Kejirlik

Biz bile gezerdik gülüşüp- degişip,
Parh etmezden ertir haçan , giç haçan.
Bizi hiç güýç aýyrmajak ýalydy,
Aýrylmajak ýalydyk biz hiç haçan.

Aýlanýan señ bilen gezen ýerlerme,
Gysylamda giñlik tapýan bu taýdan.
Ýalbarardyñ "ýeke goýmagyn" diýip,
Bagtymyzam dilärdiñ sen Hudaýdan.

Biz bagtlydyk, sebäbi biz biledik,
Gol tutubam toý tutjakdyk il ýaly.
Bir kiçijik damja deýin säwligimiz,
Bizi gorpa alyp gitdi sil ýaly.

Sil ýuwuldy üstümizden dessine,
Oklap herimizi aýry bir jara.
Indi görýän welin, kejirligimizden,
Başga sebäp ýok aýrylyşara.

Seýitmyrat Geldiýew
1 лайков 87 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Garabufer
13 июл 2022, 00:48
Begendä gaýtama, tas toý edýädiňizä, maşgala bolanyňdan soň kesirlikden maşgala pozulandan , şuwat yrrrrräzäýdisssss bolanyň gowaaa
Garabufer
13 июл 2022, 00:48
Nesibedr