýöne şu üçüsini halkyñ nazarynda aýratyn beýiklige ýeten hasaplaýaryn.
Magtymgulydan başlalyñ.Magtymgulynyñ döwründe ýaşan adamlar onuñ döredijiligine düşündimikä we häzir ýeterlik derejede düşünýärlermikä?
Magtymgulyly meselede şundan añryk geçmek islemeýärin we jogaby siz agzalara goýýaryn.
K.Gurbannepesow.Şu wagta çenli türkmen edebiýatynda halk tarapyndan iñ ykrar edilen şahsyýet.Kerim aganyñ şygyrlaryndaky halkylyga türkmen edebiýatyndaky başga şahyrda eger-eger duşaýmarsyñ.Göräýmäge,ýöntemje setirler ýalydyr ,emma astynda çuñ many ýatandyr.Sebäbi Kerim aga çuñ pikri ýöntem beýan etmegiñ ussadydy.Häzirkileriñ käbirinde bolsa tersine,ýöntem pikri agyr beýan etmek bar.
Kerim Gurbannepesowyñ şygyrlarynyñ aglabasy hem halkyñ gündelik durmuşyndan susulyp alynandy.Gepleşik dilini ussatlarça ulanmagy başarýardy.
Gurbannazar Ezizow.Gurbannazaryñ ähli şygyrlaryna halk düşündimikä?
Atajan Taganyñ "Kyrk ýylda ýazylan kitap"eserinde Gurbannazaryñ şeýle meşhurlyga ýetmeginiñ sebäpleriniñ biriniñ onuñ tragiki ölümidigi hakynda bellenilýärdi.
Gurbannazaryñ döredijiligi öz döwründe-de,häzirki döwrümizde-de şeýle oñat mahabatlandyrylmasady,ol halkyñ nazarynda şeýle derejä ýetermidi?Muny nygtamagymyñ sebäbi Gurbannazary pes görkezmek däl,diñe onuñ şygyrlarynyñ "halkylyk"galybyndan daşýandygyny nygtamak.
Halkyñ içinden köp adam bilen söhbetdeş bolýañ welin,olaryñ Gurbannazara ýeterlik düşünmeýändigi,diñe il tersine bolmajak bolup oña "beýik"diýip goýberýändikleri aý aýdyñ ýüze çykýar.
Häzirki döwürde halk tarapyndan şeýle halanýan awtor hökmünde Kerim Hallyny görkezýärin.Goşgularynyñ köpüsinde hiç hili üýtgeşik tapyndy,çuñ pikir (duýgy) ýoklugyna garamazdan,halk ony söýýär.Munuñ düşündirişi näme?
Kerim özüniñ ýuwanja,ýapa degmeýänje setirlerini añryýany bilen mahabatlandyrmagy başarýar.Instagram,You tube ýaly köpüñ üýşýän wirtual ýerleri bolsa onuñ esasy hemaýatkäri.Onda näme üçin şol ýerlerde goşgy paýlaşýan beýleki şahyrlar onça meşhur bolaýanoklar?
Kerim halkyñ gowşak damaryny gaty gowy bilýär.Garyplyk,puly söýýän dostlar,biwepa gyz Kerimiñ şygyrlaryndan eriş-argaç bolup geçýär.Hakykymyşyn,dälmişin,manysyzmyş,ýöntemmiş bu zatlar onuñ gözünde köpüge degenok.Esasy zat halka ýaraýarmy,ýaraýar.Bulam bir başarnyk.
Üns berseñiz,Kerim Hallyny okaýanlarda poeziýa babatda az intellektuallygyñ hem ýokdugyna göz ýetirersiñiz.
Ine,şu tema boýunça şu günki aýtjaklarym şulardan ybarat.Galanynam näme,öz seriñde sowal et,jogap tap.

@Belki
5 лайков 346 просмотров
22комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
29 июн 2022, 12:24
"Goşgy kim üçin ýazylýar?
Bu sowala üç sany alternatiw jogap berse bolar.

a)ýazaryñ özi üçin
b)galamdaşlary we intellektual okyjylar üçin
ç)halk köpçüligi üçin"


B,Ç-däki jogaplara beýdip kösenmän tupoý däller we tupoýlar üçin diýip goýbermeli ekeniň. :)
Hiayress
29 июн 2022, 12:28
Aý, jora, sorry, soňuna çenli okap bilmedim. ))
Ötegçi
29 июн 2022, 12:29
Meselem:Orazmyrat Myradowyñ Möwlana bagyşlap ýazan goşgy setirinde
"Fihi ma Fihi-de" jemlenen bary" diýen setire düşünmedim.Bu goşga düşünerden sowatlylygym ejiz geldi.Çünki,Möwlananyñ şeýle atly eseriniñ barlygyny bilemokdym.Şunuñ ýaly mysallar,käbir şahyrlaryñ döredijiliginde kän ýüze çykýar.

Nahilem bolsa boýun alypsyñ :))
Belki
Автор 29 июн 2022, 12:29
Hiayress,
Ähli ýazanlarym hakda giñişleýin pikriñi aýt jora.Pikir alyşasym gelýär şu temada.
O zatlaram hiç welin,meñ okaldy sanym 0 da bolup like sanym 2 de teswir sanym 1 de dur :))Saýt görgüliñ şunlar başy aýlanýar öýdýän
Ötegçi
29 июн 2022, 12:29
.Özüñe erk edibilmän paýlaşaryn öýdüp gorkýan bolsañ derrew ýoguna ýanmaly.Sebäbi gowşak ýazylan goşgy awtoryñ okyjynyñ gözündäki edebi keşbine zeper ýetirer.


Gogol eserini ýakandan soñ olupdi...
Resul
29 июн 2022, 12:33
Ozunema uytgesik yazanok welin bir topbak acyklama edipsin ?
Ötegçi
29 июн 2022, 12:34
Birem aýdypdym, haýsydyr bir dile düşinmeýandigimiz, o diliñ many añlatmaýanyny, ýada garypdygyny añlatmaýar. Ýene bir mysal: haýsydyr bir millet tegelek-togalak jaý gormandir diýip, ak-gara öýleriñ ýokdugyny, ýada bolup bilmejekdigini bolaýsa-da ýaşamaga amatsyz boljagyny añlatmaýar.
Öwreniji
29 июн 2022, 12:34
Sagbol gowy beýan edipsiň, Magtymguly Pyragy barada, doly derejede hiç kim anyk maglumat bilenok.
Bu ady agzalan şahyrlardan başga, Gara Seýtliýew, Rähnet Seýidow, Halyl Kulyýew, Berdinazar Hudaýnazarow dagylary we ýene edebiýatda yz galdyran ýatdan çykmajak şahyrlar hem gözöňüne getirmekligem ýalňyş däl. Umuman ylalaşýan.......
Resul
29 июн 2022, 12:38
Kerim özüniñ ýuwanja,ýapa degmeýänje setirlerini añryýany bilen mahabatlandyrmagy başarýar.Instagram,You tube ýaly köpüñ üýşýän wirtual ýerleri bolsa onuñ esasy hemaýatkäri.Onda näme üçin şol ýerlerde goşgy paýlaşýan beýleki şahyrlar onça meşhur bolaýanoklar?

Gowy etyar ulanyp. Eylekiler dushnuksiz yazyp sozden cykyl gityaler. Bu bolsa sada dilde yazyar we onat ish edyar
Resul
29 июн 2022, 12:41
Esasy zat halka ýaraýarmy,ýaraýar.Bulam bir başarnyk.

Esasy zat sizden saylanyar ana uly basharnyk. Siz yalylara unsem beryan daldir welin uyrup galyanyzay yzynda. Tankytlamaly diysede bolmajyn bolyanyz. Dine siz gowy bilyas ?
#B.S
29 июн 2022, 12:49
4. Söwer ýar üçin ;)))

Menä şygryýet, poeziýa diýen zatlara düşünemok. Ýöne maňa täsir eden goşgylar A. Agabaýewiň edebiýat kitapda goýlan goşgylarydy.
Hiayress
29 июн 2022, 12:51
Ýalňyşmasam Kerim Gurbannepesow: "goşgy üç görnüşde ýazylýar: sada, çylşyrymly we ýene sada. Şu soňky sadalykda ýazjak bolmaly" diýen ýazgysyny okanym ýadyma düşýär. Ýagny ilkinji sada goşgy - bu öwrenjeňlik, gönümellik, ýöntemlik; ikinji çylşyrymly goşgy - bu döredijilik bilen içgin iş salyşyp, öz döredijilik goryny artdyryp, bu ugurda has kämmilleşen adamyň eseri; soňky sada goşgy - bu goşguda bolup biljek iň ýokary dereje, geniýallyk, goşguň sada-dan çuň, artykmaç hiç bir sözüň bolmazlygy we hemmä düşnükli bolmagy. (Kitapçyda bardy, şolam şu wagt ýapylaýmalymy diýsene, açylsa hemmä zadyny kopiýalap alaryn. :()
Öwreniji
29 июн 2022, 12:58
Hiayress
Ýalňyşmasam Kerim Gurbannepesow: "goşgy üç görnüşde ýazylýar: sada, çylşyrymly we ýene sada. Şu soňky sadalykda ýazjak bolmaly" diýen ýazgysyny okanym ýadyma düşýär. Ýagny ilkinji sada goşgy - bu öwrenjeňlik, gönümellik, ýöntemlik; ikinji çylşyrymly goşgy - bu döredijilik bilen içgin iş salyşyp, öz döredijilik goryny artdyryp, bu ugurda has kämmilleşen adamyň eseri; soňky sada goşgy - bu goşguda bolup biljek iň ýokary dereje, geniýallyk, goşguň sada-dan çuň, artykmaç hiç bir sözüň bolmazlygy we hemmä düşnükli bolmagy. (Kitapçyda bardy, şolam şu wagt ýapylaýmalymy diýsene, açylsa hemmä zadyny kopiýalap alaryn. :()

Şahyryň gözi diýen kitabynda, gowy düşündirilendir
Hiayress
29 июн 2022, 12:59
Poeziýada - şahyryň içine salyp bilmedik derdem däl, duýgusy hem däl, ruhy terjime halyda. Poeziýa - bu geçmişiň aýnasy, şu günüň realizmi, geljegiň şöhlesidir. Poeziýa hökmany peýda getirmelidir. Okyjylary boşuna güýmeýän poeziýadan, poeziýa bolmaz.
Suleyman
29 июн 2022, 13:29
Magtymguly hakynda azajyk goşup gideýin.

Magtymgulynyň şygyrýeti hakynda söz açylsa, entägem şol bir medeni jedel aradan aýrylanok. "Şahsyýeti anyk däl" , "Goşgulary özüniňki däl" we.ş.m

Magtymguly, kim bolmakdan ötri, ilki bilen, biz üçin TÜRKMEN.
Magtymgulyny toplamakda az iş edilmedi. Birazajyk "Magtymgulyşynaslara" hormatyňyz bolsun. Şol işler edilmedik bolsa, Magtymgulynam elden gidirýädik (Garajaoglany gidirjek bolşumyz ýaly). Garajaoglana Azerbeýjanlar dawa etdi "biziňki" diýip, Magtymgula Eýranlylar.

Şahyryň öňdengörjüligini aýtjakmy?! Häli häzirem oturyp şoňa haýran galýan. Belki şeýle döwür geler, taryhçylarymyz agzyndakyny aldyraýmasyn diýip, şahyr şygyrlarynda jan köýdürip, "Aslym Türkmen, ilim Gerkez, adym Magtymguly" diýip ýanjap-ýanjap aýdyp geçipdir. 2 asyrdan soň Eýranlyň biri dawa edäýmesin diýip.

Magtymgulyny toplamakda 60% golýazmalara daýanylan bolsa, 40% neberelerinden, ýa-da olary görenleriň dilinden ýazgy edildi.
Hiayress
29 июн 2022, 13:52
Remezan,
Sag bol @Remezan akga. Öň bir sapar şol kitabyny okajak bolup açypdym, başy goşgy bolansoň, oňam köpüsi gowşagrak bolansoň, ýene ýapyp goýupdym. Görip otursam yzynda şahyryň dürli ýyllarda ýazan makalalary we pikirleri hem bar eken. Saul! ))
Garabufer
29 июн 2022, 13:54
Hudaýa şükür , Menä azat şu meseleden.
Hiayress
29 июн 2022, 13:57
Şahyr öz pikirlerini goşgy bilen beýan edýär.
Ýöne hemme pikirlerini (olar nähili ajaýyp bolanlygynda-da) kapyýa salyp ýörmegiň hajaty ýok. Emma käbir şahyrlarymyz (hatda ussat şahyrlarymyz hem) başga žanrda ýazylsa has oňat boljak zatlary goşgy setirlerine geçirýärler.
Bu - poeziýany hem-de öz ussatlygyňy zorlamakdyr.
Zorluk bolsa sagdynlygyň, tebigylygyň duşmanydyr.

Kerim GURBANNEPESOW "Şahyryň gözi" kitabyndan.
Belki
Автор 29 июн 2022, 13:57
Voyvoda,
Sag bol tañryýalkasyn! :))
Khanture,
Gowy goşupsyñ.Dogrudanam oñ üçin ýazýanlaram bar Berekella saña!
Ötegçi,
Eger Suraýy göz öñünde tutýan bolsañ,men oñ goşgularyna düşünýän.Düşünmez ýaly zat ýok.Ýöne ýöntem görýän goşgudaky pikirlerini (duýgylaryny)
Galyberse-de meñ oñ goşgusyna formasyzlygy üçin garşy däl.Türk edebiýatynda gowy görüp okaýan formasyz goşgularym bar.Men onuñ şol azatlygyñ içinde (formadan çykmak azatlykdyr) çuñ pikir (duýgy) şahyranalyk berip bilmeýändigini halamok.
Dark_Wolf,
A.Taganyñ "Kyrk ýylda ýazylan kitabynda"Magtymgulyñ şygyrlarynyñ käbirleriniñ oña degişli däldigi barada getirilen delillere nähili garaýañyz?
Meselem,"Türkmeniñ" goşgusy Magtymgula gelişmejek derejede ýöntem dälmi?
Remezan,
Sizem sag boluñ,agam!
Hiayress
29 июн 2022, 14:11
Şahyryň kämillik ýoluny üç basgançaga bölüpdirler. Şahyr birinji basgançakda sada ýazýar. Ikinjide - çylşyrymly. Üçinjide - ýene-de sada.
Köp goşguçylar birinji basgançakdan, ýagny "jögi sadalykdan" ýokary geçip bilenoklar.
Üçinji basgançak - hemmeler üçin düşnükli ýokary sadalygyň basgançagy. Ol basgançak birinji, ikinji etaplarynyň sapaklaryny-da özünde jemleýär. Şahyryň şol basgançaga ýetýänçä çekýän azabyny "üç ölüp, üç direlmek" bilen deňeşdirse bolar. Aleksandr Twardowskiniň döredijiligi şonuň iň uly mysalydyr.
Ýöne ikinji basgançakda hem üstünlik gazanyp bilýän şahyrlara gabat gelinýär: Pasternak, Zaboloskiý we başgalar. Olar özleriniň ägirt talanty arkaly çylşyrymly poeziýanyň içindäki ähli mümkinçilikleri ulanyp, ony okyjylar köpçüliginiň ep-esli bölegi üçin uly poeziýa öwrüp bilipdirler. Ýöne şolar hem hemmelere düşnükli, sada poeziýanyň arzuwynda bolupdyrlar: onuň täze mümkinçiliklerini gözläpdirler.

Kerim GURBANNEPESOW
Suleyman
29 июн 2022, 14:11
Belki,

Ýazyjylaňkam, edebiýatçylaňkam, dilçileňkem dogry. Taryhçylaňam sözünden geçip bolonok. Magtymgulyňky diýip berilýän bolsa, poka şol Magtymgulyňky.
Men mundan artyk gürlemäýinle gowsy.)
Massimus
29 июн 2022, 17:13
Mümkin
Üns berseñiz, Kerim Hallyny okaýanlarda poeziýa babatda az intellektuallygyñ hem ýokdugyna göz ýetirersiñiz.


Şu sözleriňden galanyna doly goşulýan. Dogry zatlary ýazypsyň. Ýöne käbir "şahyrlaryň" käbir "goşga meňzeş zatlaryny" okajak bolup, oňa düşünjek bolup kösenýänlere, Kerim Hallyň goşgularyny okamagy maslahat berýän :))