Gündeligimden...

....
Eşege-de eşekdirdä diýip, ýandakdan gowy süýjiligiň ýoklugy hakda söz etdiler...

....
Geçen hepde iki sany alypbarjynyň Puşkini tankytlamagyndan soňra, goşgy ýazmagy bes etmelimika diýip pikir etdim. Aňyrda-da rahat ýatsaň gowy ahyry. Aňrynam oýlamak gerek..!

......

Fizikada "Sürtülme güýjiniň bir zadyň başga bir zada täsir edip, galtaşmagy esasynda ýüze çykýar " diýilmegi bilen durmuşda adamlaryň arasynda bolup geçýän "Sürtülme" düýpli tapawutly. Ikinjisi fizikaň kanunyna garşy gelýär. Bu gaty oýlandyryjy we öte zyýanly...

.....

Durmuş mugallymdan adynyň manysyny soradylar. Düşündirdi... Emma düşünen azdy...

.....
Durmuş mugallymyň "Nesibe" atly sapagyna düşünmän ömrini ötürýänlere haýpym gelýär.
.....


Ownuk sözi - özi däl-de, sözi ownuklar üçin ulanylsa has ýerlikli ýaly...

....

Kaktusy owadan hasaplaýanlara sylagym ulydyr.


Ylham GURBANALYÝEW
3 лайков 111 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
13 июл 2022, 11:03
Gyzykly?