Kä gelinler hakda näme diýeýin ?

Baglanypdyr ,,Imo" bilen ,,Line"
Howmaty ýok äri bilen gaýnyna,
Näme diýjek beýle gelin oýnuna ?
Ojagyna mähir dökmejek bolsa .

Kenar hem saklamaz joşaýsa derýa,
Arzuwym, ojagy bolmasyn yrýa,
Gelin gyzdan beter bezenip barýa,
Ne peýda arylar toplajak bolsa ?!

Ýaşasa durmyşda wertual söýüp,
,,Ilde ýok zat dälä, görmezler aýyp,
içim gysyp şuny etýärin" diýip,
Gelin bormy, ärine ýetmejek bolsa?

Özgäniñ sözine ýumşadyp göwün,
Ykbalyna salar çözülmez düwün,
Bilenok ýaşlygy baky dälligin,
Ýoldaş uzak durmaz saklajak bolsañ !

,,Ene" adyñ hormatyda gaçyp ýör,
Bar käleri ýalan andy içip ýör,
a'h gelinler kelle nirde uçyp ýör?
O dünýäñ ýok, är razy bolmajak bolsa !

Maksatmyrat Rejepow
10 лайков 487 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ajy
12 июл 2022, 09:06
gelneje senmi bu?
Türkmen Gyzy
Автор 12 июл 2022, 09:07
garaburc,
gelnejäň kim?
Nazar
12 июл 2022, 09:29
Yetirip dur Minnoshka. Gyzykly
Mümkin
12 июл 2022, 09:46
Bidereklik.
Imo girer, sebâbi indi olar tâzw nesil, tâze gelinler. Line döwri yzda galdy (goşgy haçan çykandygyny biljekdâl). Gelinler bezener, olar güldir. Goşgy aýdan bolupda,işiñiz bolmasyn, gelin bilen gyz bilen. :))
Serdar
12 июл 2022, 09:54
Gyz gelinler psihiçeski ataka edip başlady sowesh
Nazar
12 июл 2022, 09:58
Hemme zat başardýar...?‍?...
Imo girer, sebâbi indi olar tâzw nesil, tâze gelinler. Line döwri yzda galdy (goşgy haçan çykandygyny biljekdâl). Gelinler bezener, olar güldir. Goşgy aýdan bolupda,işiñiz bolmasyn, gelin bilen gyz bilen. :))

Ýalňyşmasam seniň gep urşuňdan nikiňden birine meňzedyän. (Yolagçy-ha dälsiň)
FanB,
Ýolagçyna tanamadym,ýöne menem tanaýan dâlsiñizle dogan)
Garabufer
12 июл 2022, 13:09
Hömmmm
Aymaraljana_a
12 июл 2022, 13:27
brawo afarinn
Kalbynur
12 июл 2022, 18:48
Dogry aydylan sewawi kop gelinler bozulup yor oz arinden basga seredip
Ballyja_kokam
12 июл 2022, 20:49
hudaysaklasyn
Ballyja_kokam
12 июл 2022, 20:55
Guller, name hayyr baka shol zadlardan soñ?
Ballyja_kokam
12 июл 2022, 20:56
Mümkin,
hawa