Ýetim

Köçe bilen tüp yssyda, syryp barýar bir oglanjyk,
Deň-duş çagalardan üzňe....
Aryp barýar, haýal ýöräp.
Ýolda delje bir zat görse, garbap alýar ol oglanjyk.
Bir geňsije, hereketi.
Käte togtaýar, aljyrap.

Ýüzi salyk, egni gysyk.
Hatda çetde adamlardan,
Oýnaýmaly wagtydygy, onuň asla piňine däl.
Iş buýursaň, höwes bilen kömegini gaýgyranok.
Ýöne, welin etjek işi, öz güýjiniň deňine däl.

Nebsin agyrdýanam-a bar, bu oglanyň ahwalyna.
Käsi başyn sypap geçse,
Golaýyndan kowýar käsi.
Kim günäkär?
Kim jogapkär?
Oglanjygyň ykbalyna.
......Oglan welin dileg edýär, ýüregi ak, päk niýeti.
-HIÇ BIR KIŞIŇ BAŞYNA ÇEKMESIN ÝETIM KYSMATY.

R. Mämetgurbanow
2 лайков 114 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
11 июл 2022, 11:13
"Oýnaýmaly wagtydygy onuñ asla piñine däl" . bolmalydy.
Başga belligim ýok.Goşguñ ideýasyny diýseñ haladym.Pikri beýan edişem hiç neneñ däl.
Üstünlik!
Öwreniji
Автор 11 июл 2022, 11:14
Mümkin,
minnetdar üýtgederin häzir
Aymaraljana_a
11 июл 2022, 12:26
Ajayyp minetdar