********

Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.
Damja dama-dama köle öwrülip,
Yzlar — ýoda,
Ýoda — ýola öwrülip,
Oglanlar gyz är-aýala öwrülip—
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Owazlar goşulyp öwrülýär saza,
Gyş kem-kemden eräp ýazýandyr ýaza,
Ömür köne,
Emma ykballar täze —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Sen gyza bakýarsyň,
Gyz bolsa — saňa.
Ýöne entek söýgi diýlenok muňa,
Otly tamdyr ýaly taplanyp diňe —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Ak daňy atyrýar geçýär-de gije,
Ýeli, suwy adam öwürýär güýje,
Ýaz — tohum sepilýä
Güýzem — netije —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Bilemok, aslymyz maýmynmy ýa däl,
Durmuş näme?
Durmuş — jogap däl —
Sowal.
Günäň garşysyna döräpdir zowal —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Ýamana haý diýip,
Ýagşyny aýap,
Biz kemal tapýarys çeksek-de azap,
Bir zady ýumursa,
Bir zady ýasap —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Ýaşaber dünýäňe ynamsyz bakman,
Kesel köpelensoň döräpdir Lukman.
Bizi howlukdyryp,
Özi howlukman —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Berdinazar Hudaýnazarow
3 лайков 136 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
12 июл 2022, 22:13
"Ak daňy atyrýar geçýär-de gije,
Ýeli, suwy adam öwürýär güýje,
Ýaz — tohum sepilýä
Güýzem — netije —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli."


???
Aýsere
12 июл 2022, 22:36
Gowy bolupdyr R. Mämmetgurbanow
Öwreniji
Автор 12 июл 2022, 22:47
M-11.,
Bagyşlaň awtory men däl. Häzir goýjak, ötünç soraýan
My life
12 июл 2022, 23:12
Gaty gowy goshgy !
Aymaraljana_a
12 июл 2022, 23:27
Govy gosgy ekenay brawo sag bolun