"Hawa, sen bugdaýreňk owadan bir gyz"

Hawa, sen bugdaýreňk owadan bir gyz,
Bolsa, sensiň Ferdöws iýmişin dadan.
Başga bir dünýäden inensiň öýder,
Dünýäň bir däldigne ynanýan adam.

Hüýrsypat syratyň uçjaga meňzäp,
Bir näzijek galdyraňda tolgunyp,
Goşulasym gelýär galdyraýşyňa
Golum bilen inçe bile tor gurup.

Saçyňdan, gaşyňdan ysgasym gelýär,
Ykjasym gelýär meň bolup gulpagyň.
Ýakalasym gelýär yhlasym bilen,
Näbelli güýç ýaryp barýar gursagym.

Ýüzüňden, gözüňden sypasym gelýär,
Ellerin galgadyp, göýä birini
Sermeläp tanajak bolýan kör ýaly.
Sen halas etmeseň edersiň heläk,
Meni beýle örtäp maksadyň näme?!
Men igläp barýaryn sen seretmeseň.
Nazaryňy i:nim duýsa jümşüldäp,
Tenim tikeneklär, eý melekbeden!

Şoň üçinem sen bar gyzdan saýlanýaň,
Şoň üçinem sen bar gyzdan owadan.
Ygtyýarmy gyz näziňe ýugrupsyň.
Görküň üçin söýmedim men,
maňlaýma
ähli gyzdan sen owadan doglupsyň.

Yns bolsaň yhlasym myratsyz galmaz,
Hüýr bolsaňam hüýli başym egýärin.
Behiştde bir seni görmek üçinem
Dünýäň keýpi-sapasyndan el çekip,
Sopy deýin ýaşanyma degýänsiň!

Seýitmyrat Geldiýew
4 лайков 166 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
vauuuuuuu kimi beyan etdikaa Seyitmyrat diyen arbuz
Sеljик
05 июл 2022, 01:58
Meňki "sen saryja owadanja oglanjyk" diýende, menem *Hawa, sen bugdaýreňk owadan bir gyz* diýýän. Bäh, Seýitmyrat aga bilen sözüm meňzeş gelipdir. (Men su edebiyaty okamayyn, onsan edebiyaty halap baslaryn diyyande yene okayanda blä)
Sеljик
05 июл 2022, 01:59
Maladis, gowy gosgy.
Belki
05 июл 2022, 04:32
Bugdaýreñk bolanda garaýagyz bolýarmy?
Aksary
Автор 05 июл 2022, 08:15
Belki
Bugdaýreñk bolanda garaýagyz bolýarmy?

Bugdaýreñk bolanda melemtil bolýa.bugdaý dänesini eliñe alyp gör