Söýgi hem-de jady (goşgy)

Ýüregimi berip jadyň eline,
Diýdim, çalmaz ýaly aýralyk heňin,
Jadylaň siz meniň eziz ýüregim,
Gaýdyp beriň eger, tapylsa deňim.

Jadygöý tiňkesin dikip ýürege,
Kellesin gazady ençeme sapar.
Gorkuly göz bilen ýüzüme bakyp,
Diýdi, hak aşyklar öz taýyn tapar.

Eline aldy-da jady kitabyn,
Okady bat bilen ençeme setir.
Gatlaryny ýapyp, oklady çete,
Diýdi, haýyş bitdi, pullarym getir.

Men bolsa elimi ýetirdim jübä,
Howlugyp sanadym, jyn kowýan ýaly.
Kä alňasap, kä aljyrap durşuma,
Okladym öňüne bermeli paýy.

Jadygöý myssardy, pullaryn sanap,
Ýygşyrdy olary demir sandyga.
Jadydan soň, gara daşa öwrülen,
Ýüregimi oklady gür ýandaga.

Aklym ýetmän bolup geçen zatlara,
Dikdim jadygöýe, soragly nazar.
Näme diýjegimi gözümden aňyp,
Diýdi, söýgi bir gün bu daşy tapar.

Şonda ýyladar ol, bu gara daşy,
Bakylyk ereder, ýürek jadysyn.
Goý, seniň gözleriň agydan däl-de,
Söýgiň şatlygyndan, gülip ýadasyn.

Ondan bäri geçdi ençeme aý-gün,
Garaşýaryn henizem çyn söýgime.
Ýadamaryn geçsin-gitsin pasyllar,
Bil baglaýan arassa, päk duýgyma.


Awtor : Sabyr Ýegelekow - (#SaDMaN)
04.07.2022.ý - 19:45
4 лайков 145 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
SaDMaN
Автор 04 июл 2022, 20:26
köp wagtdan bäri goşgy ýazmandym. aslynda goşgy däl-de hekaýa görnüşinde ýazmakçydym ,ýöne goşgy has täsirli bolar diýip pikir etdim
SaDMaN
Автор 04 июл 2022, 20:28
saýtymyzyň şahyrlary kemçiliklerini düzetmäge kömek eder dp umyt edýän. Hany onda tankytlama.com gaýrat ediň tureshek dowya
SaDMaN
Автор 04 июл 2022, 20:35
"Tokmak" žurnaly ýadyma düşdaý mugallym goshgy
Mahremcynar
04 июл 2022, 21:14
Yene køpräk žurnal tapyp duryň
Belki
04 июл 2022, 21:21
"Jadylañ siz meniñ eziz ýüregim"
At çalyşmalaryny goşguda kän ulanmak çeperçiligi gaçyrýar.Ýerini bilip ulanmak artdyrýar.
Meselem:
"Jadylap goýberiñ eziz ýüregim" bolup biler.

"Eline aldy ol jady kitabyn"
Şu ýerde-de at çalyşmasy artyk.
"Eline aldy-da jady kitabyn" bolup biler.
"Soñra ýapdy-da oklady çete" - 10 bogun.
"Gatlaryny ýapyp,oklady çete" bolup biler.
"Garaşýaryn heniz öz çyn söýgime" - öz artyk.
"Garaşýaryn henizem çyn söýgime" bolup biler.
"Hijem" sözi gulaga ýakymsyz,goşga gelşenok.
"Ýadamaryn geçsin,gitsin pasyllar"
-bolup biler.
Kapyýalaryñ gowy.Iñ esasy zadam goşguda öñe sürülýän pikir we pikri beýan etmäge bolan synanyşygyñ gowy.
Birem,ýene bir pikir bereýinmi.Goşguda azajyk çeperçiligi artdyrmak isleýän bolsañ,sözlemiñ soñunda getirjek sözleriñi başynda getirip gör.Ýagny,"Jadygöý tiñkesin dikip ýürege,gazady kellesin ençeme sapar" diýmän,"Gazady kellesin ençeme sapar,Jadygöý tiñkesin dikip ýürege"diýseñ çeperçilik öñküsinden göz-görtele artýandyr.Ýöne muny hemme bentde etmek bolmaz.Gelişýän ýerine görä ýerine ýetirmeli.
Galamyñ ýiti bolsun!
Üstünlik!
SaDMaN
Автор 04 июл 2022, 21:44
Belki,
@Mumkin sestra sag bolun bellikler we teklipleriniz ucin ,men shahyr dal yone
koprak eser goshgy okanym ucin barlap goryan. Maslahatlarynyza amal etjek bolaryn.
@Pegas agamdan we @Nirvana hanymdan hem belliklere garashyan
SaDMaN
Автор 04 июл 2022, 22:01
Mahremcynar
Yene køpräk žurnal tapyp duryň

bolýa kitaply
SaDMaN
Автор 04 июл 2022, 22:02
Belki,
aýdyşyňyza görä setirlerde üýtgeshme girizdim .ýene birgezek sag boluň! minnetdar sps spsminnetdar
Bakygeldi
04 июл 2022, 22:53
DOSSYM GOWY YAZYPSYÑ . catdaky yas sahyrla uysup sitela barada yazaly