Aýym sen...
Aýym Sen...
ASMANDA AÝYM SEN...
Asmanda Aýym sen, el ýetmän galan,
Elleriñden birje elletmän galan...
Sen bolarsyñ mydam dilimde senam,
Ýaradar kalbyma tesellim,
penam.
Diñlemediñ perýadymy,
gohumy,
Kükregimden sogrup aldyñ ruhumy.
Şondan bäri gezip ýörün san bolup,
Guran agaç ýaly ruhsuz jan bolup.
Gel-de, öz ruhuñdan ruh üfle jana,
Men golumy ýaýaýyn gök asmana.
Geçsin ýersiz synanşyklañ telimi,
Ýetireýin öz Aýyma golumy...
Soñ ýalpyldap süýnen ýyldyza meñzäp,
Gaýdaryn topragyñ bagryna dyñzap...
____________________
Ne saña ynanýan.
Ne seni söýýän.
Ne görüp gönenýän.
Ne sesiñ duýýan.
Özüñem bilýänsiñ ynam diýlen zat
Dümede ekilen garpyz däldigin
Ya sende,
Ýa mende
Haýsydyr bir gün
Ynam döräýse-de barybir ýene
Söýgi atly çalasudur salgymyñ
Aýakýalañ, başy açyk yzyndan
Gitmejegiñi,
Hem-de gitmejegimi
Bilibem duransyñ. Şonuñ üçinem
Meniñ bir nämälim günleriñ biri
Seniñ gül pürkülen çukanaklyja
Al öwüsip duran ýañaklaryña
Açgöz didelermi degräýjek bolup
Ýa-da suwa inen käkilikleriñ
Owazyn ýatladýan pyşyrdylarña
Diñ salyp ýatmagyñ hut maña däl-de
Gör haýsy bagtla nesip etjegin
Aýnada gören dek bilip dursamam
Menden juda alyslarda,
Bir ýerde
Ikindin mahaly şapagy synlap
Özüñ hakda,
Men hakynda oýlanyp
Syr bildirmän ýanyñdaky durana
Ýalandan ýylgyryp, gülüp dursañam...
Men bu ahwallary duran ýerimden
Palçy bolmasamam palçylar ýaly
bilip durun. Hem-de tanşan günümiz
Içimden zymdyrlyp geçen duýgulañ
hormatyna seni ömrüm ötýänçä
Ne söýmän bilýärin,
Ne-de ynanman...
◆ ◆ ◆
Bir gün ogluñ bolar.
Gyzyñam bolar
(Şu gezeg-ä gyz bolaýjak öýüdýän)
Haýsy bolanda-da parhy ýok maña
Owalda Allanyñ halany bolar.
Ýöne ap-ak mämelerñi sokjalap
Emýän balajygy gujagña gysyp
Bile bir düşekden örmedik diýip
Söýgimiziñ miwelerniñ jykyrdap
Öýmüzi bazara öwrüşlerini
Bile buýsanmadyk, görmedik diýip
Göwsüñe ymtylýan ümbilmez çagañ
Ýelniñi ýeñledip bolarna çenli
Böwrüñe diñ salyp oýa çümeñde
Sýurpizden doly ýükli günleriñ
Durmuş kerwensaraýynda goş ýazyp
Bizi ýene birikdirse birsellem
Dil bilen aýdañda düşnüp bolmajak
Geñsi duýgularyñ tug deý pasyrdap
Gaýdyp görmesegem bir-birimizi
Gurhan ýaly çagalara bakanda
Dünýäñ döwranyny sürýän deý bile
Elýetmez duýgyny bagş etjegini
Galanja ömrüñde armansyz, gamsyz
Ykbalyñdan razy bolup gitjegñi
Bilýänem dälsiñ...
Has TÜRKMEN
ASMANDA AÝYM SEN...
Asmanda Aýym sen, el ýetmän galan,
Elleriñden birje elletmän galan...
Sen bolarsyñ mydam dilimde senam,
Ýaradar kalbyma tesellim,
penam.
Diñlemediñ perýadymy,
gohumy,
Kükregimden sogrup aldyñ ruhumy.
Şondan bäri gezip ýörün san bolup,
Guran agaç ýaly ruhsuz jan bolup.
Gel-de, öz ruhuñdan ruh üfle jana,
Men golumy ýaýaýyn gök asmana.
Geçsin ýersiz synanşyklañ telimi,
Ýetireýin öz Aýyma golumy...
Soñ ýalpyldap süýnen ýyldyza meñzäp,
Gaýdaryn topragyñ bagryna dyñzap...
____________________
Ne saña ynanýan.
Ne seni söýýän.
Ne görüp gönenýän.
Ne sesiñ duýýan.
Özüñem bilýänsiñ ynam diýlen zat
Dümede ekilen garpyz däldigin
Ya sende,
Ýa mende
Haýsydyr bir gün
Ynam döräýse-de barybir ýene
Söýgi atly çalasudur salgymyñ
Aýakýalañ, başy açyk yzyndan
Gitmejegiñi,
Hem-de gitmejegimi
Bilibem duransyñ. Şonuñ üçinem
Meniñ bir nämälim günleriñ biri
Seniñ gül pürkülen çukanaklyja
Al öwüsip duran ýañaklaryña
Açgöz didelermi degräýjek bolup
Ýa-da suwa inen käkilikleriñ
Owazyn ýatladýan pyşyrdylarña
Diñ salyp ýatmagyñ hut maña däl-de
Gör haýsy bagtla nesip etjegin
Aýnada gören dek bilip dursamam
Menden juda alyslarda,
Bir ýerde
Ikindin mahaly şapagy synlap
Özüñ hakda,
Men hakynda oýlanyp
Syr bildirmän ýanyñdaky durana
Ýalandan ýylgyryp, gülüp dursañam...
Men bu ahwallary duran ýerimden
Palçy bolmasamam palçylar ýaly
bilip durun. Hem-de tanşan günümiz
Içimden zymdyrlyp geçen duýgulañ
hormatyna seni ömrüm ötýänçä
Ne söýmän bilýärin,
Ne-de ynanman...
◆ ◆ ◆
Bir gün ogluñ bolar.
Gyzyñam bolar
(Şu gezeg-ä gyz bolaýjak öýüdýän)
Haýsy bolanda-da parhy ýok maña
Owalda Allanyñ halany bolar.
Ýöne ap-ak mämelerñi sokjalap
Emýän balajygy gujagña gysyp
Bile bir düşekden örmedik diýip
Söýgimiziñ miwelerniñ jykyrdap
Öýmüzi bazara öwrüşlerini
Bile buýsanmadyk, görmedik diýip
Göwsüñe ymtylýan ümbilmez çagañ
Ýelniñi ýeñledip bolarna çenli
Böwrüñe diñ salyp oýa çümeñde
Sýurpizden doly ýükli günleriñ
Durmuş kerwensaraýynda goş ýazyp
Bizi ýene birikdirse birsellem
Dil bilen aýdañda düşnüp bolmajak
Geñsi duýgularyñ tug deý pasyrdap
Gaýdyp görmesegem bir-birimizi
Gurhan ýaly çagalara bakanda
Dünýäñ döwranyny sürýän deý bile
Elýetmez duýgyny bagş etjegini
Galanja ömrüñde armansyz, gamsyz
Ykbalyñdan razy bolup gitjegñi
Bilýänem dälsiñ...
Has TÜRKMEN
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.