********

Aşyk bolmak ýaşa garanokmyşyn,
Aşyk boldum saňa kyrka golaýlap.
Ne sebäpden geldiň bu gamly başa,
Perwana eýlediň başymy aýlap.

Ýaş wagtymda duşmadymmykam saňa,
Ýa duşsamda, meniň gözüm körmidi,
Ýa adyňy eştmedimmi şu çaka...
Bolmasa, meň gulaklarym kermidi!

Diňe, men däl aşyk bolan juda kän,
Düşünýänem, düşünmeýänem ýazýa,
Yşk ýolunda telbe eden magşugym
Düşünmesemde, söýdüm,
Poeziýa!

R. Mämetgurbanow
3 лайков 201 просмотров
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
Автор 10 июл 2022, 20:27
Teswiriňizi ýazyň kemçiligini düzeder ýaly
Mümkin
10 июл 2022, 20:40
"Saña men däl" diýmän,"Diñe men däl" diýsek dogry bolaýjak ýaly.
"Düşünýänem,düşünmeýänem ýazýa" diýenimizden soñ bir setir gerek şol ýere.
Meselem:
Yşk ýolunda telbe eden magşugym
Düşünmesemem söýdüm
Poeziýa
bolup biler.
(poýeziýa däl poeziýa)
Öwreniji
Автор 10 июл 2022, 20:42

Sagbol minnetdar häzir üýtgedeýin
Гость
10 июл 2022, 20:43
Özüň ýazdyňmy agam?!
Гость
10 июл 2022, 20:45
Başyny okap "kyrka golaýlap päli azyp ýörmükä muň" diýipdirin. :)
Öwreniji
Автор 10 июл 2022, 20:49
Гость
Özüň ýazdyňmy agam?!

Hawa
Başyny okap "kyrka golaýlap päli azyp ýörmükä muň" diýipdirin.
????
Гость
10 июл 2022, 20:51
Remezan
Гость
Özüň ýazdyňmy agam?!

Hawa
Başyny okap "kyrka golaýlap päli azyp ýörmükä muň" diýipdirin.
????

Tüweleme, dowamly bolsun:)
Nurmuhammet
10 июл 2022, 21:01
????
Гость
10 июл 2022, 21:02
Гость,
Öňem biri diýýädi "kyrkyňdan soň saz öwrenip görüňde çaljakmy" diýip. Hälem kyrka ýetmänkäň söýäýipsiň, ýogsam saňa-da aýdardylar :))
Гость
10 июл 2022, 21:07
Гость
Гость,
Öňem biri diýýädi "kyrkyňdan soň saz öwrenip görüňde çaljakmy" diýip. Hälem kyrka ýetmänkäň söýäýipsiň, ýogsam saňa-da aýdardylar :))

Özüme ýazan ýaly bolupdyr bi. Düşünersiňda aşyk ýigit )
Öwreniji
Автор 10 июл 2022, 22:41
Гость,
Aý dost ýazan teswirleriňden ýaňa meni, bolnissa äkitdiler, operasiýa etmeli diýýäler, içegäm üzljek bolup durmyş. Beý diýmäýde ???
Гость
10 июл 2022, 22:58
Remezan
Гость,
Aý dost ýazan teswirleriňden ýaňa meni, bolnissa äkitdiler, operasiýa etmeli diýýäler, içegäm üzljek bolup durmyş. Beý diýmäýde ???

Başga sebäbi bardyr. Garamatyňy wir meň üssüme atmada beýdip :)
Aýsere
10 июл 2022, 23:00
Mämmetgurban Mämmetgurbanowam sizdenmi?
Öwreniji
Автор 10 июл 2022, 23:16
M-11.
Mämmetgurban Mämmetgurbanowam sizdenmi?

Ýok ýeke täk familýadaşym
Öwreniji
Автор 10 июл 2022, 23:18
Гость
Remezan
Гость,
Aý dost ýazan teswirleriňden ýaňa meni, bolnissa äkitdiler, operasiýa etmeli diýýäler, içegäm üzljek bolup durmyş. Beý diýmäýde ???

Başga sebäbi bardyr. Garamatyňy wir meň üssüme atmada beýdip :)

Ýo indi senden başga sebäpkäri ýok
Pegas
10 июл 2022, 23:32
Gowy eken. Tehniki taraplaryny kakyş-kukuş etseň, oňat goşgy taýynjak.
Öwreniji
Автор 10 июл 2022, 23:53
Pegas
Gowy eken. Tehniki taraplaryny kakyş-kukuş etseň, oňat goşgy taýynjak.

Tehniki ýerlerini, düşündirmeseň, menden bejergi beren bolmaz