Üçünji dünýä
ÜÇÜNJI DÜNÝÄ
Ir doguldym,
Giç doglupsyñ.
Aý garaz,
Ýeriñ täleý üçeginiñ astynda
Bir däl eken ýyldyzymyz owaldan.
Ýogsa-da men oglanjykkam Nohuryñ
Daglarynda çakgy bilen köwläp
Arkama atynan torbajygyma
Doldurýakam domalandyr çigildem,
Sen ýañybir dünýä inen ekeniñ
Dokuz aýlap göwresinde göteren
Mährem ejeñ begenç gözýaşlaryna
Misli senem goşýan ýaly gatanjyñ
Birenaýy
"Iññä, iññä" jägildäp...
A soñ bolsa gulpajygñy tasadyp,
Gyzjagazkañ gurjak oýnap ýörenje
Men o wagtlar sesi ýognap
Burnunyñ,
aşagy garalyp ugran ýigitdim...
Aý garaz,
Gulluk, iş, okuw diýildi,
Gezdim ýördüm hindi artistleriniñ
Saçlaryna meñzäp duran şar gara
Saçymyzy yza çişirip darap...
Söýenden gaçyldy yza garaman
Söýmäge mynasyp däller söýüldi.
Bu gün derde goýduñ,
Kyrkyñ onlugyn
Goýmadyñ özbaşdak tegeletmäge...
Göýä bir gyzykly kinoñ ortasyn,
Gap bilinden kesen reklama ýaly
Şowhun bilen girdiñ depesi ümre
Basyrnan dag kimin ümsüm kalbyma...
Bu niçiksi durmuş,
Niçiksi ykbal?
Bu neneñsi ahwal,
Söýgümi bu päl?
Bu düşnüksiz sowallaryñ üstünde
Nirde bolduñ?! - diýen ýeke-täk sowal
Labyr taşlanynda men ol pursatda
Kirpikleñde wysal üste gurulan
Gyldan inçe, tygdan ýiti Syratda,
Geçip barýan ýaly duýdum özümi,
Bilmen, bu dünýämi?
Ýa o dünýämi?
Jahan içre jahan,
Älemde - älem!
Deñäp bolmaz ol natuwan gözüñi
Şükür, gördüm hemmä nesip etmejek
Wysal atly şol üçünji dünýäni...
(Ýazygymy geçeweri Ýaradan,
Çünki, bu üçünji röwşen dünýäni,
Sen ahyryn şeýle Gözel ýaradan...)
Men-ä telpek goýdum,
El-aman, aman!
Barybir ikimiz sataşjak bolsak,
Göýä ýelim çalnan ýaly sulhumyz
Bir-birine galjak bolsa ýapyşyp...
Aýtsana,
Henize-bu güne çenli
Üsti elmydama gelüw-gidüwli
Ýumurtga çalymdaş togalak ýeriñ
Eýlesi-beýlesi görünip duran
Eliñ aýasy dek dagy-düzüniñ,
Niresinde bolduñ,
Nirde gizlendiñ?
Owarram diýeli meñ ir doglanym,
Aýby ýok señ doglanyñam gijiräk
Bir saý-sebäp bilen ýolda, ulagda
Ýeke gezek düşmese-de göz göze
Bu gün gelip huzuryma ýüz ýüze
Çözüp ap-ak topugyña saralan
Messepsiz durmuşyñ duşan duşagyn
Böwsüp kanunlaryñ petiklän bendin
Sumbaryñ siliniñ baharda joşup
Jülgäni goýnuna dolaýşy ýaly
Hemdem edip aljak bolsañ dünýäñe
Hem-de bu şygyry gijäñ ýarynda
Bir mähirsiz ýaryñ goýnuna girmän
Diwary dyrtmalap,
Stol ýumruklap,
Bir ondan, bir mundan ýarsy ýazylyp,
Soñam gaharyma zibilli bedrä,
Düýrlenip zyñylan bigünä kagza
Çyrşatmakçy bolsañ, owal-aslynda
Nirde bolduñ?!.
Galdyr gabaklaryñy,
Gözüme seret...
© Has TÜRKMEN.
Ir doguldym,
Giç doglupsyñ.
Aý garaz,
Ýeriñ täleý üçeginiñ astynda
Bir däl eken ýyldyzymyz owaldan.
Ýogsa-da men oglanjykkam Nohuryñ
Daglarynda çakgy bilen köwläp
Arkama atynan torbajygyma
Doldurýakam domalandyr çigildem,
Sen ýañybir dünýä inen ekeniñ
Dokuz aýlap göwresinde göteren
Mährem ejeñ begenç gözýaşlaryna
Misli senem goşýan ýaly gatanjyñ
Birenaýy
"Iññä, iññä" jägildäp...
A soñ bolsa gulpajygñy tasadyp,
Gyzjagazkañ gurjak oýnap ýörenje
Men o wagtlar sesi ýognap
Burnunyñ,
aşagy garalyp ugran ýigitdim...
Aý garaz,
Gulluk, iş, okuw diýildi,
Gezdim ýördüm hindi artistleriniñ
Saçlaryna meñzäp duran şar gara
Saçymyzy yza çişirip darap...
Söýenden gaçyldy yza garaman
Söýmäge mynasyp däller söýüldi.
Bu gün derde goýduñ,
Kyrkyñ onlugyn
Goýmadyñ özbaşdak tegeletmäge...
Göýä bir gyzykly kinoñ ortasyn,
Gap bilinden kesen reklama ýaly
Şowhun bilen girdiñ depesi ümre
Basyrnan dag kimin ümsüm kalbyma...
Bu niçiksi durmuş,
Niçiksi ykbal?
Bu neneñsi ahwal,
Söýgümi bu päl?
Bu düşnüksiz sowallaryñ üstünde
Nirde bolduñ?! - diýen ýeke-täk sowal
Labyr taşlanynda men ol pursatda
Kirpikleñde wysal üste gurulan
Gyldan inçe, tygdan ýiti Syratda,
Geçip barýan ýaly duýdum özümi,
Bilmen, bu dünýämi?
Ýa o dünýämi?
Jahan içre jahan,
Älemde - älem!
Deñäp bolmaz ol natuwan gözüñi
Şükür, gördüm hemmä nesip etmejek
Wysal atly şol üçünji dünýäni...
(Ýazygymy geçeweri Ýaradan,
Çünki, bu üçünji röwşen dünýäni,
Sen ahyryn şeýle Gözel ýaradan...)
Men-ä telpek goýdum,
El-aman, aman!
Barybir ikimiz sataşjak bolsak,
Göýä ýelim çalnan ýaly sulhumyz
Bir-birine galjak bolsa ýapyşyp...
Aýtsana,
Henize-bu güne çenli
Üsti elmydama gelüw-gidüwli
Ýumurtga çalymdaş togalak ýeriñ
Eýlesi-beýlesi görünip duran
Eliñ aýasy dek dagy-düzüniñ,
Niresinde bolduñ,
Nirde gizlendiñ?
Owarram diýeli meñ ir doglanym,
Aýby ýok señ doglanyñam gijiräk
Bir saý-sebäp bilen ýolda, ulagda
Ýeke gezek düşmese-de göz göze
Bu gün gelip huzuryma ýüz ýüze
Çözüp ap-ak topugyña saralan
Messepsiz durmuşyñ duşan duşagyn
Böwsüp kanunlaryñ petiklän bendin
Sumbaryñ siliniñ baharda joşup
Jülgäni goýnuna dolaýşy ýaly
Hemdem edip aljak bolsañ dünýäñe
Hem-de bu şygyry gijäñ ýarynda
Bir mähirsiz ýaryñ goýnuna girmän
Diwary dyrtmalap,
Stol ýumruklap,
Bir ondan, bir mundan ýarsy ýazylyp,
Soñam gaharyma zibilli bedrä,
Düýrlenip zyñylan bigünä kagza
Çyrşatmakçy bolsañ, owal-aslynda
Nirde bolduñ?!.
Galdyr gabaklaryñy,
Gözüme seret...
© Has TÜRKMEN.
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.