Sensizlik...

....
Мы в жизни любим только раз, А после ищем лишь похожих…
С. Есенин
......

Beýnimiň içinde gopgun turzuşyp,
Pikirler bu günem duelde durlar
Senli günler ykbalyma bir yşyk,
"Sensizlik" - dokuz harp, bir ömür bolar

Dünýämde ýeke reňk, olam garalyk
Tümlikde ýatan,
kalby kör,
biri men
Gitjek bir gün reňkli dünýä garylyp,
Şol umyt bile - entekler diri men...

Sendiň baky ylham, tükenmez gorum
Sensizlikde boşap galdy söz känim
Hem-ä ýekedigiň gaýtalap ýörün,
Hem gözleýän saňa meňzeş özgäni...


Ylham GURBANALYÝEW
7 лайков 171 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
12 июл 2022, 20:42
A gy sen dostlukda-da bardyň gerek?
Pegas
12 июл 2022, 20:58
“Мы в жизни любим только раз, а после ищем лишь похожих”
                      С.Есенин


Pessaýja hiňlenip aýdym aýdardyň,
Sesiňi çykarman diňlärdiň şygyr.
Şol ýuwaşja aýdan aýdymlaryňam,
Saňa goşgy diýip aýdanlarymam
Ýatlamak, ah, häzir şeýle bir agyr.

Ýatlamadan göwnüň gönenmeýänin
Bilsemem, ýürege ýetenok erkim.
Ýogsa, seniň aýdan aýdymlaryňy
aýdaram,
goşgymy diňlärem her kim.

Bagryň badaşanyň bagtyňy görmän,
Bagtyňa keýpine sogan dogrady.
Mamla ol, men seni ynjytdym ençe,
Ýöne çyndan söýýänimem dogrudy...

Gün geçýär, ýaralar könelýär,
Derdem,
göräýmäge, barýan ýaly ýeňleşip.
Şunça wagtda sataşmadyk bir gezek,
Ýa gözläp ýörmüsiň maňa meňzeşi?!

13.03.2017ý.


Sapa HOMMADOW
Milaýa
12 июл 2022, 21:04
Bir gezek söýmek bar ýagty dünýäde, ýaşamagam iki gezek berlenok...
Venus
Автор 12 июл 2022, 21:22
Nairobi,
Salam. Hawa. Siz şu nikdediňizmi?
Venus
Автор 12 июл 2022, 21:23
Pegas,
Ýakynda okapdym şuny agam.
Leyli Amanowa
12 июл 2022, 21:23
Venus23,
Salam
Leyli Amanowa
12 июл 2022, 21:23
Venus23,
men @modmozel nikdedim
Venus
Автор 12 июл 2022, 21:24
Nairobi,
Hä, ýadyma düşdi.
Aymaraljana_a
12 июл 2022, 21:32
brawo ....
Öwreniji
12 июл 2022, 23:07
Ikiňizede berekella