Serdar Ataýew . "Oglanjykly dünýä" (kindiwanja kyssalar)

Bir oglanjyk bar, üç-dört ýaşlyja.
Özem hem-ä garagol, hem-de akyllyja.
Üstesine-de dillije.
Üstesine-de juda bilesigeliji.
Megerem, onuň ýaly oglanjyklar, azyndan her iki öýüň birinde-hä bardyr.
Özem, hut, şu oglanjygyň we oňa meňzeşje köp-köp oglanjyklardyr gyzjagazlaryň
barlygy bilenem, belki, bu dünýä şeýle gyzyklydyr.
Şol oglanjyk bilenem, Hudaýyň beren
her güni, bir gyzykly waka bolup geçýär...


SUSAK, ÇEMÇE,PYÇAK WE SÜBSE

Oglanjyk öýüň işi bilen başagaý bolup ýören ejesine: «Şü näme, şü näme?» diýip,sowal baryny ýagdyryp, halys ýüregine düşdi. Ejesi onuň çeşmeden akýan suw ýaly yzy üzülmän akyp duran soraglaryna çydaman, ony aljyratmak üçin, öýüň
içindäki zatlary ýeke-ýekeden görkezip,
çalt-çalt dan onuň özüne sorag yzyna sorag be rip ug ra dy:
— Bu näme?— diýip, ejesi elindä ki
susagy görkezdi.
Susagyň susakdygy ýadyna düşmedik oglanjyk, şonda-da üşüklijeligini edip
aljyramady:
— Bulanýançy!
— Onda bu näme?— diýip, eje si
tabakdaky çemçelere barmagyny çommaltdy.
— Bulanýançyň çagalary.
— Onda, bu näme?— diýip, ejesi pyçagy görkezdi.
— Paltaň çagasy.
— Onda muňa näme diýersiň?— diýip, ejesi oglanjygy gepde ýeňmek üçin
sübsäni görkezdi.
— Şonam bileňokmy, eje?! Süpürýänçi — diýip, ol tyýkyrap durmady.

AGŞAM NAHARY

Şenbe güni kakasy işden ir geldi-de, agşam naharyny irräk iýdiler.
Gün ýaşyp, gündeki agşamlyk nahar
iýýän wagtlary gelip ýetende, iki-baka ylgawy ýeten oglanjyk ýene-de ajygyp başlady.
Ol penjireden daşaryk siňe-siňe seretdi-de,
gaýgyly dem alyp:
— Bäh, iller-ä şu wagt nahar iýýändirlerow! — diýdi.


SANJYM

Çigrekli gün ulularyň gözüne güýdüşip,
suw oýnap, üsti-başyny öl-myžžyk eden
gü nü niň ertesi og lan jyk nä hoş la dy. Gyzgyny gaty galandan soň öýlerine maşgala
lukmanyny çagyryp, oňa derman sanjym
etdirmeli boldy. Lukmanyň sanjym iňňesini
taýynlaýşyny gözlerini tegeläp synlap ýatyşyna, ol ejesiniň gulagyna pyşyrdady:
— Eje, sanjymy dik durup etdirip, seniňem boýnuňdan gujaklaýaýyn?! Hä?!
— Näme üçin?!— diýip, ejesi geň galdy.
— Iňňesini dürtende agyrysyna çydaman, birden ýo ka rylygyna uçup gidäýmäýin...


PAGTASÜÝJI

Ejesi geçip barýan satyjydan oglanjyk
bilen jigisine pagtasüýji alyp berdi.
Her haýsyna birini.
Özem ullakanyndan.
Oglanjyk pagtasüýjüsini elinde saklap
durşuna, özünden iki ýaş kiçi jigisiniň daşyna geçdi:
— Dur, gymyldama, jigim! Seniň pagtasüýjiň, ine, şu taýjygy çykyp dur, ony, ine, şeýdip düzedeýin, owadanja bolar ýaly! — diýip,
ol jigisiniň elindäki pagtasüýjüden bir gezek
ep-eslini ýolup aldy. Soň ýene-de:
— Wiý, indem, hanha, bu tarapy betgel şik bolaýdy! Getir, ol tarapynam düzedip bereýin! — diýip, ýene-de ep-eslisini
diş le di.
Garaz, özüniňkä degmän diýen ýaly, sähel salymda jigisiniň elindäki pagtasüýjüni
iýip gutardy. Jigisi aglajak bolanda-da, oňa
öz elindäkini tutdurdy.
Ejesi:
— Gyýw, ony nä beýdýäň? Barybir, özüňkini berjek bolsaň, onuňkyny iýip nätjekdiň?
— diýende bolsa, ýeňsejigini tüňňerdip:
— Onuňky has süýji!— diýip, jogap
berdi.


GÜN NÄME ÜÇIN DOGÝAR?

Ýekşenbe güni irden turanlaryndan oglanjyk kakasyndan sorady:
— Kaka, Gün näme üçin dogýar-aý?!
— Saňa günde dünýäni ýagtyldyp bermek üçin.
Heniz ýüzünem ýuwmadyk oglanjyk,
garaja gözjagazlaryny açalak-ýumalak edip,
ýene-de sorady:
— Onda näme üçin, diňe maňa dünýäni ýagtyldýan Günüň şöhlelerinden beýleki
adamlaram menden soraşman peýdalanýarlar?!
Kakasy gep gözläp, sakynyp durmady.
Dessine jogap berdi:
— Sebäbi hemme beýleki adamlar, meniň oglumyň husyt däldigini, hiç kimdenem
hiç zadyny gysganmaýandygyny, hemme
kişi bilen hemme zadyny paýlaşmagy ýeriň
Ýü zünde hemme zatdan beter gowy görýändigini anyk bilýärler-dä!
Jogap oglanjygyň ýüregine «jüňk» boldy.


ÇEKIRTGE

Howanyň sowuk bir güni, kakasy penjireden içerik girip, aýnanyň öňünde sowukdan gizlenip oturan çekirtgäni tutdy-da, ony
daşaryk zyňjak boldy.
— Kaka, oňa degmesene! Ony daşaryk
zyňsaň üşär-de dümewlär! — diýip oglanjyk,
kakasynyň alkymynda peýda boldy.
— «Dümewlär» diýdiňmi? — diýip, näme üçindir, bada-bat iňkise giden kakasy,
çekirtgäni daşarynyň sowugyna zyňmak
niýetinden dändi.
Oglanjyk bolsa, jigisi bilen, ejesinden
azajyk pamyk alyp, onam oýnawaçdan
boşan uly kagyz gutynyň astyna endigan
ýazyp, çekirtgäni şol pamygyň üstün de
ýerleşdirdiler. Soňra ejesinden haýyş edip,
iýer ýaly zat alyp, gutuda busurylyp ýatan çekirtgäniň öňüne okladylar. Miwe şerbetinden boşan düpbäniň çaklaňja gapagyna
suw guýup, onam çekirtgä ýakynrakda goýdular. Tä howa maýlaýança-da oglanjyk jigisi
bilen çekirtgä idi-yssywat etdiler. Soňam ony
daşaryk çykaryp uçuryp goýberdiler.


AÝYŇ HOWASY

— Kaka, Aýda adam ýaşaýarmy? — diýip, daşardaky sekiniň üstünde ondördi
gijäniň Aýyny gözüni aýyrman synlap ýatan
oglanjyk sorady.
— Ýok — diýip, kakasy göwnübir jogap
gaýtardy.
— Näme üçin?
— Sebäbi Aýda dem alar ýaly howa ýok.
Oglanjyk sesini çykarman, sekiden turup
gitdi. Wagty bilenem yzyna köwlenmedi.
Birsalymdan soň yzyna geldi-de, kakasynyň
ýanynda söm-saýak bolup durdy. Eljagazyny
uzatdy.
— Bu näme? — diýip, kakasy oglanjygyň
kindiwanja aýasyndaky şarjagazlara geň
galyp seretdi.
— Ejemiň meniň hem-de jigimiň doglan
gününde çişirmek üçin ýygnap goýan şarlary. Ýaňy ejemden sorap aldym.
— Hawa, men olary näme edeýin?— diýip, kakasy ýene-de düşünmedi.
— Özüm-ä ullakan edip çişirip bilemok,
kaka! Sen çişirip ber, onsoň olary Aýa uçuraly. Goý, ol ýerde-de howa bolup, adamlar
ýaşasyn.


GADYRBILMEZ PIŞIK

Oglanjyk ejesinden ogrynça, ýahdandan
bir bölejik şöhlat aldy-da, şony albaý edibem
pişigi tutdy. Soňam onuň bilen özüniň oýlap
tapan haýsydyr bir gyzykly oýnuny oýnamagyň kül-külüne düşdi. Öz başyndan neneňsi
heýhatly günleriň inderiljek bolýandygyny
güman eden, tejribeli pişik, şöhlady lak-luk
atandan soň elinden sypyp gaçmakçy bolanda-da, onuň guýrugyndan garbap ýetişdi.
Soňam janhowluna mawlaýan pişigi, onuň
dört aýagynam birden ýere diräp, gitmejek
bolup dyzamagyna garaman, ony bagyrdyp
dartyp ugrady.
Pişigiň naýynjar mawlamasyny eşidip
daş çykan ejesi:
— Gyýw, goýber-ä ony! Oňa beýle ezýet
bereriň ýaly, onuň näme ýazygy bar?! — diýip, oglanjyga käýäp başlady.
— Eje-how! Sen düşüneňok. Men-ä
muny äkidip, oýnatjak bolýan. Bu-da özüne edilýän ýagşylyga düşünmän, garşylyk
görkezýär. Barypýatan gadyrbilmez diýerler
muňa!— diýip, gara dere batyp, pişigiň guýrugyndan dartýan oglanjyk hüňürdedi…


«SENEM ÇAGA BOLUP GÖRENSIŇ-Ä»

Özlerine üns berilmeýänliginden peýdalanyp, kakasynyň depderleriniň birnäçesini
jigisi bilen çyzym-çyzym edenleriniň üsti
açyldy-da, kakasy olary çüňkde goýmaly
boldy. Ikisem biri-birine ýanaşyp, çüňkde,
diwara bakyp, müýnli tüňňerilişip durlar.
Kakasam olaryň arka tarapynda iki-ba ka
gezmeläp käýinýär.
Kakasy käýinip, goýar ýerde goýmandan
soň, ahyry beýdip gymyldaman käýelip durmak oglanjygyň ýüregine düşendir-dä, ol
bärsine bakman hüňürdedi:
— Senem çaga bolup görensiň-ä kaka!
Senem şunuň ýaly bir zat edeniňde, kakaň
beýle uzak käýän däldir-laý! Hä, kaka?!...


IŇ GOWY ÇYKALGA

Oglanjyk ýuwaşjadan kakasynyň ýanyna
gelip oturdy-da, sorady:
— Kaka, bir zat sorasam, gaharyň gelmez gerek?!
Kakasy okap oturan kitabyndan ünsüni
sowup, çala gaňrylyp, oglanjyga äňetdi:
— Näme garagolluk etdiň?!
Kakasy oglanjygyň ýagdaýyna düşünmek bilen uludan demini aldy-da, kitabyny
goýdy. Oglanjyga tarap öwrüldi:
— Diýmek, onda, oglum, ejeň bir zadyny
döwüpsiň-dä! Indem näme bahana tapjagyňy bilmeýärsiň, şeýlemi?!
Oglanjyk ýüzüni aşak sallap, myňňyldady:
— Daragyny alyp saçymy darajak boldum welin, elimden gaçaýdy…— Äý, ýak, senem-ä, oglum — diýip kakasy, oglanjygyň arkajygyna kakdy-da, oňa
göwünlik bermäge başlady:
— Şonuň üçin dagam şeýle uly alada
galarlarmy diýsene? Döwlen bir köne darak
bolsun-da. Ejeň-ä şonuň üçin saňa hiç zadam
diýmeýä…
Emma, oglanjyk ýüzüni ýerden galdyrman sus oturyşyna myňňyldamagyny bes
etmedi:
— Ýok-how, kaka, bir aýdyljak bolunýan
zady soňuna çenli diňlemäni öwrenäýsene!
Darak elimden gaçdy-da, ejemiň tekjede
duran atyrly çüýşesine degdi, olam ýere
gaçdy…
— Şol, ejeňe doglan gününe meniň sowgat beren gymmat atyrymmy?!
Oglanjyk sesini çykarman baş atdy.
— Bäh, bü-ýä ýaman erbet bolup barýar-aý, birhili! — diýip, kakasy ýeňsesi ni
hyrdalady:
— Ejeňden-ä indi ujyz sypmasaň gerek.
Ýeri, oňa näme diýip bahana etseň gykylyk
azrak bolarka?!
— Kaka, ejeme: «Atyr çüýşäni men
döwdüm» diýseň, ol saňa-ha hiç zadam diýip bilmez — diýip oglanjyk, bu jygba-jyg
ýagdaýdan iň gowy çy kal ga ny kaka sy na
salgy berdi…


ÜLEŞIK

Ejesi oglanjyk bilen jigisine bir gysym
şykyrdawuk daşly süýjini berip:
— Özüňiz paýlaşyp iýiberiň!— diýip,
hammama kir ýuwujysyny işletmäge gitdi.
Oglanjyk derrew süýjini öz düşünişine görä «adalatly» böldi. Özün-ä alty-ýedi
sanysyny, saçjagazy buýra-buýra, lopbuja
jigisine-de iki-üç sanysyny.
Jigisem, näme, agasynyň inisi-dä, ilk-ä
oglanjygyň öňündäki ep-esli üýşme ge,
soňam öz öňündäkije iki-üç süýjä siňňitli
seretdi-de, tokgaja, keltejik barmagyny oglanjygyň paýyna garşy çommaldyp, hökümli:
— Nene-de!— diýip talap etdi.
— Sen-how, entek kiçijek, şonuň üçinem
kän süýji iýip bilmeýäň! Üstesine-de, saňa
köp süýji iýmegem bolmaýa diýýä ejemem,
şol sanda kakamam. Sebäp diýseň, sen süýjini köp iýseň, dişiň çüýreýämişin — diýip
oglanjyk, bir demde öz paýyndan ýene-de
süýji bermezligiň diňe bir adalatly däl-de,
eýsem, jigisi üçin iňňän peýdalam boljakdygyna birnäçe sany degerli delilleri getirdi.
— Nene-de!— diýen ýekeje talapkär söz
bilen jigisi, oglanjygyň ähli degerli delillerini
çym-pytrak etdi.
Ynandyrmak usulyny ulanyp, garşydaşyny razy edip bilmändigine oglanjygyň girre
gahary geldi. Ol gaşyny bürüşdirdi:
— Näme etseňem beremog-aý şon-a!
— diýip hemleli hüňürdedi.
— Ej-ä-ä!— diýip, lopbuja, oglan jyk
bilen bihuda harçaňlaşyp durman, öz diýenini gögertmegiň iň netijeli we çalt usulyny
saýlap aldy.
Oglanjyk nadaralyga ýüz urdy:
— Bolýa-how, bolýa! Me, al-how, al! Barysynam al! Doýmaz-dolmaz hajymelik diýsäni! Mydam şeýdip, öz hakyňa kaýyl bolman,
meniň paýymam iýip ýörsüň, haçan görseň!
Ýöne, her näçe tasansa-da, aňynyň dupdurulygyny ýitirmedik oglanjyk, barybir,
jigisiniň öňüne öz üýşmeginden bary-ýogy
iki sanyjak süýjini oklady.
Has çirkin gygyrmaga taýynlanyp, gözüni pugta ýumup, öýkenjigine howa dolduran
jigisi, bir gözjagazyny açyp, öňünde goýlan
süýjülere seretdi. Gözjagazlaryny elek-çelek
edip, ýene-de iki süýji üýşmegini deňeşdirdi.
Hasap bilmese-de, üýşmejikleriň deň däldigini mese-mälim aňşyrdy.
— Nene-de!— diýip göwnübir dillendi.
Oglanjygyň gözüniň agy köpeldi:
— Sen-ä halys ýykaý dyň-aý! Nä, in di
mundan beter saňa hemmesini bereýinmi,
hä, hemmesinimi?!— diýip, ol jigisiniň üstüne hüžžerildi.
— E-e-e— diýip, jigisi, süýkdürip, yzyny
aýtman ýuwaşjadan bat alyp ugrady.— J-j-j…
— Me-how, me, bary sy ny al, barysyny!— diýip, oglanjyk ýene-de iki sany süýjini
jigisiniň öňüne süýşürdi.
Ýene-de üýşmejikler gabak astyndan
synlanylyp deňeşdirilip görüldi. Göz çeni
bilen deň däl.— Nene-de!
— Eý! Sen-eý! Indi meni ýadadýaň-eý!—
diýip haşşyldanda, oglanjyk lopbujanyň
üstüne topularly göründi.
— E-j-j-e…
«Oýunçy utulanyny bilse ýagşy» diýleni.
— Me-how!— diýip, oglanjyk ýene-de
birje süýjini özüniňkiden alyp, jigisiniň üýşmegine goşdy.— Bes et-how, indi! Deňje
boldy ikimiziňkem!
Üleşigiň, hakykatdanam, adalatly bolmagyny üpjün edip, ýeňiş gazanan jigisi
şondan soň sesini çykarman süýjüsini iýmäge oturdy.


GARAGOLLUGYŇ DERMANY

Şenbe güni kakasy, günortandan soň
işden gelende oglanjyk, deşik bedresi bilen
başagaý bolup, melleklerindäki baglara suw
daşap ýördi. Bedresinden akýan suwdan
ýaňa onuň daşaýan suwunyň ýarysyndan
köpüsi ýolda dökülýärdi. Kakasy oglanjygyň
kösenip ýörenine dözmedi:
— Oglum, ejeňden başga abat bedrejik
alyp daşaýmaly ekeniň-dä! — diýip, ol oglanjyga maslahat berdi.
— Ýok, kaka, beýtsem men bagla ry
bahym suwaryp bolaryn. Onsoň nämä güýmeneýin?! Şeýdip kän gatnap ýörsem bolsa,
hem-ä gyzykly bolýar, hem-de men gowy
ýadaýan. Ejemiň aýdyşy ýaly, oňatja ýadasam bolsa, men garagollugy az edýärmişim.
— Hä, onda bolýar, oglum! «Özüni bilen
weli» diýipdirler, öz ýagdaýyňa dogry düşünýäniňem bir gowy zat!— diýip, kakasy
gülümsiredi-de, içerik girip gitdi.


SELJERIP GEPLEMEK

Agşamara, nahardan soň, oglanjygyň
orta mekdebi şu ýyl tamamlaýan uly agasy
matematika dersinden bäsleşige taýýarlanyp otyrdy. Elindäki okuw kitabyna öte gyzygan jahyl, birdenkä nädip gepläp başlanyny
özem duýman, özleşdirýän maglumatlaryny
daşyndan aýdyp başlady:
— Differensial deňlemäniň algoritmini
matematiki seljermäniň kömegi bilen tapanymyzda...
Agasynyň agzyndan çykýan sözleri ünsli
diňlän oglanjyk, gapdalynda gyşaryp ýatyşyna çaý süzýän kakasyndan haýyş etdi:
— Kaka, uly ogluňa aýtsana-how! Öýde
käýinmän otursyn! Onsoňam ýanynda çagalar otyr-a! — diýip, oglanjyk barmajygyny
çommaldyp özüni görkezdi.


TAÝAK HAKY

Oglanjyk öte garagollugyny edip, ejesinem diňlemän, lopbuja jigisini agladanda,
kitap okamaga päsgel berlen kakasy, ony
ýanyna çagyrdy-da, söbügine birki gezek,
agyrtmaz ýalyrak, ýöne şol bir wagtda gatyrajyk kakdy. Soňam:
— Boldumy indi? Häliden ejeňi diňlemän, ahyry alasyň gelýän almytyňy aldyňmy? Indi akyllyja bolarsyň gerek?— diýip
soranda, oglanjyk dillijeligini edip, gepiň
ahyrky nokadyny özi goýmak üçin:
— Taňryýalkasyn, sag bol, kaka! — diýip,
kakasyna «taýak haky» hökmünde hoşallyk
bildirdi.
Emma kakasam gep alyp galmady:
— Noş bolsun! Ýene-de gerek bol sa
ýa-da ýaňky az bolsa, gelip dur! Kakaň elýeterinde onuň ýaly şekerlije şapbatlar
harman-harman bolup ýatandyr!— diýip,
teýeneli ýylgyrdy.
Kakasynyň gaharynyň gowşaşandygyny
onuň gep urşundan aňan oglanjyk:
— Özüňe nesip etsin, kaka! Bize ejemiň
şeker garyp bişirýän bally kökesem bolýar —
diýdi-de, aşhana garşy ökjäni göterdi.


SÜÝJI PAÝY

Ejesi bazardan geldi-de, sebedinden
daşy şykyrdawuk kagyzly, ullakan şokolad
çykaryp, oglanjyk bilen lopbuja jigisiniň her
haýsyna bi ri ni tutdurdy. Soňam oglanjyk
bilen bilelikde melleklerinden hyýardyr-pomidor ýolmaga gitdiler. Gelseler, lopbuja şokoladyň birin-ä lak-luk atypdyr, beýlekisinem
açmaga çemelenip otyr.
Oglanjyk hasyr-husur topuldy-da, onuň
elin dä ki süýji paýyna ýapyşdy. Emma ol:
«Şu-ýa şonuň paýy» diýip, süýjini elinden
sypdyraýmady. Gaýta, gygyrmaga başlady— Meňki-i-i! Seňkini eýýäm iýdim.
Ejesi oglanjyga jigisiniň lak-luk atan paýyna derek, ýene-de bir süýji bermeli boldy.


ÖÝE NÄHILI DÜŞEK ÝAZMALY?

Oglanjyk bilen jigisi guşluk naharyny
iýenlerinde öýlerine gatyk dökdüler. Muňa
gatyrganan ejesi, hüňürdäp başlady:
— Siziň bu bolşuňyz bilen-ä, öýümiz
hapalanmaz ýaly, başga reňki gararak keçe
ýa-da haly alyp ýazmalymy, nämemi? Hä?!
Azajyk oýurganyp duran oglanjyk, ejesine ýagdaýdan has oňat çykalga salgy berdi:
— Eje, öýümize asfalt ýazaýaly-la. Şeýtseň-ä biz ony hiç haçanam ýeterlik derejede
göwnejaý hapalap bilmeris. Onsoňam ony
saňa-da süpürmegem, ýuwmagam aňsat
bolar. Hä?!


LAKGY DIL

Oglanjyk ýerliksiz gepläp ejesiniň gaty
gaharyny getirdi welin, ol tikin-çatyna güýmenip oturan ýerinden gaýçysyny görkezip:
— Seniň ojagaz ýaňra diliň bolgusyz köp
lakgyldap ýörse, gaýçy bilen «şarpyldadar»
goýbererin. Düşdüňmi?!— diýip, çynaberimsiz haýbat atdy.
Ejesiniň beýle hereket etjegine gatybir
ynanybam barmasa-da, oglanjyk, her niçigem bolsa, ätiýaçlygy elden bermän, azdakände ýuwaşady.
Agşam kakasy işden gelende eli sebetli
geldi. Ejesi kakasynyň getiren zatlaryny aşhana eltip, çykaryşdyryp durka, kakasynyň
beýleki zatlar bilen bilelikde göläniň dilinem
getirendigini gördi:
— Bu gölejigem, ejesiniň ýanynda gereginden artyk biderek kän lakgyldap ýörüpdir
öýdýän!— diýip, oglanjyk kakasynyň arkasyna gizlenip, ejesine garşy howatyrly jyklap
durşuna haýpygelijilikli pyşyrdady.


PITIK

Kakasy, zähmet rugsadyna çykan ilkinji
güni saçyny syrdyrdy.
Soňam oglanjyk bilen onuň jigisiniň
kellejiklerini, çelpek ýaýybermeli derejede
ýalpyldadyp taşlady.
Şol gün öýlän bolsa, henizem öýkelemegini bes etmän, tüňňerilip ýören oglanjygyň kinesini ýazmak üçin, kakasy
ony küşt oýnamaga çagyrdy.
Kim utulsa, ýylçyr kellä üç mertebe
pitik urmakdanam şertleşdiler.
Birinji döwde kakasy utdy.
Oglanjyk gözjagazlaryny pugta ýumdy-da, kellejigini boýnunyň içine gidiräýjek bolup düýrügip, takdyra ten bermek
bilen ýylçyryny kakasyna tutup berdi.
Gözlerini güldüren kakasy, oglanjygyň
kelle jigine pitik urmady.
— Bolýa, oglum! Bu gezeklikçe pitikledik hasabyna bolaýsyn! — diýip, mäşirik ýalyjak kellejigini sypalamak bilen
çäk len di.
Ýene-de küşdi düzdüler.
Sähel salym geçip-geçmänkä-de, misli:
«Göreşde ataňam bolsa sylama» diýlenini
hak etjek bolýan dek, oglanjyk utdy.
Pitik üçin kelle tutmak gezegi kakasyna geçdi.
Olam oglunyň hereketlerini gaýtalap,
gözlerini mäkäm ýumup, başyny egdi. Oglanjygyň pitik uraryna garaşmaga başlady.
Emma...
Pitik urulmady.
Oňa derek oglanjyk sagyndan geldi-de,
onuň boýnundan gujaklady. Çepindenem
jigisi asyldy.
Kakasy gözüni açdy-da, boýnundan
gujaklap duranlaryň ikijiginiňem ýaňajyklaryndan, alkymlaryndan taýly ge zek
ysgaşdyrdy.
— Weh, oglum, bi nä «şertim-şahyma» edäýdiň-ä? Utsaňam, pitik hakyňy almadyň-la, hä?!
— Jukk! Pitiklemen — diýip, oglanjyk
kakasynyň boýnundan gujaklap durşuna,
ölje dodajyklaryny onuň gulagyna eltip
pyşyrdady.
— Pitiklejege-de pitikletmen…
— Meýem!— diýip, jigisi-de agasynyň
aýdanyna goşulyp, peltekläp, pyşyrdap
galdy.
Näme üçindir, kakasynyň bokurdagy
doldy.
1 лайков 145 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gauzen
15 июл 2022, 22:44
Serdar Ataýew meň obadaşym burun
Apples
15 июл 2022, 23:17
Gauzenem men obadasym perdun2