Gorkanyma degýärmi?
Säher bilen ertirligimizi edinenimizden soñ ýuwmaly gap-gaçlarymyzy alyp daşary çykdym.Ýañy bir ýuwup başlanymam şoldy welin 10-11 ýaşlaryndaky oglanjyk gapymyzdan ätledi.Howatyrly gözleri bilen ýüzüme esedip,ýuwaşjadan dillendi.Aramyzda bir-iki metr bolanlygy üçin bolsa gerek,näme diýenini eşdip bilmänim üçin has golaýragyna süýşüp, soragly gözlerimi dikdim:
-Näme diýýäñ?
Oglanjyk barmagy bilen köçäni ümledi.
-Ho-ol pyýandan meni geçiräý-dä diýýän.
Oglanjygyñ ümlän tarapyna seredip görsem garaýagyz,hortap gartaşan goñşumyz geçip barýan eken.Ol goñşumyzyñ gün-güzerany kynrak bolansoñ,ogly bilen aýdylmadyk toýlara-da garnyny doýurmaga gidiberdi.Muña garamazdan onuñ heran-haçan arak içip serhoş bolanyny,kimdir birine zelel ýetirenini ne görüpdim,ne-de eşidipdim.
Oglanjygyñ gorkusynyñ ýersizdigini başardygymdan düşündirmäge synanyşdym.
-Pyýan däl-ä ol.Pyýan däl!Arkaýyn geçiber.
Oglanjyk sözümi ygtybarly hasapladymy ýa mendem garaşan hemaýatynyñ bolmajagyna düşündimi nämemi gelişi ýaly usullyk bilen yzlygyna ýöräp ugrady.Öýümiz çatrygyñ gapdaly bolansoñ köçeden geçip barýanlary arkaýyn görmek mümkindi.Gaplarymy ýuwmagymy goýup,boljak tomaşany synlamaga durdym.Oglanjyg-a bärden barýar,hortap goñşumyzam añyrdan gelýär.Ikisiniñ ýoly çatrygyñ öwrülýän ýerinde kesişdi.Birdenkä-de häliden bäri eli ep-eslije goşly gelýän goñşumyz dynjyny almak üçin bolsa gerek,togtady-da goşlaryny ýere goýdy.Muny gören oglanjyk iñ soñky tizlikde ylgasa nädersiñ?! Goñşumyz ylgap barýan oglanjygyñ yzyndan seredip galdy.
Oglanjygyñ goñşumyzy näme üçin serhoş hasaplandygy barada oýlandym.Belki,degişgenräk dostlarynyñ biri ol adam barada şeýleräjik ýalan oýlap tapandyr.
Göwnüme bolmasa öýümiziñ ýanyndaky darajyk köçe ägirt durmuş ýolunyñ mysaly nusgasy ýaly.Käte durmuş ýolumyzda özümizçe aşmagy kyn hasap edýän päsgelçiliklerimiz gabat gelýär.Onsoñ bizem edil şol oglanjyk ýaly yzymyza dolanýarys we özümizden has ugurtapyjy ýa-da ýaşy uly ynsanlaryñ maslahatyny soraýarys.
Aslynda,bu ýerde ünsümizi çekmeli başgaça ýagdaýymyz bar.Edil oglanjygyñ ýersiz ýere gorkuşy ýaly bizem mahal-mahallar gorkmaga hiç hili esas ýokka gorkýarys.Şeýle pursatlarda durmuş ýolumyzdaky geçen menzilimizden yzymyza dolanman şol päsgelçilige içgin-içgin garap pikirlenmelidiris:Bu päsgelçilik gorkanyma degýärmi?

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.